Gyrgyzystanyň din alymy et önümleriniň gymmatlamagynyň sebäbini düşündirdi

Gyrgyzystanyň din alymy Sadybakas Doolow azyk önümleriniň we esasan hem et önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagynyň sebäbini aýtdy.
"Bazarlarda etiň bahasynyň asmana uçmasy, bu zenanlaryň etiniň arzanlamasy sebäplidir" diýip, metjide ýygnanan adamlaryň öňünde wagyz etdi.
Oň sözlerine görä, bazarda satylýan et önümleriniň bahasy bilen zenanlaryň daşky görnüşi gönüden-göni biri-birine bagly.
"Haçan et gymmatlaýar, siz bilýäňizmi? Haçanda ýaşaýan ýeriňizde zenanyň bedeni arzanlanda. Haçanda zenanlar bedenini görkezip ugranda, butlaryny başam barmak ýaly ýalaňaçlanda, zenanlaryň eti arzanlaýar" diýip, Sadybakas Doolow aýtdy.
Ol zenanlar gysga köýnek geýmesini dowam etdigiçe, goýun etiniň ilatyň aglaba bölegine elýeterli bolmajakdygyny duýdurdy. Sadybakas Doolow erkeklere bu eden-etdiligiň soňuna çykmaga çagyrdy. Ymam köýnegiň uzynlygy-gysgalygy bilen etiň bahasynyň ýa-da ykdasydy çökgünligiň aralarynda nähili baglanşygynyň barlygyny düşündirmedi.
4 лайков 439 просмотров
61комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Гость
08 июл 2022, 18:38
Amerika-d, Hytaýda hemme zat arzan diýjek bolduňmy şepe?!
Hiayress
Автор 08 июл 2022, 18:41
Гость,
Hytaý bilen Amerikada, Iwisa bilen Maldiw, Los-Angeles bilen Bangkok utanç-haýanyň soňky sepgidine ýeten ýerler, ýöne ykdysady taýdan salgam.
Hiayress
Автор 08 июл 2022, 18:44
Гость,
Hemme zat arzan diýjek bolmadym-da, ilatynyň maddy ýagdaýy gurat, ýurdyň ykdysadyýeti ösen we ilatyna hemme zat elýeterli diýjek boldum.
Гость
08 июл 2022, 18:45
Hiayress
Гость,
Hytaý bilen Amerikada, Iwisa bilen Maldiw, Los-Angeles bilen Bangkok utanç-haýanyň soňky sepgidine ýeten ýerler, ýöne ykdysady taýdan salgam.

Näçe halky aç-hor, öýsüz şolaň?! Onsoňam ol ykdysady kuwwatyň birnäçe ýüz adamyň jüwüsine düşmegi şol ýeriň bereketlidigni aňladýarmy?!
Гость
08 июл 2022, 18:47
Hiayress
Гость,
Hemme zat arzan diýjek bolmadym-da, ilatynyň maddy ýagdaýy gurat, ýurdyň ykdysadyýeti ösen we ilatyna hemme zat elýeterli diýjek boldum.

Arzan bolmasa elýeterli diýip bolýamy o zatlara şepe?!
Гость
08 июл 2022, 18:48
Hiayress,
Puluň bolsa hemme ýerde-de elýeterli, daže Gyrgyzystan bilen Owganystanda-da :)
Hiayress
Автор 08 июл 2022, 18:53
Гость,
Amerikany alsak, ilatynyň 100/80 göteriminiň maddy ýagdaýy gowy. Islän zadyny alyp bilýärler, islän zadyny iýip, islän ýerine-de gidip. Häzir Owganystanyň welin 100/20 göterimde şeýle mümkinçilik bar bolsa bardyr, ýa-da o-da ýokdur.
Hiayress
Автор 08 июл 2022, 18:58
Mysal üçin: Amerikada mugallymlaryň aýlygy (sahypaň özüne girmedi, beýleki ştatlarynyňkyny hem aljakdym ýogsa)
State: Average Starting Salary: Average Salary
State Alabama: Average Starting Salary $38,477: Average Salary $48,868
State Alaska: Average Starting Salary $46,785: Average Salary $68,138
State Arizona: Average Starting Salary $34,068: Average Salary $47,403
Гость
08 июл 2022, 19:23
Hiayress,
Aýlyk haky ýokary diýildigi bereketlilikmi indi şu şepe?! Işsizler aç ahyry wsýo rawno ol ýerde-de
Hiayress
Автор 08 июл 2022, 19:39
Гость,
Ortaça aýlyk hak 10~12 müň dollar, işsizlik 2-3 göterime deň bolan ýurt bilen Owganystan ýaly ortaça aýlyk haky 50-60 dollara (bizden ýokarydyr öýdemok) we işsizligiň göterimi 50-den aşa ýurtlary deňeşdirseň bereket elbetde nähili haýasyz ýa-da utançsyz bolsa-da Amerikadadygyny aňladmaýarmy?!
Гость
08 июл 2022, 19:48

Şepe ýaňam aýdypdyma bereketliligi diňe utanç-haýany berk tutanyň bilen getirip bolmaz diýip. Beçebazlygyň obyçno zat ýaly görülýän ýurduna " näme üçin bularda bereket ýokmyş onda" diýip otyrsyň. Gyz-gelinlerini dokuz gat saranda näme barybir haramçylyk köpä ol ýurtda. Men utanç-haýa, namys-ar bularam bereketliligiň bir sütüni diýjek bolýan düşünseň
Hiayress
Автор 08 июл 2022, 20:21
Гость,
Bolýa, başga mysal alaly: utanç-haýanyň, namys-aryň, diniň, şerigatyň mekany bolan arap döwletleri, has dogrusy Saud-Arabystany. Saud-Arabystanyň utanç-haýa, namys-ar ýa-da beýleki dini ideologiýalarda Amerikadan ýa-da Günbatar döwletlerinden, mysal üçin Angliýada öňdedigi bilenä jedel edesiň ýokla?! Saud-Arabystan bilen Angliýa döwletlerini deňeşdirsek, has dogrusy utanç-haýa, namys-ar, dini beýleki rituallarda, ideologiýalar iň öňde durýan Saud Arabystan bilen ýokarky sanalanlaryň içinde hemme zatda iň yzky orunlary eýeleýän Angliýany deňeşdirsek haýsynda bereket diýip bilersiň?! Seň pikirçe hemme zatda öňde bolan Saud-Arabystanda bolmasy şert dälmi?!
Hiayress
Автор 08 июл 2022, 20:22
Гость,
Özem beçebazlygam beýlekilerem Owganystan beter Amerikada ösen, ýöne näme üçindir bereket Owganystanda ýokda, Amerikada bar şepe?!
Гость
08 июл 2022, 20:29

Sen şepe bereket diýip döwletiň girdejilerne düşünýäň öýdýän. Saud-Arabystanynyň halkynyň ýaşaýşy bilen Angliýaňkyny deňe indi.
Hiayress
Автор 08 июл 2022, 20:38
Гость,
Ikisiniňkem gyra deň. Ýa-da Saud Arabystanyňky ýokary. Bu ýöne şu wagt. Ýagny geçen asyryň 60-njy ýyllaryndan soň Saud-Arabystanyň teritoriýasynda nebit we gaz tapylany bäri. Indi geçen asyryň 60-nji ýyllaryndan öňki Saud-Arabystanyň ýaşaýjylarynyň beduinleriň ýaşaýyş halynyň nähili bolandygyny bilýäňmi?! Ýa-da ýene 50-i ýyldan nebitiň-gazyň möwriti ötse, Saud-Arabystan çöllüklerindäki ýaşaýan araplaryň haly nähili bolar öýdýäň?!
Hiayress
Автор 08 июл 2022, 20:40
Гость,
Bereket halkyň, il-günüň ýaşaýyş şertleriniň gowy, ýokary bolmagyndan başga näme onda?!
Гость
08 июл 2022, 20:41
Hiayress
Гость,
Özem beçebazlygam beýlekilerem Owganystan beter Amerikada ösen, ýöne näme üçindir bereket Owganystanda ýokda, Amerikada bar şepe?!

Amerikaň näme dahyly bar şepe?! Ykdysady tarapdan güýçli diýýäň-dogry. Halkynyň köp bölegi işli diýýäň- dogry. Zähmet haklary ýokary diýýäň- ??? Hemme ugurdan işleýänleňkem ýokarymy?! Indi seret, bir taksistiň gürrüňi. Maşgalasy bilen Amerikada ýaşaýan eken. Aýda-da 4000-4500 dollar gazanýan eken. Bu gazanan pulam ol aýdan ol aýa zordan ýetýän eken. Sebäbi produkta gaty gymmatmyş ol ýerde. Amerikada garyn doýurmak üçin bir adama näçeräk pul gerek? Bir gamburgeriň bahasy on dollar dagy bardyr, köpräk bolaýmasa. Bir gamburger bir adamy bir gezeklik doýurýa diýeli. Bir maşgalada dört adam bolsaň 40 dollar töleýäň bir gezek doýmak üçin. Günde-de üç gezek iýmeli. Bu diýildigi 120 dollar bolýa we diňe ýekeje gamburger iýende bir maşgaladan çykýan çykdaýjy. Galan rashotlaram oýlanyp göräý özüň. Indi şu ýurt bereketlimi?!
Гость
08 июл 2022, 20:53
Hiayress
Гость,
Ikisiniňkem gyra deň. Ýa-da Saud Arabystanyňky ýokary. Bu ýöne şu wagt. Ýagny geçen asyryň 60-njy ýyllaryndan soň Saud-Arabystanyň teritoriýasynda nebit we gaz tapylany bäri. Indi geçen asyryň 60-nji ýyllaryndan öňki Saud-Arabystanyň ýaşaýjylarynyň beduinleriň ýaşaýyş halynyň nähili bolandygyny bilýäňmi?! Ýa-da ýene 50-i ýyldan nebitiň-gazyň möwriti ötse, Saud-Arabystan çöllüklerindäki ýaşaýan araplaryň haly nähili bolar öýdýäň?!

Araplar öňem aç-hor bolan däldirlerä edil häzirki ýaly bol-telkilikde ýaşamasalaram.

Nebit gutarsada araplar indi çökmez şepe. Sebäbini bilýänsiňä. Olaň girdejileri diňe nebit dälä häzirki günde
Гость
08 июл 2022, 20:55
Hiayress
Гость,
Bereket halkyň, il-günüň ýaşaýyş şertleriniň gowy, ýokary bolmagyndan başga näme onda?!

Dogry, ana şol zat. Ýöne döwletiň girdejisi köp bolsa halkyň, il-günüň ýaşaýyş şertleri gowy, ýokary bolýa diýildigi dälä
Hiayress
Автор 08 июл 2022, 20:56
Гость,
Loaf of Fresh White Bread (125.00 g), 0.72 $ ; Rice (white), (0.10 kg), 0.40 $ ; Eggs (regular) (2.40), 0.61 $ ; Local Cheese (0.10 kg),

Ýene saýtyň içine girmedi (bu tarapdanam müň esse aňyrsy gowy), ýöne girenje ýerindäki azyk önümleriň bahalaryny goýýan deňeşdirip göräý. Çigim aňyrda okap ýör, dost oglanym aňyrda işläp ýör. Çigim okuwa baranda kolležinde işläp alty aýyň içinde 3500 dollar duty awalon aldy (4ýyl mundan öň), dost oglanym hepdäniň bäş güni sekiz sagat dostawşik bolup işleýär, 4000$ alýar. 950 dollara kotež jaý snimat edýär (maşgalasy bilen bolýar), 1000 dollar iýip-içgimiz, geýjegimiz, gezjegimiz bilen kelleden bolýar diýýär, 1000 öýe, 1000 aýyryp goýýarys diýýär. Egin-eşigem orginal zat alsaňam (mysal üçin nike, adidas) internetden görýänsiň 100-200 dollardan aňry geçmeýär. 20 dollar diýdi öýtýän bezlimintni ýokary tizlikli bir aýlyk internet.
Hiayress
Автор 08 июл 2022, 20:57
Гость,
Menem döwleti dälde, içinde ýaşaýan adamlardan mysal getirip oturyn. Şol ýaşaýyjylaryň ykdysady, syýasy, sosial şertleri göz öňüne tutup oturyn.
Гость
08 июл 2022, 21:05
Hiayress
Гость,
Loaf of Fresh White Bread (125.00 g), 0.72 $ ; Rice (white), (0.10 kg), 0.40 $ ; Eggs (regular) (2.40), 0.61 $ ; Local Cheese (0.10 kg),

Ýene saýtyň içine girmedi (bu tarapdanam müň esse aňyrsy gowy), ýöne girenje ýerindäki azyk önümleriň bahalaryny goýýan deňeşdirip göräý. Çigim aňyrda okap ýör, dost oglanym aňyrda işläp ýör. Çigim okuwa baranda kolležinde işläp alty aýyň içinde 3500 dollar duty awalon aldy (4ýyl mundan öň), dost oglanym hepdäniň bäş güni sekiz sagat dostawşik bolup işleýär, 4000$ alýar. 950 dollara kotež jaý snimat edýär (maşgalasy bilen bolýar), 1000 dollar iýip-içgimiz, geýjegimiz, gezjegimiz bilen kelleden bolýar diýýär, 1000 öýe, 1000 aýyryp goýýarys diýýär. Egin-eşigem orginal zat alsaňam (mysal üçin nike, adidas) internetden görýänsiň 100-200 dollardan aňry geçmeýär. 20 dollar diýdi öýtýän bezlimintni ýokary tizlikli bir aýlyk internet.

Amerikada öýsüz, köçede ýatyp ýörenler gaty köp. Ol ýerde pul tapmak aňsat bolsa we hemme zatlar arzan, elýeterli bolsa näme üçin Amerikada öýsüz köp, ýa olar işlemäge ýaltanýamykalar?!

Seň bu aýdýanlaň ýalan -diýemok men. Ýöne ýokarky ýagdaýa geň galýan. Näme üçin ol ýerde hor ýaşaýan adamlar bar, hemme zat bol-telkilik bolsa?!
Hiayress
Автор 08 июл 2022, 21:26
Гость,
Gaty köp diýmesene şepe, bar diý. Ýok däl. Menem ol, bul wideolary göremde gabat gelýän. Esasan hem Los-Angelesda kazino oýnap, azarda gyzyp, tozup, öýsüz-öwrarsyz galýan adamlar ýa-da käbir negrleriň bolýan, jenaýatyň ýokary bolan Detroit ýaly raýonlarynda. Olaryňam belki özlerinde problema bardyrda, ýogsa biziňkiler bärden baryp, öýsüz-öwrarsyz, tanyşsyz-bilişsiz, birki ýylyň içinde maşyn zat alyp oňat özüni tutup ýörler. Olara hasam aňsat bolmaly aslynda.
Hiayress
Автор 08 июл 2022, 21:30
Гость,
Menem seňkä däl, ýa-da ýalňyş diýemok. Ýöne zatlara obýektiw garap, obýektiw analiz etmesek hiç hem ösmeris. Görnüp dura, etiň bahasynyň gymmatlamagy gyz-gelinleriň geýimlerine ýa-da utanç haýalaryna bagly däl-de, ýurdyň ykdysady şertlerine, gelýän girdejiniň ulanylşyna, ýerlikli paýlanşyna, dogry ýa-da ýalňyş alynýan netijelere baglydygy.
Hiayress
Автор 08 июл 2022, 21:33
Гость,
Ýokarda-da getirdim mysal: afrika taýpalary ýarym-ýalaňaçdanam beter ýalaňaç, ýöne afrikanyň janly-jandara baý sawannalarynda ýa-da sähralarynda bolanlygy üçin, olar hiçem etden ejir çekmeýär. Ýöne ýerlikli aňlaryny ulanmaýanlyklary üçin başga zatlarda mysal üçin: medisina bilen bagly ugurlarda kösenerler.
Гость
08 июл 2022, 21:36
Hiayress
Гость,
Gaty köp diýmesene şepe, bar diý. Ýok däl. Menem ol, bul wideolary göremde gabat gelýän. Esasan hem Los-Angelesda kazino oýnap, azarda gyzyp, tozup, öýsüz-öwrarsyz galýan adamlar ýa-da käbir negrleriň bolýan, jenaýatyň ýokary bolan Detroit ýaly raýonlarynda. Olaryňam belki özlerinde problema bardyrda, ýogsa biziňkiler bärden baryp, öýsüz-öwrarsyz, tanyşsyz-bilişsiz, birki ýylyň içinde maşyn zat alyp oňat özüni tutup ýörler. Olara hasam aňsat bolmaly aslynda.

Onda Amerikadaky garyp gatlagyň garyp ýaşamaklary özlerinden ekenda şeýlemi ?!

Salgyt köp, iýmit önümleri gymmat, öý almak wapşe gymmat. Bir maşgalada iki aýlykçy bolmasaň tapanyň gara bokurdakdan, gaz,tok,suwdan, arenda ýaşaýan bolsaň kwartplataňdan artanok. Ine meň Amerikany tanaýşym şepe )
Hiayress
Автор 08 июл 2022, 21:38
Гость,
Ýokarda öz tanyşlarymdan mysal getiripdim, ýogsa-da iýip-içgide geýim-gejimde mysal getiripdim öýdýän. )
Hiayress
Автор 08 июл 2022, 21:39
Гость,
Bu seň Amerikany tanaýşyň däl-de, Amerikany saňa tanadyşlary şeýle bolaýmasyn şepe?! :)
Гость
08 июл 2022, 21:41
Hiayress
Гость,
Bu seň Amerikany tanaýşyň däl-de, Amerikany saňa tanadyşlary şeýle bolaýmasyn şepe?! :)

Ýolum düşse aýlanjak, şonda anygny bilip gelerin nesip bolsa :)
Гость
08 июл 2022, 21:46
Hiayress
Гость,
Menem seňkä däl, ýa-da ýalňyş diýemok. Ýöne zatlara obýektiw garap, obýektiw analiz etmesek hiç hem ösmeris. Görnüp dura, etiň bahasynyň gymmatlamagy gyz-gelinleriň geýimlerine ýa-da utanç haýalaryna bagly däl-de, ýurdyň ykdysady şertlerine, gelýän girdejiniň ulanylşyna, ýerlikli paýlanşyna, dogry ýa-da ýalňyş alynýan netijelere baglydygy.

Türkmende bir aýtgy bar şepe "Berekedini bersin" diýip. Men Gyrgyzystanda etiň ýarym-ýalaňaç gyzlaryň köpelendigi üçin gymmatlandyr öýdemok. Ýöne ymamyň aýtjak bolan zadyny düşündirjek boldum. Ymam bu ýerde" gyzlary dolaň,berekedimizi uçurmaň" diýjek bolupdyr