Geçmiş, häzirki zaman, geljek
Tymsal
Üç dana kişi agajyň kölegesinde oturyp, süýji söhbete gümra bolupdyr.
Olar ynsana geçmişiň, häzirki wagtyň hem-de geljegiň haýsy biriniň has zerurdygy barada jedel edipdirler.
Olaryň biri:
─ Geçmişim meniň kimdigimi aýan edýär. Men geçmişde öwrenen zadymy edip bilýärin. Maňa öň kim bilen gowy bolan bolsa şolar ýa şolara meňzeşler ýaraýar ─ diýipdir.
─ Munuň bilen ylalaşmak mümkin däl─ diýip, beýleki biri söze başlapdyr:
─ Adamy onuň geljegi adam edýär. Meniň bilýänim ýa başarýanym zerur däl. Men geljekde özümden talap ediljek zady öwrenerin. Häzir edýän hereketim meniň öň nähili bolanlygyma däl-de, indi nähili boljakdygyma bagly. Maňa öňden tanaýanlaryma meňzemeýän adamlar ýaraýar.
─ Siz bütinleý bir zady ünsden düşürdiňiz ─ diýip üçünji kişi gürrüňe goşulýar:
─ Geçmiş we geljek biziň diňe pikirlerimizde ýaşaýar. Geçmiş eýýäm ýok. Geljek heniz gelenok. Siziň geçmişiňizi ýatlap, geljegiňiz hakda arzuw etmegiňize garamazdan, siz diňe häzirki wagta görä hereket edýärsiňiz.
Terjime eden Maýa Apbaýewa

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.