Gülküli sözler

GÖWÜNLIK
Iki hatyn gürleşip otyr. Biri:
— Örän gynanýan. Ärimiň maňa diňe baýlygym üçin öýlenenine indi anyk gözüm ýetdi— diýýär.
Ikinjisi göwünlik berýär:
— Gowu-da, diýmek daşyndan görnüşi ýaly samsygam däl eken!.


NÄME ÜÇIN GOŞULÝARSYŇ
Bir adam itiniň ýüpünden tutup köçeden ýöräp barýan mahaly halamaýan goňşusy bilen gabatlaşýar. Goňşusy:
— Bu eşek bilen nirä barýaň?— diýip soraýar.
— e-e bu it ahyryn. It bilen eşegiň tapawudyny bileňokmy?.
Goňşusy säginmän:
— Men it bilen gürleşýän. Sen nämüçin gürrüňimize goşulýaň?— diýýär.


"ÜÝRÝÄN IT DIŞLEMEZ"
Bir adam dostunyň öýüne myhmançylyga barypdyr. Howlyň gapysyny açan mahaly aňyrdan üýrýän iti görüp, gapyň öňünde doňup galdy. Köçeden geçip barýan biri muny görüp:
— Gorkmaň! "Üýrýän it dişlemez" — diýýär.
— Bu aýdýanyňa gowy welin, emma it birden bu atalar sözüni bilmeýän bolsa näme?


"ÝALAN SÖZLEMEK BÄSLEŞIGI"
Gadym döwürde bir patyşa "ýalan sözlemek bäsleşigini" gurnapdyr. Kimde kim ynanylmagy mümkin bolmadyk bir ýalan aýtsa bäsleşikde ýeňiji bolup, patyşa tarapyndan müň tylla teňňe baýrak berilýärdi. Ýurduň iň ussat ýalançylary özleriniň başarnyklaryny görkezmäge başladylar.
Ýalançylaryň biri:
— Patyşahym, men asmana merdiwan gurdum— diýdi.
— Bolup biler, mümkin.
Başga biri:
— Patyşahym, men ummanyň üstüne köpüri gurdum— diýdi.
Patyşa muňada:
— Bolup biler, mümkindir— diýip jogap berdi.
Başga-da birnäçe ussat ýalançylar her hili ýalanlar aýtdylar. Emma patyşa hemmesine "mümkin, bolup biler" diýip jogap berdi. Hiç haýsyna "mümkin däl" diýmedi. Ahyry akyllyň biri patyşany duzaga düşürdi:
— Patyşahym, siziň merhum dädeňiziň, meň merhum dädeme müň tylla bergisi bardy— diýenden patyşa ýerinden böküp turup:
— Bolup bilmez, ýalan— diýip gygyrdy .
Şeýdibem ol adam ýeňiji boldy.


GÜÝELERI ALDAÝARYS
Hatyn müşderi dükanda ýorgançalary synlaýardy. Bir ýorgançaň ýanynda säginip satyja:
— Siz bu ýorgançalary ýüňden taýýarlanan diýýärsiňiz. Emma, üstünde "ýüz göterim pagta" diýip ýazylypdyr. Bu näme boldugy?
Satyjy birjigem säginmän:
— Hanym dogry aýdýarsyňyz. Güýeleri aldamak üçin şeý diýip ýazyp goýduk.


UZYN HAT
Bir adamy guduz it dişläpdir. Ol adamam juda ünssiz bolandygy üçin, bu gün sanjym alaryn, ertir alaryn diýip gezip ýören wagtam iş işden geçip gidipdir. Lukmana baryp özüniňem guduzlajakdygyny bilensoň derrew kagyz-galam sorap, alyp uzyndan uzyn hat ýazmaga başlapdyr. Lukman esli wagt garaşypdyr, ahyry sabyr-kanagaty tükenip:
—Wesýetnamaňyz şular ýaly uzynmy?— diýip sorapdyr.
— Lukman aga, wesýetnama ýazamok. Men dişlejek adamlarymyň sanawyny ýazýan.


Ayaly ertirlik uchin yumurtga chakjak bolup durka,anyrdan ari ylgap gelyar:
- seresap bol,SERESAP BOL diyyan,yagy kopurak guy!
Allajan, sen name uchin kop yumurtga chakypsyn? GATY KOP YUMURTGA.
Beylesine owur! BEYLESINE OWUR diyyan chaltrak bol,yagyny kopurak guymaly ekenin, GUYSANA BOL!!!
Allajan,seresap bol,seresap bolsana!!!
Sen yumurtga chakanda hich dinlanok meni,HICH wagt dinlanok!
Owur beylesine,my sen,sana diyyan!
Duz sepmani yatdan chykarma,DUZ SEP diyyan,her gezek duzlanok, DUZ ULAN, DUUUUZ diyyan men sana!
Ayaly gen galyp:
- name boldy gyyw sana,name men yumurtga chakyp bilmeyane menzeyanmi?
- ezizim men dine sana mashyn suremde gapdalymda otyranda sen ozuni nahili alyp baryanyny gorkezjek boldum.



Ayaly balkonda:
- boldy, men sabyr kasam doldy,ozumi oklajak indi,men shu oyin ishinden,nahar bishirmesinden,kir yuwmasyndan,sen mana edyan biwepalyklandan halys yadadym,ayyr elini itme meni...


Her gezek ayalym bilen sowushemizde men ona yokardan seredyan,oyde erkegin ornynyn beyik bolmalydygyny shkafyn ustunde dushundirmek ansat bolya...


Duyn dostlaryma "Telefonymy tapamok,jan etsene" diyp sms ugratdym. Hemmesi diyen yaly jan etdi...


Bir adam ichgili oyune gelip,ayalyna bildirmejek bolup noutbugy achyp,guymenen bolyar,ayaly gelip:
- yercheken yene ichdinmi? Yap chemedany, bar yat...


Oljek bolup yatan ayaly:
- ezizim men sonky dem:de yatyrn,dogryny ayt, mana ikilik etdinmi hey?
- mena aytsam, senem olmesen...


Rotanyň nobatçysy täze gelen esgere ýüzlenýär:
– General geldimi?
– Ýok.
– Gelse “guk” diý, maňa habar ber. Bu ýagdaý ýene bir näçe gezek gaýtalandy. Ahyr soňunda general geldi:
– Senmi general?!
– Howa…
– Sen nirede entäp ýörsüň adama dert bolup ýören haramzada. Saňa seržant iki sagatdan bäri garaşýar…



Ir bilen turup, işe we okuwa gitmekden bizar bolanlara salam aýdýan. Oglanlar, menem siz bilen.



-Eý, eştýäňmi, özgäniň bagtyna el degirme?
-Näme?
-Eliňi aýyr şekoladymdan diýýän saňa.



Gije balkonda kofe içip durun. Aşakda “mýau-mýau” diýip birnäçe gezek ses eşidildi.. Gel menem jogap bereýin diýdim:
Men: -Mýau-Mýau
Men: -Mýau-Mýau
Men: -Mýau
-Aý dost, bes etsene, men pişigimi gözleýän bulaşdyrmasanahow


– Keýwany diýýänä, tüweleme, ine oglumyzam sag-aman gullukdan geldi. Indi hem ho-ol gapydaky göläni satyp, gelniň ugruna çykybersegem boljak.
– Dogry aýdýaň kakasy, indi bizem şaýymyzy tutmaly…
Iki aýdan soňra ogly:
“Bäh, bulara meniň gulagymy owazlandyrdylarda, soňy bolmadyla. Hany ejemiň bir taryna kakyp göreýin”
– Ejee…
– Hawa oglum aýdyber?
– Nemelaý eje…
– Hawa?
– Nemedä… bu aradaky göleli gürrüň nähili boldyka?
– Gölejigi satybermeli bolupdyr.


Bir adam eşegi bilen gidip barýan eken. Gaýy üstünden gülmek üçin ony saklapdyr. Dokumentleri sorap: “Haýsyňyza jerime ýazaýyn, sizemi ýa-da eşegemi?” diýip sorapdyr. Ol adamam: “Maňa ýazaý, eşegiň dokumenti arassa bolaýsyn. Ulalanda milise bolmaly” diýipdir.


- Alo, Bu Tiz Komekmi?
- Howwa
- Srochna Yzyna Aylayda Tarifim Gutardy.
0 лайков 417 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Apples
17 июл 2022, 13:44
Ir bilen turup, işe we okuwa gitmekden bizar bolanlara salam aýdýan. Oglanlar, menem siz bilen.
namee
kone natanysh
17 июл 2022, 14:14
Bularyň käbirinden @Soho-nyň habary barmyka?
Perman Izakow
17 июл 2022, 14:20
Duyn dostlaryma "Telefonymy tapamok,jan etsene" diyp sms ugratdym. Hemmesi diyen yaly jan etdi...
-??
Mystery
17 июл 2022, 14:30
Alo, Bu Tiz Komekmi?
- Howwa
- Srochna Yzyna Aylayda Tarifim Gutardy.?