"Kyrk" poemasyndan bölek
Gamla şatlyk bermek umydym bile,
Dertlä saglyk bermek umydym bile,
Saňa bagyşladym geçen ömrümi
Sagadym, sekuntym ,
minutym bilen.
Nähoşyň gözünde bir şatlyk görsem,
Guwandym şo göze öz gözüm ýaly.
Biwejiň sözünde oňatlyk görsem,
Guwandym şo söze öz sözüm ýaly.
Ýagşylary söýdüm bäş duýgym bilen,
Alty duýgym bilen ýigrendim galpy,
Ýamanlaryn ýagşy bolmagy üçin,
Ýagşylaň has ýagşy bolmagy üçin
Gije- gündiz çatdym harp bilen harpy.
Harplan dostlugyndan döredi sözler,
Sözleň dostlugyndan döredi sözlem.
38 harpa siňen mährimden,
38 ýaşda küteldi gözlem.
Ýene-de jemlenip bagrymyn güýji
Kütelen gözlerme çaýdy ýitilik...
Göreji göreji iki bolsada
Olan ýek ýigrenji boldy
Ikilik.
Ömrümde üç zatda (meger üç zatda)
Ikilik edäýen bolmagym mümkin:
Göremde birinde kiçijik zehin,
"Uly zehiniň bar" diýerdim käte.
(Ol hem ony=uň uly bolmagy üçin)
Kemerli- kemerli gaýany gädip
Orta çyksa ýanyp duran bir zehin,
"Entekler kän işle' diýerdim käte
(Ol hem onuň lowlap, sönmezi üçin)
Zehinsiz däldigne özi ynanyp,
Setir baryn çyrşap gelse körzehin,
"Zehiniň ýogam däl" diýerdim käte.
(Ol hem körlerdenem umydym üçin)
Ýene-de bir zatda dördünji zatda,
Zyýan hem edäýen bolmagym mümkin
Bu gün- erte ýagty saçjak bir zehin
Gelende ýanyma maslahat üçin,
Uýup meniň nadan nesihatyma,
Sowan bolsa şonuň düzetmesi kyn.
Ýöne welin şeýle bolaýanda-da
Uýalmaly däldir baryny beren:
Özi bugdaý tapman, jar iýýän adam
Diläp gelene-de jaryny berer...
(Dowamy bar)
K.Gurbannepesow
Dertlä saglyk bermek umydym bile,
Saňa bagyşladym geçen ömrümi
Sagadym, sekuntym ,
minutym bilen.
Nähoşyň gözünde bir şatlyk görsem,
Guwandym şo göze öz gözüm ýaly.
Biwejiň sözünde oňatlyk görsem,
Guwandym şo söze öz sözüm ýaly.
Ýagşylary söýdüm bäş duýgym bilen,
Alty duýgym bilen ýigrendim galpy,
Ýamanlaryn ýagşy bolmagy üçin,
Ýagşylaň has ýagşy bolmagy üçin
Gije- gündiz çatdym harp bilen harpy.
Harplan dostlugyndan döredi sözler,
Sözleň dostlugyndan döredi sözlem.
38 harpa siňen mährimden,
38 ýaşda küteldi gözlem.
Ýene-de jemlenip bagrymyn güýji
Kütelen gözlerme çaýdy ýitilik...
Göreji göreji iki bolsada
Olan ýek ýigrenji boldy
Ikilik.
Ömrümde üç zatda (meger üç zatda)
Ikilik edäýen bolmagym mümkin:
Göremde birinde kiçijik zehin,
"Uly zehiniň bar" diýerdim käte.
(Ol hem ony=uň uly bolmagy üçin)
Kemerli- kemerli gaýany gädip
Orta çyksa ýanyp duran bir zehin,
"Entekler kän işle' diýerdim käte
(Ol hem onuň lowlap, sönmezi üçin)
Zehinsiz däldigne özi ynanyp,
Setir baryn çyrşap gelse körzehin,
"Zehiniň ýogam däl" diýerdim käte.
(Ol hem körlerdenem umydym üçin)
Ýene-de bir zatda dördünji zatda,
Zyýan hem edäýen bolmagym mümkin
Bu gün- erte ýagty saçjak bir zehin
Gelende ýanyma maslahat üçin,
Uýup meniň nadan nesihatyma,
Sowan bolsa şonuň düzetmesi kyn.
Ýöne welin şeýle bolaýanda-da
Uýalmaly däldir baryny beren:
Özi bugdaý tapman, jar iýýän adam
Diläp gelene-de jaryny berer...
(Dowamy bar)
K.Gurbannepesow
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.