.......

Her bir kişi işsizlikden oýlap tapýan nazary oý-hyýallardan tapawutly ýagdaýda,ylmy nazarýetler anyk maglumatlar,matematik hasaplar,kämil meýilleşdirilen we berk gözegçilik edilýän amaly tejribe netijeleri bilen berkidilýär.



Her birimiziň özümiz oýlap tapan öz teoriýamyz bar.Men muny özümden düzüp aýdamok.Bir wagtlar men "BBC Focus" ylmy žurnalynda redaktor bolup işleýän wagtymda,her güni poçta arkaly onlap şeýle teoriýalar hakynda ýazylan hatlary alýardym.Adatça,beýle hatlar höwesjeňlerden gelýärdi we olar beýan edýän teoriýalarda dürli-dümen,kä wagt haýran galdyryjy açyş edendikleri barada söz açýardy.Esasan,höwesjeňler gara girdaplaryň syryny açandyklaryny,parallel älemler,Uly partlaýyş(Big Bang),Ýerde ýaşaýyşyň peýda bolmagy,elementar bölejikleriň häsiýeti...ýaly mowzuklarda täzelik edendikleri barada beýan edilen hatlary alýardym. Men adatça beýle hatlara mylakatlylyk bilen jogap ýazyp,awtorlardan öz teoriýalarynyň matematik esaslaryny we tassyklamalaryny ibermegini soraýardym.Emma,ýekeje höwesjeňden beýle tassyklamalary almadym.
Biziň her birimiziň işsiz wagtymyz oýlap tapyp biljek ham hyýal teoriýalarymyz bilen,alymlaryň gijesini gündiz edip işläp, bina eden ylmy teorýalarynyň arasyndaky tapawut hem şunda.

Pol Parsons.
1 лайков 100 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.