Bizi iýýärler
Kimdir biri bizi iýýär.
Hudaý ullkan gün we ähli kişi ondan çoýunýar. Hudaý biziň başlangyjymyz, biziň ählimizi Ol ýaratdy. Şol sebäpden biz Ondan zarýat almaly bolýas. Her bir adam täzeden Hudaýdan güýç kuwwat almak üçin ölýär we täzeden direlýär. –Siz Öz Ýaradyjyňyza gaýdyp gelersiňiz, – diýip Hudaýyň Özi keramatly kitaplarda nygtap geçýär. Ol hakykatdan hem şeýle, Hudaý ullakan gün we ähli kişi ondan çoýunýar, her bir adamda durmyşy energiýa Hudaýyň Hut özünden gelýär. Şeýle adamlar hemişe göwni açyk we şadyýan bolýarlar. Şeýle adamlar nähili bir usul bilen Hudaýyň berýän energiýasyndan iýmitlenmegi başarýarlar. Beýik Allahyň şu wagyda çenli ýaradan ähli jandarlary we barlyklary, Oň energiýasyna mätäç, başgaça bolmaga haky ýok. Ýöne Allah diňe gowy jandarlary ýaratmady, Ol Jyndyr arwahlary hem ýaratdy, olaryň aglaba bölegi bolsa Ondan ýüz öwürdiler. Ýöne barybir olar hem Hudaýyň energiýasyna mätäç, Hudaýdan ýüz öwürenlerine garamazdan. Iň bärkisi Şeýtany hem Hudaýyň Özi ýaratdy, şol sebäpden Şeýtan hem Hudaýdan gelýän şöhlä mätaç. Jyndyr arwahlar her 70-80 ýyldan ölüp, Hudaýa gaýdyp baryp, ondan zarýat alyp, yzlaryna dolanyp bilenoklar. Eger şeýle bolsa jynlar nireden Hudaýyň energiýasyny alýarlar? Dogrysy diňe bir Jynlar däl, admlaryň içinde hem Hudaýdan ýüz öwürip, ondan gelýän energiýany alyp bilmeýänler bar. Hudaýdan zarýat almak üçin adamyň içki dünýäsinde iň birinji ýerde Hudaýyň özi ýerleşmeli. Adam öz durmuşynda nämäni wajyp hasap etse, şol zatdan hem energiýa sorup başlaýar, ýöne adam ýa-da jyn arwah, (tapawudy ýok) nireden energiýa sorsada, ol energiýaň çeşmesi Beýik Allahyň Özi. Başgaça bolmaga haky hem ýok.
Energo wampirlar.
Durmuşda käbir adamlar gabat gelýär, ol adamlara “Energetiçeski wampirlar” diýýärler, şeýle adamlar hemişe daş töweregindäkileriň keýpini gaçyryp gezýärler, mydama adamlara ýamanlyk edýärler, hamala şeýle usul bilen öz keýplerini göterýän ýaly? Energo wampirlaryň bir näçe görnüşi bolýar, olaryň käbirileri aktiw bosa, käbirleri passiw bolýarlar. Aktiw wampirlar daş töweregindäkilere hüjim edip olardan energiýa sorup alsalar, passiw wampirlar açyk hüjime geçip bilenoklar. Nähili bolandada energo wampirlaryň iň esasy maksady Hudaýdan gelýän energiýany soryp almak. Ýöne ol adamlar Hudaýdan ýüz döndürenleri üçin, Hudaýdan gönümel iýmitlenip bilenoklar, şol sebäpden olar energiýany daş töweregindäki adamlardan almaga mežbur bolýarlar. Daş töweregindäkileriň günini bulaýarlar we şondan göwünleri göterilýär. Näme üçin dünýäniň gurluş kanunyna görä, adamlar birek birekden, ýaşamak üçin wajyp bolan energiýany alyp bilýärler. Belki ol müňkinçiligi Hudaýyň özi sazlap goýandyr? Ondan ýüz öwüren jandarlar bir zat edip iýmitlenip biler ýaly? Ýokarda bellenilşi ýaly, energo wampirlar bir näçe görnüşe bölünýär. Olar aktiw görnüşleri bilen bar zat düşnükli, olar daş töweregindäki adamlara günümel hüjim edýärler. Şeýle adamlar gaharjaň başlyk bolup bilýär, igenjeň aýallar hem şol tarapa degişli, çenden aşa lälik çaga hem kiçijek energo wampir bolup biler. Köplenç şeýle çagalaryň energiýasy gutaranda olar öz ene atasyna ezýet berip başlaýarlar, öýdäki bar zatlary döwüp başlaýarlar. Netijede ene ata öz energiýasynyň bir bölegini ýitirýär we keýpden gaçýar, çaga bolsa energiýany soryp alýar. Igenjeň aýallaryň energiýa soryş mehanizmlary edil şol sypatda işleýär. Iýgenip iýgenip ýoldaşynyň bar keýpini gaçyrýar we netijede öz keýpi göterilýär. Dawwa jenjelden we şerden lezzet alýan adamlar hem energo wampirlaryň aktiw görnüşine degişli. Wampirlaryň passiw görnüşleri bolsa düýbinden başgaça usul buýunça işleýärler. Olar energiýany goparyp alman, ony diläp almaga synanşýarlar. Ýöne netijede hiç zat üýtgänok, energiýany ähli jandarlar Beýik Hudaýyň özünden sorup almaly, birek birekden däl. Passiw wampirlar mydama durmuşdan zeýrenip ýören adamlar bolýar, olary hiç wagt hiç zat kanagatlandyranok, şeýle adamlaryň ýanynda az salym eglenseň bar keýpiň gaçýar, (energiýaňy ýitirýäň). Passiw wampirlaryň käbir görnüşleri bolsa, adamlardan energiýany örän täsin usul bilen sorýarlar, olar hiç kime gyzykly däl zatlar barada sagat saýyn gürrüň berýärler we adamlaryň keýpini gaçyrýarlar. Hemişe şeýle adamlaryň çaltyrak ýanyňdan gidenini isleýäň, ýöne olar doýynça emip bolmasalar gidenoklar. Ýöne sen hem kalbyň iň çüň ýerlerinde öz energiýaň bilen paýlaşasyň gelýär we şeýle adamlaryň ýüzüni alaňok.Ýokarda agzalanlaryň barsy, emosanal energiýanyň aýlanşy, adamlaryň glaba bölegi bu zatlara ynanmaz, emma bu zatlaryň barsy ruhlar dünýäsinde bolup geçýär we biziň materiýal dünýämizde känbir gözede ilip baranok.
Öz energiýaňy bermeli bermli däl?
Görüp otursak energiýa wampirlara enrgiýany bermeseň hem bolýan eken, käbir adamlaryň bellemegine görä, energiýany yzyna sorup hem alsaň bolýan eken. Özem energiýaň näçe ýyl mundan öň gideni wajyp däl. Islendik adam öz ýitiren nergiýasyny yzyna sorup alyp bilýär. Käbir adamar bolsa geçen durmuşlaryndaky ýitiren energiýalaryny hem yzyna gaýtaryp bilýärler, dogrysy adam köp zady başarýar. Ýöne energiýany yzyna gaýtarmak o diýen wajyp däl. Sebäbi (bir akyldaryň beldemegine görä) wampir we oň pidasy baglanşykda mydama pida ýeňji bolup çykýar. Öz energiýasyny wampirlara sarp edýän adam, energiýaň häs kuwwatly çeşmelerine çykmaga mezbur bolýar, başgaça aýdaňda Hudaýa bolan ynamyny güýçlendirmeli bolýar. Onsoňam Beýik Ýaradyjy, özünden gaýdýan energiýany hemmelere deň ýeter ýaly ähli çäreleri gördi. Şol sepäden kimdir biri sizden bir zatlary soryp alýan bolsa, oňa garşylyk görkezmäň, goý sorsyn.
Jynlar bilen arwahlarada energiýa gerek.
Hudaýyň döreden ähli jandarlary energiýa mätäç. Ýaňja dünýä inen çagalarda energiýa diýseň köp bolýar, sebäbi olar ýap ýaňja diýen ýaly Hudaýyň özünden zarýat alyp geldiler. Eýsem diňe bir adam çagasy däl, başga jandarlaryň çagalary hem şeýle. Hudaýdan gaýdan ähli zat energiýa örän baý bolýar. Geçmişde ýaşan Pygamberler hem şeýle, olardan Hudaýyň energiýasy möwüç urýar, şeýle adamyň ýanyndan aýyrlasyň gelenok, oňa tabyn bolasyň gelýär. Şol sebäpden garyp gasarlaryň gatlagyndan çykan Pygamberleriň yzyna, müňlerçe adam düşýär. Biziňkileriň ýüzüýnde Nur bar diýýän zatlary hem şol energiýanyň alamatlary, ol energiýa eýe çykmak üçin hem, diňe oň çeşmesine ýakynlaşmaly, başga çykalga ýok. Eger sen Jyn arwah bolsaň näme etmeli? Olar hem Hudaýyň ýaradan jandarlary, olar hem energiýa ýa-da Nura mätäç. Jynlaryň aglaba bölegi Hudaýdan ýüz öwürdiler, olaryň ýüz öwürmedik bölegi adam zat bilen gowy gatnaşykda diýseň hem bolar. Emma kapyr jynlar bolsa, adamlar bilen diýseň ýaramaz gatnaşykda. Ýaramaz jynlar bizi iýýärler diýseň hem bolýar, olar biziň energiýamyzy sorup alýarlar, özem senagat maştabynda. Şeýtan başlyklaýyn jynlar bir giden shema oýlap tapdylar we adamzadyň bar energiýasyny özlerine sorup alýarlar. Ol soruşlygyň netijeleri ýer ýüzünde bolýan global uruşlar we adamzadyň azgynçylygy. Elbetde okaýan zatlaryňyz bir bada fantastika bolup eşdilýän bolmagy hem ahtymal, ýöne Jynlaryň bardygy hakykat. Hudaýdan gelýän Nury özüne siňdirmeýän islendik barlyk ýa-da jandar özüini betbagyt duýýär, isle ol Perişde bolsyn, isle adam bolsyn isle Jyn. Jynlar bir wagt Hudaýdan ýüz döndürdiler, şol sebäpden hem Oň Nuryndan kesildiler, ýöne Hudaý olara barybir Nury alma ýol goýdy, ol ýol bolsa Adamzat. Adamyň böwrini şeýtan gyjyklaýar, ony azdyrýar diýen pikiri biziň ählimiz hem bilýäs. Biziň böwrümizi gyjykaýan şäýtanyň iň esasy maksady bizi durmuşy ýalňyşlyklara iteklemek we bizden çykjak energiýany iýmek. Ýöne Jynlaryň sanlary adamlaryň sanlaryndan köp bolany sebäpli olara diýseň köp energiýa gerek bolýar. Adamlardan energiýany näçe köp sorsaň, olar şonçada betbagyt bolýarler we energiýaň täze porsyýasy üçin, ýene Hudaýa ýüz tutmaly bolýarlar. Netijede ýaňy aýdyşym ýaly, Wampir we oň pidasy baglanşykda mydama pyda ýeňýär. Adamlaryň diňe agyr günde Hudaýa bolan ynamlary artýar we olaryň ruhy ýagdaýy daşky dünýäden şonçada az garaşly bolýar. Jynlar ýarym hakykat we ýarym çynyň arasynda bolsalar hem, olaryň biziň dünýämize täsiri uly. Kerimi Kuranyň 72-nji bölüminde Jynlaryň bir akyldary şeýle diýýär: –Biziň içimizde Iblis atly bir bar we ol Hudaýa çenden aşa dil ýetirdi. Şu aýatyň manysyna gowja göz ýetirseň ýatyp gülesiň gelýär. Dogrymy aýtsam şol aýtdan soň meň kelläme şeýleräk obrazlar geldi. Şeýtan adamlaryň arasynda öwünýär, ine men otdan ýasalan perişde, men ýeke täk, ine men Hudaý bilen jedel eden ýeke täk perişde, men gönümelligim üçin Hudaý maňa göz görkezdi, hakykatda bolsa men ylmyň piri, men diýseň akyldy, şol sebäpden maňa perişdeleriň arasynda gezmäge rusgsat berdiler. Men Hudaýyň döreden ulgamynda wajyp ýalňyşlyklary tapdym, men ýeketäk Hudaýyň sözünden çykan adam we bla bla bal. Şeýtan biziň öňümizde paşyrdap duran wagty bir ýerlerden edil Şeýtanyň özi ýaly otdan ýasal oglan Jyn çykýarda oň kellesine kakayp şeýle diýýär: –Meň jigim Iblil näme gürleýänini özi bilenok we Hudaýa çendenaşa dil ýetirdi, aslyýetinde ol we ony siz diňläp otyrmaň. 72-nji süre Şeýtanyň asyrlar boýy gazanan bar abraýyny bary ýogy 2 setir söz bilen ýere dökýär. Jyn söziniň iňlis dilinde Geni diýen manysy bar. Geni, akyldar diýmek, Jynlar özlerini akyldar diýip tanatjak bolýarlar, ýöne Kerimi Kuranyň 72-nji süresi ol görgülleri ýene ýerine goýýar, ol süräň başga bir setirinde Jynlar bir zady boýu alýarlar: –Allah adamlary erbetlik üçinmi, ýa-da dogry ýola goýmak üçin ýaratdymy bir bilemzok. Şol süreden belli bolşy ýaly Jynlar hem ahlak derejede adamlardan daşa gitmedigini görkezýär. Ýöne gep ol zatlar barada däl, gep Jynlaryň bizi iýýänligi barada, edil biziň haýwanlary iýşimiz ýaly. Jynlar bizi ruhy dünýäde iýýärler, bizden bar şadyýanlyklary sorup alýarlar, şol sebäpden tutuş adamzat betbagt. Adamlary hiç hili bökdençsiz iýmek üçin ilki bilen olaryň gözlerinden ýitmeli. Ýitmek üçin bolsa materiýalizmyň esaslarynda gurlan dünýäni oýlap tapmaly. Şu wagt biziň dünýämiz materiýalyzmyň esasynda gurlan. Ähli adamlar diňe elläp görüp bolýan zatlara ynanýarlar, bu zatlaryň barsy welin bize köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň üsti bilen guýylýar. Adamlar dünýäsine täsir etmek üçin bolsa, olaryň içinden özüňe ýaran tutunmaly, oňa özüňe hudaý diýdirmeli. Dogrysy bar zat şeýlede boldy, tutuş dünýäni dolandyrýan adamlaryň barsynyň dini Şeýtana uýmak. Şeýtana uýýanlar bolsa oň alamatlaryna eýe bolýarlar. Oň alamatlary bolsa şeýle. Beýik Hudaý şeýtana ahyrýete çenli möhlet berdi, şol sebäpden şeýtana uýanlar hem ahyrýete çenli möhlet alýarlar we bu dünýede eden işlerine jogap berenoklar, emma umytdan gaçmak, ahyrýetde Hudaý ähli kişi bilen deň haklaşjakdygyny aýdýar. Hiç kim Ondan sowgatsyz sypasy ýok. Garaz diri adamlaryň içinde şeýtanyň pyşyrdamalaryny eşdýänler we ony hudaý saýýanlar bar. Şeýtan bolsa öz gezeginde tutuş adamzadyň energiýasyny bir bada sorar ýaly ähli hereketleri amala aşyrýar. Ýene bir täsin ideýa görä biziň dünýämizden surulyp alynan iň gowy duýgylar we energiýa, başga dünýälere alyp gidilýärmişin. Mysal üçin şeýle dünýäleriň biri Dowzah. Şeýtan irde giçde şol ýerik barmalydygyny bilýär we ol ýeri gowy energiýadan doldurjak bolýar, gös göni Hudaýdan dilemägede ýüzi ýok, ana onsoň adamlardan lmaly bolýar.
Jemleýji ideýa.
Adam duýgulary diňe biziň kellämizde döränok, ol duýgular daşynda bir ýerdede bar. Adamda gowy duýgylary oýarýan zat Hudaýdan gelýän şöhler, eger şol şöhle bolmasa adamdan bir ýerlerden ters duýgular peýda bolup başlaýar, mysal üçin Görüplik duýgysyny adamyň özi öndürenok, ol duýgyny adam bir ýerden alýar we bir ýerlerik ugradýar. Harsy dünýälik duýgysy hem adamlaryň kellesinde däränok, ol duýgy bir ýerlerden daşyndan gelýär we käbir häsýetli adamlara ýapyşýar. Belki ol ýaramaz duýgylaryň barsyny jyndyr arwahlar öndürýändir we ýuwaş ýuwaşdan biziň dünýämize ýükleýändirler? Ol duýgularyň ýerine bolsa gowy duýgylary alýandyrlar? Elbetde meň aýdýanlarym materiýal dünýäň çäklerine syganok we däliň samramalaryna meňzeýär. Nähili bolandada bu zatlar barada köp adamlar ýazyp gitdiler. Şeýle adamlaryň biriniň aýtmagyna görä ýokarda bir ýerde ösen dünýä barmyşyn, şol ösen dünýä bolsa adamlaryň öňdürýän harsydünýälik duýgylary örän uly zeper ýetirýärmişin, şol sebäpden ol ösen dünýäň ýaşaýjylaray aram aram zeminde ahyrzaman turuzýamyşlar, sebäbi ahyrzamandan soň epesli wagt harsydünýälik duýgysy gowja gowşaýarmyşyn. Dogrymy aýtsam materiýal däl dünýä barada öz pikirlerimi ýetirmek diýseň kyn düşýär. Beýle habary günümel kabul etmek hem ansat däl, hemişe şeýle ideýalary çeper usul bilen ýazsaň adamlar gowy kabul edýärler, mysal üçin “Awgust meň kükregimden basýar” hekaýamdaky ýaly, ýöne her ideýany hekaýa gaplamaga indi wagt hem ýok, şol sebäpden alan ýerime satmaly bolýan.
© Rahman Zülfikarow

8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.