Gan basyşy kadalaşdyrmagyñ iñ añsat yollary

Uzak ýaşamagyň syry nämede? Nädip garrylygy yza tesdirmeli? Gan basyşyň üýtgemeginiň sebäpleri näme? Ony nähili kadalaşdyrmaly? Adamlary iň köp gyzyklandyryp gelýän şu sowallar dogrusynda Halaç etrabynyň Garabekewül şäheriniň keselleriň öňüni alyş we anyklaýyş hassahanasynyň kardiolog lukmany Täzegül Halmyradowanyň beren gürrüňlerini dykgatyňyza ýetirýäris.

— «Adamyň ýaşynyň gysgalmagyna özüniň sebäp bolýandygyny aýtmak gerek» diýip, beýik rus alymy Ilýa Meçnikow belleýär. Meçnikow bedeni çüýrediji bakteriýalardan saplamak üçin, ozaly bilen, yzygiderli gatyk içmegi, şeýle hem gök, miwe önümlerini köpräk iýmegi ündeýär.

Gan basyşynyň üýtgemegine nahar duzunyň täsir edýändigini, eger ony kemeltseň, dermansyzam kadalaşýandygyny köpümiz bilýändiris. Duz endamdaky suwuklygyň hereketini togtadýar, bu hem damarlaryň daralmagyna getirýär. Şunlukda, ganyň kadaly aýlanmasy bozulýar. Meselem, magniý nerwi rahatlandyrýar, gandaky holestrini azaldýar. Şoňa görä-de,magniýa baý önümleri köpräk iýmeli. Aýratyn-da, greçkada, sülede, bugdaýda, noýbada, nohutda, erikde, üzümde, şetdalyda, garpyzda, gara smolodinada, itburunda, erik kişdesinde, kişmişde, guradylan garalyda, hurmada, badamjanda, kädide, şibitde… has kän. Bularyň köpüsini mümkingadar çigligine iýmeli. Bular bedendäki zyýanly maddalary çykarmaga ýardam edýär, gan damarlaryň, ýüregiň işleýşini kadalaşdyrýar.

Maňa ýüz tutup gelýän näsaglara pasyla görä dogry, kadaly naharlanmagyň ömri uzaldýandygyny öwran-öwran nygtaýaryn. Saglygyňy iýmit bilen dikeltmek gadymdan ýörgünli. Gündogaryň meşhur lukmany Ibn Sina Orta Aziýada ilkinji bolup, 800 önümiň bedene üç görnüşli täsirini belläpdir.

Biz, köplenç, ýagly naharlary halaýarys. Oba ýerlerinde agşamlaryna şeýle edilýär: uzakly gün zähmet çekilip, soňam nahar iýlen dessine uky basmarlaýar. Ana, kesel nireden gelip çykýar?! Gije gara basyp, ýüregimiz çalt urup, basyrganyp, ýatyp bilemzok.

Galyberse-de, köpler özbaşdak däri-derman bilen bejergi almaga çalyşýarlar. Beýle ýagdaý diýseň zyýanlydyr. Näsag hökman lukman gözegçiliginde bolmalydyr. Munuň ýaramaz ýagdaýlara eltmegi gürrüňsiz. Biz halkyň arasynda bolup, şular dogrusynda gürrüň berýäris.
3 лайков 478 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Удачливая
25 июл 2022, 01:11
Piterde Meçnikow diýip gowy med uniwersitet bar.
Garabufer
25 июл 2022, 01:33
Aýratyn-da, greçkada, sülede, bugdaýda, noýbada, nohutda, erikde, üzümde, şetdalyda, garpyzda, gara smolodinada, itburunda, erik kişdesinde, kişmişde, guradylan garalyda, hurmada, badamjanda, kädide, şibitde… has kän


Munça iýmitiň bolsa dawlenniň galman geçer,
Herkim şu iýmitlere bol elin ýetmek üçin kelle döwýär, şeýdibem dawlennisi galýar.
Garabufer
25 июл 2022, 01:37
Galyberse-de, köpler özbaşdak däri-derman bilen bejergi almaga çalyşýarlar. Beýle ýagdaý diýseň zyýanlydyr. Näsag hökman lukman gözegçiliginde bolmalydyr. Munuň ýaramaz ýagdaýlara eltmegi gürrüňsiz. Biz halkyň arasynda bolup, şular dogrusynda gürrüň berýäris.

Adam öz özine iň uly lukman , zyýanly bolsa etmän bilýä, haýyrly bolsa ýene edip bilýä ,

Lukman gözegçiliginde bolmaly diýýäni , herkim öz özini bejerip ýörse dutoryň klendi azalýar, dutara näsag alada däl, gazanç alada . (Geçä jan gaýgy, gassaba ýag gaýgy)
Garabufer
25 июл 2022, 01:38
Ýalansöz sizede Minnetdar gowy temaňyz üçin .
Удачливая
25 июл 2022, 01:52
şoşo,
??
M....E
Автор 25 июл 2022, 08:47
şoşo,
?