Gyrgyzystanyň din alymy et önümleriniň gymmatlamagynyň sebäbini düşündirdi

Gyrgyzystanyň din alymy Sadybakas Doolow azyk önümleriniň we esasan hem et önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagynyň sebäbini aýtdy.
"Bazarlarda etiň bahasynyň asmana uçmasy, bu zenanlaryň etiniň arzanlamasy sebäplidir" diýip, metjide ýygnanan adamlaryň öňünde wagyz etdi.
Oň sözlerine görä, bazarda satylýan et önümleriniň bahasy bilen zenanlaryň daşky görnüşi gönüden-göni biri-birine bagly.
"Haçan et gymmatlaýar, siz bilýäňizmi? Haçanda ýaşaýan ýeriňizde zenanyň bedeni arzanlanda. Haçanda zenanlar bedenini görkezip ugranda, butlaryny başam barmak ýaly ýalaňaçlanda, zenanlaryň eti arzanlaýar" diýip, Sadybakas Doolow aýtdy.
Ol zenanlar gysga köýnek geýmesini dowam etdigiçe, goýun etiniň ilatyň aglaba bölegine elýeterli bolmajakdygyny duýdurdy. Sadybakas Doolow erkeklere bu eden-etdiligiň soňuna çykmaga çagyrdy. Ymam köýnegiň uzynlygy-gysgalygy bilen etiň bahasynyň ýa-da ykdasydy çökgünligiň aralarynda nähili baglanşygynyň barlygyny düşündirmedi.
4 лайков 439 просмотров
61комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
Автор 08 июл 2022, 21:51
Гость,
Menem hälden bäri berekediň ymama düşünjesinede, gelin-gyzlaryň geýminede bagly zat däldigini düşündirjek bolup käkeläp oturyn. Ol akly çaşan şeý diýdi diýip, bizem şony gollamy diýilen zat ýokdura?! Obýektiw analiz edeliň, ymamam bilmeýän, düşünmeýän zadyna goşulmasyn. Gelin-gyzlar soranyp gezende-de, il-gün üçin peýdaly ýekeje hereket hem edilmese bereket dolanmaz.