Türkmeniň öňki elepbiýisi we Şahyr Şeýdaýy Goşgusy
Köne döwürde türkmenleriñ öz elipbiýi bolupdyr. Ol elipbiý tä XVIII asyra çenli kem-käsleýin bolsa-da, ulanylypdyr. Soñra arap elipbiýiniñ we musulman dininiñ zor salmagy bilen biziñ dogduk elipbiýimiz ýitip gidipdir. Ol elipbiýde ýazlan kitaplar-da ýok edilipdir. Türkmen edebiýatynda aýratyn orun tutýan klassyk şahyrymyz Şeýdaýynyñ (1730-1800) ”Gözel ýigrim bäş”atly gussaly şygry türkmenleriñ öz dogduk elipbiýi barada täsin maglumat berýär.
Bu şygyrdan çen tutsañ, onda gürrüñi edilýän türkmen elipbiýinde 25 sany harp bolup, onuñ 7-si çekimli, 18-de çekimsiz sesleri añladýan eken. Şahyryñ ”Bu wagt kem-käs tutarlar” diýmesi bolsa, ol elipbiýiñ entek şahyryñ ýaşan döwründe, bary-ýogy mundan 250 ýyl öñ hem ulanyşdan doly galmandygyny añladýar.
GÖZEL ÝIGRIM BÄŞ
Şeýle gulaga ýakymly,
Sözledim, gözel ýigrim bäş.
Niçe owazy çekimli,
Yzladym, gözel ýigrim bäş.
Bu gün ornuñ boldy belli,
Bul amanat, telli-pelli,
Ösdürip şol güne çenli,
Gizledim, gözel ýigrim bäş.
Arzuw edip, ýete bilmen,
Görünip dur, tuta bilmen,
Maly-dünýä sata bilmen,
Uzladym, gözel ýigrim bäş.
Ýedisinden owaz çykyp,
On sekizin tartar çekip,
Üç müñ ýaşda ömrüñ ýakyp,
Bozladym, gözel ýigrim bäş.
Matam, mersiýe, Şakandy
Ýazyp geçmiş niçe bendi,
Okyp ýat ederler şindi,
Gözledim, gözel ýigrim bäş.
Şeýdaýy diýr, bar beterler,
Seniñ üçin ýas tutarlar,
Bu wagt kem-käs tutarlar,
Ýiter sen, gözel ýigrim bäş.
Bu şygyrdan çen tutsañ, onda gürrüñi edilýän türkmen elipbiýinde 25 sany harp bolup, onuñ 7-si çekimli, 18-de çekimsiz sesleri añladýan eken. Şahyryñ ”Bu wagt kem-käs tutarlar” diýmesi bolsa, ol elipbiýiñ entek şahyryñ ýaşan döwründe, bary-ýogy mundan 250 ýyl öñ hem ulanyşdan doly galmandygyny añladýar.
GÖZEL ÝIGRIM BÄŞ
Şeýle gulaga ýakymly,
Sözledim, gözel ýigrim bäş.
Niçe owazy çekimli,
Yzladym, gözel ýigrim bäş.
Bu gün ornuñ boldy belli,
Bul amanat, telli-pelli,
Ösdürip şol güne çenli,
Gizledim, gözel ýigrim bäş.
Arzuw edip, ýete bilmen,
Görünip dur, tuta bilmen,
Maly-dünýä sata bilmen,
Uzladym, gözel ýigrim bäş.
Ýedisinden owaz çykyp,
On sekizin tartar çekip,
Üç müñ ýaşda ömrüñ ýakyp,
Bozladym, gözel ýigrim bäş.
Matam, mersiýe, Şakandy
Ýazyp geçmiş niçe bendi,
Okyp ýat ederler şindi,
Gözledim, gözel ýigrim bäş.
Şeýdaýy diýr, bar beterler,
Seniñ üçin ýas tutarlar,
Bu wagt kem-käs tutarlar,
Ýiter sen, gözel ýigrim bäş.
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.