Allaberzi Gulhanow
14:01Allaberdi Gulhanow
ALLABERDI GULHANOW (Alik, Albert Gulhanow)
Allaberdi Gulhanow (Russiýada tutulýan ady: Alik, Albert Gulhanow), akýor, kaskadýor, başa-baş söweş sungaty boýunça sport ussady, Başa-baş söweş boýunça Bütinrussiýa federasiýasynyň Medeniýet we sungat boýunça wekili, 1972-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanda, Lebapda dogulýar. Ol çagalykda Russiýanyň birnäçe çagalar öýlerinde terbiýelenýär. Onuň ilkinji hünäri – gazelektrik kebşirleýjisi. Ol ýörite hünärment mekdebinde okan döwri başa-baş söweş sungatlary bilen meşgullanmaga başlaýar. Soňra ol Peterburg şäheriniň toparynda erkin göreş, sambo, dzýudo boýunça ýaryşlara gatnaşýar.
Ol soňra Syktywkar şäherindäki uniwerstitetiň ykdysadyýet fakultetine okuwa giripdir. Birnäçe wagtdan soň bolsa Moskwa göçüp, şol ýerde janpena bolup işe başlapdyr. Ol belli bir döwürde Žan-Klod Wan Damm, Alla Pugaçewa we Žerar Depardýe ýaly ýyldyzlaryň janpenasy bolup işläpdir. Ýüz-keşbiniň özüneçekijiligi sebäpli ol şol birwagtda 2001-nji ýylda dürli çeper filmlerde gysga keşpleri ýerine ýetirmäge başlapdyr. Onuň ilkinji surata düşen filmleri “Aw möwsümi” («Сезон охоты»), “Derňewi bilgirler alyp barýar” («Следствие ведут знатоки»), “Ogry aýal. Kärendesine bagt” («Воровка. Счастье напрокат») hem-de “Ýewlampiýa Romanowa. Derňewi öwrenje alyp barýar” («Евлампия Романова. Следствие ведет дилетант») atly we başga filmlerdir.
Aktýorlyk işiniň dowamynda Allaberdi Gulhanow Bütinrussiýa döwlet kinematografiýa institutyny (A.Jigarhanýanyň ussahanasyny) tamamlaýar. A.Gulhanow häzirki güne çenli jemi 37 çeper filmde dürli epizodiki keşplerde surata düşüpdir. Ondan başga-da A.Gulhanow “Antrepriza XXI asyr” teatrynyň sahna oýunlarynda oýnaýar. Häzirki wagtda ol Ýaroslaw sirkiniň baş režissýory wezipesinde işleýär.
Ol özüniň durmuşdaky esasy işi hökmünde çagalar öýlerindäki we internatdaky ýetim çagalara hemmetaraplaýyn hemaýat bermegi ykrar edýär.
Çeşmesi: https://cultmap.nbrkomi.ru/ru/page/godkino.Alik_Gulhanov/. 25.06.2022ý.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.