Gülküli sözler

Gorkýan zadyňyz başyňyza geler diýýärler. Men Çehow köçedäki elitka jaýdan, Mercedesden we iň soňky çykan “Iphone” telefondan gorkýan.

*************
Egerde bir adam size ýamanlyk etse, giň boluň, oňa süýji beriň. Ýene ýamanlyk etse, ýene süýji, şekolat beriň. Ýene ýamanlyk etse, ýene-de süýji beriň. Goý süýji (сахар) kesel tutup ölsün.

*************
Köpüsi ýazýar: “men ejemjanyň guwanjy”, “men kakamyň buýsanjy”. Men bolsa çynym bilen aýdýan, men olar üçin “kelle agyry”

*************
Düýn mekdepdäki bäşlikçi klasdaşyma duş geldim. Ol bir edarada başlygyň sekretary bolup işleýär. Onuň üstünden gülüp-gülüüüp tas şwabram bilen bedremdäki suwymy döküpdim.

************
- Toýda gelin getirmek üçin bezelen maşynynyň ýokarsyndaky iki sany halka nämäni aňladýar?
- Başlangyç hasabyň O:O -dygyny aňladýar.
0 лайков 293 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Perman Izakow
17 июл 2022, 15:21
Gonsym 100manat pul tapypdyr menem onun ustunden guldim hezil edip."Gulme gonsyna,geler basyna"?
Asiye Eren
Автор 17 июл 2022, 15:27
PROLIGA, :D :D :D
Aymaraljana_a
17 июл 2022, 18:07
:-):-)hahah malades cok zor
Asiye Eren
Автор 17 июл 2022, 19:15
Aymaraljanama_a, ???