Gijesine tok öndürýän Gün paneli
Gün panelleri ýagtylyk näçe köp bolsa, şonça köp energiýa öndürýär. Şol sebäpli bu esgalar, esasan, güneşli ýerlerde gurulýar. Stanford uniwersitetiniň inženerleri bolsa, gijesine-de elektrik energiýasyny öndürmäge mümkinçilik berýän Gün panellerini işläp taýýarladylar. Ýokary okuw mekdebiniň hünärmeni Sid Assaworraritiň ýolbaşçylyk edýän topary Gün panelinden gijesine energiýa öndürmek üçin edilen synaglaryň oňyn netije berendigini belleýärler. Inženerler howadaky tolkun görnüşli akymy emele getirýän ýylylykdan peýdalanyp, elektrik energiýasyny öndürip bolýan enjamy oýlap tapdylar. Gün panelleri garaňkyda infragyzyl şöhle ýaýradýar. Bu şöhläni adamyň gözi saýgarmaýar. Bu şöhle bulutsyz gijelerde howany adatdakydan birneme ýyladýar. Bu ýyly howa akymy elektrik energiýasyny öndürmäge mümkinçilik berýär. Termoelektrik generator atly bu enjam ýyly howa bilen paneliň arasyndaky ýylylygy “tutup”, aňsatlyk bilen energiýa öwürýär. Häzirlikçe gijesine öndürilýän elektrik energiýasy o diýen köp däl. Emma inženerler panelleriniň gyralaryndan çykýan ýylylygyň öňüni almak üçin alýumin ýerleşdirmek arkaly has netijeli önümçiligi ýola goýup biljekdiklerini aýdýarlar.
Zaman gazeti,
14.04.2022ý.
Zaman gazeti,
14.04.2022ý.
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.