Demir otda taplanyar

Dünýäde adamy adam eden onuň wagta bolan gatnaşygydyr.
Derýalar hiç mahal gözbaşa dolanmaýar, ýöne derýanyň suwy hemişe çeşmäniň suwuna görädir.
Dogry eşitmegi başarmasaň, dogry düşünip bolmaýar.
Zehinsizlik — alaçsyzlyk, biçärelik hem gözgynylykdyr.
Syry ýaşadýan zat onuň hiç mahal açylmazlygydyr.
Wagt iki dem, alnan we goýberilen dem aralygyndaky salymdyr.
Şol bir derýa iki gezek girip bolmaýar.
Söz janyň ysydyr, bir adam dogry sözlese-de, özünde egrilik bar bolsa, sözünden egriligiň ysy geler. Bir adam buýtar-suýtar etse-de, janynda dogrulygyň özi bar bolsa, sözünden dogrulygyň ysy geler durar.
Demir otda, adam mätäçlikde taplanýar.
Dört sany zat az mukdarda-da köp görüner: agyry, garyplyk, ot, duşmançylyk.
2 лайков 92 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Garabufer
25 июл 2022, 01:45
Dogry eşitmegi başarmasaň, dogry düşünip bolmaýar.

Gije 01:44 de ukymdan galyp okanyma degdi , Sagbol, janyň sag bolsun
M....E
Автор 25 июл 2022, 08:48
şoşo,
Dogry zady owrenmegem gowy welin owretmek has gowy eken