Gurban baýramy
GURBAN BAÝRAMY
Her bir milletde özüne has baýramlaryň bolşy ýaly musulman dünýäsinde hem belli baýramlar bar. Olaryň içinde iki sany baýram iň uly baýramçylyk hasaplanyp biri “Оraza” baýramy bolsa ikinjisi “Gurban” baýramydyr. Bu baýram Pygamberimiz Muhammet aleýhissalamyň döwründen bäri dowam edip gelýän dessur bolup haj möwsümi bilen baglydyr, ýagny Baýram(ذو الحجة) aýynyň 10-12-si aralygynda geçirilýär. Bu baýramda esasy ýerine ýetirilýän ybadatlar bu baýram namazyny okamak hem-de gurbanlyk çalmakdyr.
Gurbanlykda çalynmaly malyň görnüşleri, çalmagyň şertleri düzgünleri şerigatymyzda doly beýan edilip görkezilendir. Oňa görä çalynýan mal düýe ýa-da sygyr bolsa bir adamdan başlap ýedi adama çenli şärik bolmaklyga rugsat edilen. Eger goýun ýa-da geçi bolsa ol bir adamyň gurbanlygy üçin dürs hasaplanýar. Şeýle hem düýäniň bäş ýaşy dolan bolmagy, sygyryň iki ýaşy dolmagy, goýun we geçiniň bolsa bir ýaşy dolmagy şert edilýär. Şonuň bilen birlikde gurbanlyga niýetlenen malyň sagdyn, hemme agzalary ýerinde bolmagy hem-de gaty hor bolmazlygy gerek. Gurbanlyk hakynda Gurhan kerimde haj süresiniň otuz dördünji aýatynda şeýle diýilýär:
اعوذ بالله من الشيطان الرجيم
بسم الله الرحمن الرحيم
و لكل امة جعلنا منسكا ليذكروا اسم الله علي ما رزقهم من بهيمة الانعام فاءلهكم اله واحد فله اسلموا و بشر المخبتين
“Her bir ummata öz gurbanlyk düzgünlerini berdik Allanyň rysk edip beren jandarlaryny Allanyň ady bilen gurbanlyk etmekleri üçin. Siziň hudaýyňyz bir Alladyr şoňa boýun egiň pes päl boýun egijilere hoş habarlar bolsun”. Aýatda bellenişi ýaly gurbanlyk çalynanda Allanyň ady bilen ýagny “Bismillä, Allahu ekber” diýip çalynýar. Adatda gurbanlygy baýram namazy okalyp bolnandan soň çalynýar.
Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam köplenç öz gurbanlygyny özi çalar eken. Öz wagyz nesihatlarynda gurbanlygyň etini üç bölege bölmeklige ündeýär. Birinji bölegini özüň maşgalaň bilen iýmeli, ikinji bölegini dogan-garyndaşlaryňa paýlamaly hem-de üçünji bölegi zerur adamlara berilse sogap bolýar.
Bu baýramda berjaý edilmeli esasy ybadatlaryň biri hem baýram namazydyr. Bu namaz wajyp namaz hasaplanyp şäher ýa-da etrap merkezi metjitlerinde baş ymam bilen bilelikde okalýar. Şondan soň ymam hutba ýagny wagyz-nesihat edip gurbanlyk we onuň düzgünleri barada düşündiriş berýär. Irden baýram namazyna baranda hiç zat iýmän barmak hem-de namazdan soň gurbanlygyňa howlukmak we şonuň etinden naharlanmak maksadalaýyk bolýar.
Bu baýramçylygyň terbiýeçilik ähmiýeti uly bolup adamlary ynsanperwerlige, birek-biregi sylamaklyga, gowy gatnaşykda bolmaklyga, mätäje kömek etmeklige ündeýär. Ýyl dowamynda iş bilen meşgul bolan adamlara dogan-garyndaşlary ýatlamak, dost-ýarlar bilen baryş-geliş etmek, myhmançylyga barmak uly huzur bagyş edýär. Adamlaryň şeýle gowy gatnaşykda bolmagy parahatçylygyň girewidir.
Biziň ýurdumyzda hem “Gurban baýramy” döwlet derejesinde uly dabara bilen bellenip geçilýär. Göwni açyk türkmen halkymyz asyrlar boýy bu baýrama uly sarpa goýup şadyýan şagalaňly baýram hökmünde belläp gelen. Nesilden nesile geçip gelýän bu baýramçylygy ähly şertlerini berjaý edip agzybirlikde geçyrsek Ýaradan Allatagalanyň emrini we pygamberimiz aleýhissalamyň sünnetlerini berjaý etdigimiz bolar. Pursatdan peýdalanyp türkmen halkymyzy hem-de ähli dünýä musulmanlaryny ýetip gelýän Gurban baýramy bilen gutlaýaryn. Goý elmydama agzybirlik we parahatçylyk höküm sürsün. Beren gurbanlyk sadakalarymyzy Allatagala dergähinde kabul eýlesin.
Çeşme: nexttm.com

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.