Gyrgyzystanyň din alymy et önümleriniň gymmatlamagynyň sebäbini düşündirdi

Gyrgyzystanyň din alymy Sadybakas Doolow azyk önümleriniň we esasan hem et önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagynyň sebäbini aýtdy.
"Bazarlarda etiň bahasynyň asmana uçmasy, bu zenanlaryň etiniň arzanlamasy sebäplidir" diýip, metjide ýygnanan adamlaryň öňünde wagyz etdi.
Oň sözlerine görä, bazarda satylýan et önümleriniň bahasy bilen zenanlaryň daşky görnüşi gönüden-göni biri-birine bagly.
"Haçan et gymmatlaýar, siz bilýäňizmi? Haçanda ýaşaýan ýeriňizde zenanyň bedeni arzanlanda. Haçanda zenanlar bedenini görkezip ugranda, butlaryny başam barmak ýaly ýalaňaçlanda, zenanlaryň eti arzanlaýar" diýip, Sadybakas Doolow aýtdy.
Ol zenanlar gysga köýnek geýmesini dowam etdigiçe, goýun etiniň ilatyň aglaba bölegine elýeterli bolmajakdygyny duýdurdy. Sadybakas Doolow erkeklere bu eden-etdiligiň soňuna çykmaga çagyrdy. Ymam köýnegiň uzynlygy-gysgalygy bilen etiň bahasynyň ýa-da ykdasydy çökgünligiň aralarynda nähili baglanşygynyň barlygyny düşündirmedi.
4 лайков 439 просмотров
61комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
08 июл 2022, 11:01
Haha :D
#B.S
08 июл 2022, 11:05
Dogry aydya
menembiri
08 июл 2022, 11:10
Bosh eken sho ymam!
menembiri
08 июл 2022, 11:10
Samozvanesmi namemi!
Serdar
08 июл 2022, 11:15
Çeşme?
#B.S
08 июл 2022, 11:17
Seri
Çeşme?

menhyyariyyan.com ;)))
Hiayress
Автор 08 июл 2022, 11:21
Seri,
Şu adamyň adyny ýazda google-dan gözledim göräý. Iki gün mundan öň bolan waka.
Hiayress
Автор 08 июл 2022, 11:22
Şular ýaly wakalara gabat gelsem "Никогда не сдавайся. Позорься до конца!" diýen aýtgy ýadyma düşýär.
Hiayress
Автор 08 июл 2022, 11:29
Şu adamy 4-5 asyr mundan öň daş-töwregi dürli haýwanlardan doly afrikan ýarym-ýalaňaç indeý taýpalarynyň arasyna eltäýseň. Etem doly we hemme-de ýarym-ýalaňaç (ýarymdan köp bölegi ýalaňaç), şonda näme diýerdikä?!
#B.S
08 июл 2022, 11:35

Afrikanyn taypalary indey bolsa onda amerikanyn taypalaram afrikan ;)
Hiayress
Автор 08 июл 2022, 11:38
Khanture,
Aferin koçum... Beýniň d(u)rondana açylypdyr.
IDEALLIDER
08 июл 2022, 11:40
Aslynda goýunlary nämeler semredýär, birinji ýerde bugdaý hasaplaýan. Diýmek bugdaý arzanlasa, mallar hem köp bolar, netijede etler hem arzanlar. Ýene ýopançylyk etmek isleýän adamlar azalýar. Çopanlara aýratyn gözegçilikler bildirilse onda çopanlar hem köpelerdi. Ýöne barzatda zenany günäkärlemek, meň pikirimçe gelşiksizlik hem ýalňyşlyk. Günäsiz adam ýok, az günäli adam bar!
Gauzen
08 июл 2022, 11:50
IDEALLIDER,
Ýene ýopançylyk etmek isleýän adamlar azalýar.

*çopançylyk
Aýnur
08 июл 2022, 12:34
Ola Gazagystanyň et we azyk önümleriniň gymmatçyllygyna sebäp bolanmyş diýeliň.. biziň ýerlerdäki et gymmatçylygyna näme bahana tapylarka? Bärdä ýalaňaçlanyp gezýän aýal-gyzama ýok ýogsa...
Ahmet
08 июл 2022, 12:43
Mona Songz
Ola Gazagystanyň et we azyk önümleriniň gymmatçyllygyna sebäp bolanmyş diýeliň.. biziň ýerlerdäki et gymmatçylygyna näme bahana tapylarka? Bärdä ýalaňaçlanyp gezýän aýal-gyzama ýok ýogsa...

*Gyrgyzystan
Ahmet
08 июл 2022, 12:44
Bäh, şunça üns bermejek bolýan welin, gel bärik diýip çagyrýaňyz-ow (((
Ahmet
08 июл 2022, 12:53
Ol zenanlar gysga köýnek geýmesini dowam etdigiçe, goýun etiniň ilatyň aglaba bölegine elýeterli bolmajakdygyny duýdurdy. — Zenanlar içki eşikde gezse et 90% ýitäýermikä??
Ahmet
08 июл 2022, 12:54
Ahmedik_97
Ol zenanlar gysga köýnek geýmesini dowam etdigiçe, goýun etiniň ilatyň aglaba bölegine elýeterli bolmajakdygyny duýdurdy. — Zenanlar içki eşikde gezse et 90% ýitäýermikä??

Ine, şular ýalylary padwala salyp Dark_Wolfyň aýdyşy ýaly etmeli. Soňam ýoguna ýanmaly...
Kerbaba
08 июл 2022, 13:54
Овганыстанда онда эт мугтын бари янындадыр. povar
Izma
08 июл 2022, 13:56
Özlerini oňarmasalar zenanlardan göräýýäler sadagaň bolaýyn
Ahmet
08 июл 2022, 14:45
kwadrat kelle
Овганыстанда онда эт мугтын бари янындадыр. povar

Diňe gözleri görünýär, galan ýeri gara ýapynjaly diýýäňmi hehehe
Kupiriumm
08 июл 2022, 15:06
Diymane zada kop weli dine guljek hihi hihi hihi
Mergen
08 июл 2022, 15:26
Gülkünç düşünjeli mollalar baraý...
Mergen
08 июл 2022, 15:27
Bizde et arzanlady, näme zenanlaryň geýimi has ýapyldymyka?))
Гость
08 июл 2022, 18:16
Utanç-haýa, namys-ar ýitdigiçe bereket göterilip barýar- diýjek bolupdyr ymam
Hiayress
Автор 08 июл 2022, 18:24
Гость,
"Utanç-haýa, namys-ar ýitdigiçe bereket göterilip barýar- diýjek bolupdyr ymam"

Birhili utanç-haýasyz aýdypdyrmy özi?! Birem bu zatlara diňe gyzlar günäkärmikä?! Onsoňam Owganystan ýaly ýurtlarda utanç-haýa (ymamyň düşünşi boýunça) berk göz astyna alynýar welin hem känbir bereket inibermeýär, muny näme diýip düşündirse bolarka?!
Гость
08 июл 2022, 18:28

Asyl bereket barmy ol ýerde şepe, gyzlary sarap,çyrmak berekedi saklar ýaly?!
Гость
08 июл 2022, 18:29
Diňe gyzlar däl, şol gyzlaryny buýrup bilmeýän ene-ata,aga- inilerem günäkär
Hiayress
Автор 08 июл 2022, 18:32
Гость,
Bu aýtýanlaryň şepe, "utanç-haýa, namys-ar" diýen teswiriňe ters gelýär. Eger utanç-haýa, namys-ar bilen bereketli bolup bolýan bolsa, ilki owganlar bolmaly, sebäp olar şerigatyň kanunyna berk uýýarlar. Bereketlileň sanawynda iň soňkylaryň biri hem Hytaý bilen Amerika bolmaly, sebäp ol ýerlerde utanç-haýa, namys-ar az saklanýar. Häzir bolsa tersine.
Гость
08 июл 2022, 18:35

Berekediň gelmegine gitmegine şol diýýän utanç-haýaň, namys-aryňam roly gaty uly. Dogry, diňe şolary bek tutyp galan hapa işleri ediberenimiz bilen bereket gelmez