Bedenede siziň artykmaçlygynyň alamatlary mälim edildi.

Teşnelik, ýadawlyk, işe ukyplylygyň peselmegi we semremek organizmde duzuň artykmaçlygyny görkezip biler. Bu barada dietolog Ýelena Solomatina gürrüň berdi diýip, MIR24 belleýär.


Hünärmeniň aýtmagyna görä, organizmde duz artykmaçlyk eden ýagdaýynda gan goýalyp, kelle beýnisini we ýüregi ýaramaz iýmitlendirýär, netijede ýadawlyk we gowşaklyk ýüze çykýar. Şonuň netijesinde, adam işe ukyplylygyny, ünsüni jemlemek ukybyny ýitirýär, onuň arterial basyşy ýokarlanýar we gaharlanma ýüze çykýar.
Duzly iýmitleri yzygiderli iýeniňde organizm köp suw talap edýär, bu hem çişlere we agramyň artmagyna getirýär. Gözüň aşagyndaky haltajyklar, barmagyňa ýüzük dakyp bilmezlik, aýakgabyň gysýandygyny duýmak – bularyň ählisi organizmde duzly iýmitden soň içilen suwuklygyň saklanmagynyň netijesidir diýip, hünärmen belledi.
2 лайков 130 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
30 июн 2022, 00:28
Şeýle peýdaly maglumatlary ýetirip duruň. Üstünlik!
.Resul.
30 июн 2022, 07:43
Bedende duzuñ artykmaçlygynyñ alamatlary mälim edildi.

Şeýleräk bolmalymyka diýýän temañ ady.
Siziñ bolanda eýýäm özümizi bedenmizde artykmaç duýup başladyk