Bäşinji söhbet: Şahyrlar hakda
BÄŞINJI SÖHBET: Şahyrlar hakda
OSMAN ÖDE. Döwletgeldi Annamyradowyň, Şähribossanyň döredijiligine garaýşyň nähili? Şu iki şähyryň döredijiligine meniň-ä gaty uly hormatym bar.
NOBATGULY. Ikisem umyt bilen garaýan, nirede bir zady çap edilse, okaýan şahyrlarym. Poeziýada forma we mazmun birligi diýlen düşünje bar, şeýle düşünje şahyryň özünde-de bolmaly. Şahyryň özi – poeziýasy bolmaly, poeziýasy – onuň özi bolmaly. Liriki «men» şahyrlar üçin gaçybatalga diýen ýaly bir nysak, eger şahyr şahyr bolanda, onuň liriki meni – hut özi bolýar. Taňry şahyra talant berip, ykbal bermese, beýle kişi gowy goşgy ýazany bilen şahyr bolup bilmeýär, bolsa-da orta hili şahyr bolýar. Bu ikisinde şol şahyr ykbalam bar. Şahyra muwapyk adamçylygam. Men soňky jümläni subut etmek üçin mundan on iki ýyl ozal bolan bir wakany gürrüň bereýin, Torum bilen Döwlet senden utanyp ony saňa gürrüň bermändirler. Bir gezek Torum gurluşykda işläp ýörkä, ekskawatoryň gazan çuň çukuryndan degirmen ýaly äpet gyzyl tapýar, sen-de ýok, men-de ýok, gyzyly halta salyp Döwletlere gelýär. Gapyny içinden urup, gyzyly çekip görýärler, tas ýigrimi kile çykýar, soň Torum ýiti pyçak bilen gyzyly ylaýyk iki çyzýar-da: «Bir bölegi seňki» diýýär. Döwlet kes-kelläm boýun gaçyrýar:
– Pulum bolsa ýazamok, gyzylym bolsa ele galam hem almaryn – diýip, gyzyldan dostunyň eçilenini almaýar. Torum ony yrjak bolup niçembir gezek Döwlet bilen içişýär, garasaý, ýoňsuz wagt geçensoň yrylýar... Torum pikir edip görüp, gyzyl tapaly bäri, ýeke setir ýazmandygy barada oýlanýar, soňra ol gyzyldan boýun towlaýar. Döwlet ony yrmaga başlaýar. Olar her gün karzyna pul alyp, pulmesileriň gidýän restoranlarynda keýp çekýärler. Şeýde-şeýde, üç-dört aýyň içinde olar karza-da geçmän başlaýar. Ahyry Döwletiň maşgalasy çydaman, Döwlete: «Hojalygy tozdurdyň» diýip igenip ugraýar. Döwlet oňa özüniň depseň deprenmez baý bolandygyny gürrüň berip, gyzyly görkezýär. Ony gören aýaly gülüberýär:
– Haý, munuň gyzyl bolaýşyny, biziň işleýän kombinatymyzda bar, muň ýaly «gyzyldan» näçe sanysy gerek bolsa alyp gaýdybermeli...
Bu toslama çalymdaş wakada Döwlet bilen Torumyň diňe şahyrlara, özem gowy şahyrlara mahsus dostlugy görünýär. Heý, ýigrimi kile gyzyl tapan kişi dosty bilen bölüşjek bolup jan edermi? Heý, şonça gyzyly dostunyňkyda goýarmy? Heý, gyzyl tapan adam «goşgy ýazyp bilmen» diýip, uly baýlykdan ýüz öwürermi? Iki sany öýsüz-öwzarsyz, mydama pulsuz ýaş şahyrlardan başga sagat adam gyzyl görse azmazmy?! Eger, bu wakany gruzin kinoçylary eşidäýse, örän gowy gysga metražly film etjekdigi hak. Bu waka olaryň şahyr ýigitlerdigine subutnamadyr! Seret indi, her kim biznes bilen iş salyşjak, her kim düşewüntli orun edinjek! A şahyra bolsa şahyrlykdan başga zat derkar däl! Kerim şahyr (arwaýyna bagyş etdim!) Torum Ýaýlana mundan telim ýyl ozal ak pata beripdi, sebäbi Torumyň poeziýasynda Kerim şahyryňka nähilidir bir hili golaýlyk bar, onuň poeziýasynda halkylyk güýçli. Ol poeziýasynyň depesinden garap, gaty erkinlik bilen ýazýar, rifmalar onuň el ujunda, çeperçilik serişdeleri bolluk bilen ulanyp bilýär.
Torumyň gorkmaly zady – erkinlige aşa barlyp, köpsüzlülige ýüz uraýmagy ahmal!
Döwlet Garkynyň poeziýasy, ýalňyşmasam, Gurbannazaryňka golaý. Gara reňkleri köp ulanýar, ýerlikli ulanýar. Her bir beýdinde, her bir setirinde, jümlesinde nämedir bir zat aýtjak bolup çytraşýar, hatda mazmunyň hatyrasyna rifmalary gowşadýan ýerem bolýar.
Döwletiň aşa köp zat diýjek bolup, şygryň şygra mahsus akgynlylygyny ýitirer howpy bar. Şoňa eserdeň bolmaly.
Ikisine mahsus bir kemçilik: men muny mysal arkaly görkezeýin. Döwletde «Aýralyk pursaty» atly bir goşgy bar. Şonuň ajaýyp jemlemesi bar! Klassyka!
Ne bir geçen günler düşýär ýadyma,
Ne-de şu pursatdan tapýaryn karar.
Töwerek öwrülip tukat aýdyma,
Düşnüksiz sowal deý üstüme ýagýar.
Şadyýan baglaryň ýaşyl perleri,
Gojaň nursuz gözleri deý solupdyr.
Düýnki maňa syrdaş bolan güllerem,
Kişiň aýaly deý ýüzün sowup dur.
Ähli töwerekden gözleýän dalda –
Bar zatlar tanyşlyk kadasyn bozýar.
Ýa men ötüp barýan nätanyş ýoldan,
Ýa belet köçämden ýat adam barýar.
Yzdaky iki setir gaty seýrek tapdyrýan tapyndy. Döwlet şol setirleriň gowudygynam bilipdir, emma kämil şygyr ýazyp bilmändir. Sebäbi näme – sebäbi şol iki setiri diýmäge mejbur edýän ruhy ahwalat ýokarky setirlerde ýok. Baram bolsa gowşak. Beýik pikir ölmeýär, onuň üçin wagt gerek, rast şeýle pikir tapdyňmy – ony on gezek, ýüz gezek işle, emma öli setire çatma! Ras göwher tapdyňmy, ony kümüş ýüzüge däl-de, hiç bolmanda, altyn ýüzüge gaş etjek bolmaly! Şeýle nogsan gaty gowy şahyrlarda-da gabat gelýär. Biziň ajaýyp poeziýamyz bar. SSSR bar döwrem türkmen poeziýasy barada Moskwada, şahyrlaryň ýygnanyşyklarynda köp gürrüň edilerdi. Torum Ýaýlan, Döwlet Garkyn, Gurbandurdy Oraz, Orazgylyç Çary, Şähribossan dagynyň goşgusyny dünýäniň islendik ýerinde çap etseň-de, ýüzüň utanmaz, gaýta abraý geler.
Dil bitip gelýänje çagajyk haýsy sözjagazy aýtsa, ene-atasyny nähili begendirme begendirýär, ýogsa onuň diýýän sözleri lenç edilen sözlerdir.
Şahyr hem dil bitip gelýän ýaşajyk çagadyr, onuň aýdan her bir sözi adamzat durmuşyny heýjana salýar, çünki onuň aýdýan her bir sözi dünýä üçin täzedir.
OSMAN ÖDE. Döwlet Garkynyň poeziýasy filosofiki lirikalykda özboluşly sahypany açdy. Filosofiki lirika XX asyr türkmen poeziýasynda Gurbannazar Ezizowdan gaýdýar. Öňýeten akyl satma filosofiýa bolup bilmez. Asyl-a bir zat filosofiýa däl bolsa, ilki bilen akyl satma filosofiýa däldir. Poeziýadaky filosofiýa täsin zat, köp üns berilmegine, giňden derňelmegine degýän zat. Biziň edebiýatçylarymyzyň klassykamyzdaky didaktika-da filosofiýadyr öýdüp ýörenleri bar. Didaktika – filosofiýanyň iň ganym duşmany.
Poeziýadaky filosofiýa – dünýäni duýgular arkaly syzmakdan kemala gelen filiosofiýadyr. Munuň özi duýdular filosofiýasy. Düýp manysy boýunça paradoksal hem täsin hadysa, çünki filosofiýa nire, duýgy nire! Döwlet Garkyn dünýäni filosof şahyr hökmünde duýup bilýär. Ine, onuň «Göwün» diýen şygryndan käbir bölekler.
Göwün mymyk serwi agajy ýaly,
Owsunar,
gobsunar,
yranar durar.
Ony gujaklasa, baharyň ýeli,
Gyş syrgyny göwnüň göwnüne deger.
Göwün – arzuw bagy. Kän bor küýsegi,
Urnar durar ýapraklaryn seçeläp,
Mahal-mahal umyt atly sübsegär
Aşagyny syrar ýörer köçe deý...
Göwün – örüsi giň ýaýbaň öwlüýä,
Kim derdini,
kim özüni jaýlara.
Göwün – tenden galjak ýeke-täk miras,
Ýetdiginden ile-güne paýlara...
Ilki bilen goşgyny kesim-kesim edip getirýänim üçin awtordan ötünç soraýaryn. Sebäbi goşgyny kesmek isleseň-islemeseň ony ýoýmakdyr. Indi bolsa awtoryň goşguda dünýäni duýşuna üns bereli. Ruhy düşünje predmetleýin dünýä arkaly suratlandyrylýar. Göwün – serwi agajy, göwün – bag, göwün – öwlüýä, göwün – sähra... Şeýle obrazlylygyň düýp manysy şuňa syrygýar: bu ýerde ruhuň obrazy çekilýär. Predmetler arkaly ruhuň obrazyny çekmek, şeýdip ony reallygyň esasy taraplarynyň biri hökmünde görkezmek Döwletiň esasy aýratynlyklarynyň biri. Döwletiň metaforasy – munuň özi predmete mahsus sypatyň ruha ýa-da ruha mahsus sypatyň predmete geçirilmeginden dörän metaforalar. Şol bir tipdäki metaforanyň yzygider gelmegi, bu usulyň şahyryň döredijiliginde sistemalaýyndygyny görkezýär hem ol onuň döredijilik aýratynlygyna öwrülip gidýär.
Ýel ogry deý ýyrtyp baglaň eşigin,
Tebigatyň jübülerin barlap ýör.
Gar astynda gaýyp bolýar bir salym,
Girip tebigatyň ap-ak düýşüne...
Şemal ösýär.
Iki ýana hars urýar,
Gören zadyn öwrüp-çöwrüp tersine –
Tebigaty başga ýakyn bir dile
Howul-hara edip barýar terjime.
Gidip barýaň,
uka batan gijäniň
Düýşündäki bir bagtyýar adam deý.
Gapylar – öýleriň eziz elleri
Yhlas bilen gujagyna salara.
Penjireler – onuň mährem gözleri
Giden ýolumyza bakyp galara.
Metafora meňzeşlikden tapawuda esaslanýar. Ol hem-ä şol bir zat, hemem bütinleý başga bir zat. Munuň özi dünýäniň aňlaýyşyň uniwersal ýoludyr. Şol bir predmetiň iki tarapy bar, şol bir zady hem otrisatel, hem položitel manyda görkezip bilmek, örän kyn zatdyr: «Tebigatyň düýşi», «tebigatyň jübüsi», gapy – el, penjire – göz... Şeýle obrazlaryň üsti bilen dünýäni üýtgeşik nazar bilen synlamak, edebiýat üçin täze çeperçilik serişdeleridir. Munda, Döwlet Garkyn bolup syzmak diýilýän fenomen jemlenýär.
Has dogrusy, dünýäni Döwlet bolup duýmakdan original obrazlylyk hem obrazlar kemala gelýär. Bu şahyr has içgin öwrenilmegine mynasyp. Onuň goşgulary bir kitaba jemlenende, aýratynam bitewi bir poetiki dünýäni kemala getirýär. Bitewilik kämillikden alamatdyr.
«Döwletiň dünýäsi aşa abstrakt» diýýänler bar. Muny diýýänler, megerem, aşa konkret dünýäde ýaşaýanlardyr. Gep nähililiginde däl-de, onuň öz dünýäsiniň barlygyndadyr. Abstraksiýa, o-bi... – bu zatlar eýýäm rusça aýdanyňda, wkusyň gürrüňidir. Bu hakda bolsa jedel edilmeýär. Her kim öz ýoluny özi tapýar. Döredijilik maslahaty halamaýar, döredijilik bir adamyň erkindäki zat. Şonuň üçinem özüm-ä ile maslahat bermäni halamok, öz pikiriňi, özüňde galýan täsirleri gürrüň bermek başga gep. Ýöne muňam esasly, delilli etmäni başarmak gerek.
Şahyr Gurbandurdy Orazowyň döredijiligem maňa ýaraýar. Gyrbandurdynyň poeziýasynda Döwletiňki bilen äheňdeş zatlar bar. Megerem, munuň özi olaryň ruhy ýakynlygyndan bolsa gerek. Şahyr dünýäni dramatik duýýar. Onuň dünýäsiniň söýginiňki ýaly dartgynlylygy, intensiwligi, çalt ýanyp-öçmesi bar.
Gurbandurdy dünýäni obrazlar arkaly suratlandyrmaga-da uly üns berýär. Ýöne bu-da köplenç täsirleriň suratyny çekýär.
Sen – güýz, baglaň ýapragynda saralan,
Zeminiň üstünde şat geçen günlem.
Sen – meň aýdylmadyk aýdymym dälsiň,
Sen – meň soňlanmadyk aýdymym, dilber...
Sen – duýgy, kalbymyň pynhan gatynda,
Gazaply ýatlama – tupanly-gaýly.
Ykrar edilmedik hakykatym sen,
Sensiň – ret edilen ilkinji söýgim.
Üns berseň, gyzyň keşbi däl-de, onuň kalbyň taryhynda goýan yzlary suratyň diline geçirilýändir. Munuň özi lirika diýilýän zadyň tebigatyna iň ýakyn hadysadyr, sebäbi lirika diýmek, subýekt hem onuň dünýäsi, täsirleri diýmekdir.
Lebim – ak çägede yzy maralyň,
Sähra – dünýäň söýgi hakda pikiri,
Çymda biten ýalňyz benewşämsiň sen.
Agaç deý gurasam...
ynanýardym men
Ragbat boljagyn medet yzgaryň,
Oýarjagyň ýaprak pyşyrdyň bilen
Meň juda gulagy agyr ykbalym.
Görnüşi ýaly, Gurbandurdynyň goşgularynda ajaýyp metaforalar, beýleki obrazlar bar. Olar poeziýanyň tebigy dilini kemala getirýärler. Ýöne şu ýerde bir zady hökman belläp geçmeli: soňky nesliň şahyrlary metaforalar bilen, göwnüme bolmasa, aşa köp gyzyklanýarlar. Her bir zat çeniňden artyk düşse, sazlanyşyk, gözellik bozulýar. Metaforalaryň çenini nädip bilmeli? Meniň pikirimçe, metafora ýüregiňden geçen, hut öz şahsy täsiriň çuňlugyny beýan etmän, ýöne bir owadanlygyň hatyrasyna ulanylanda, artykmaç bolýar. Şeýle obraz hiç hili düýpli ruhy tejribäni, kiçijigem bolsa, täze çeper açyşy özünde jemlemeýär. Munuň özi garantga nyşanany tüpeňlän ýaly boş zat bolýar.
Gurbannazar Ezizowyň täsiri bilen türkmen poeziýasynda obrazlar gözlegi başlandy. Ýöne munuň özi çakdanaşa bolanda, poeziýanyň ösüş tempini hem gowşatjak eken. Çünki obrazlylyk poeziýanyň ösüşiniň ýeke-täk ýoly däl, ol torç edilende, şähyrana ösüşiň özge alternatiwalary peýda bolýar.
Sen oňat görýän ýaş şahyrlaryň arasynda Şähribossany hem agzadyň. Şähribossanyň liriki gahrymany hakyky türkmen gyzy. Goşgularynda ulanylýan obrazlar sistemasy zenan kalbyň jümmüşinden çykýan täsin nagyşlara meňzeýär.
Bu meýdanda arzuw meniň ýygýanym,
Otlar aýdym aýdýar, berýärin häsin.
Senem maňa gargaýarmyň, sögýärmiň,
Wysal bolman bagry ýanan yhlasym.
Asman tebigaty giden gözellik,
Oňa duýgularym ýesir düşüpdir...
Lagma bişirdi Günüň howruna
Bagry ýanyp ýatan türkmen çägesi...
«Bagry ýanan yhlasym», «bagry ýanyp ýatan çäge» göýä zenan kalbynyň owazy. Şeýle liriki gahrymanyň juda näzik göwni, juda inçe duýgulary bar. «Gyzyň göwni näzikdir» diýen söze Şähribossanyň goşgularyny okap hasam oňat göz ýetirýärsiň. Onuň duýgulary dünýä gözelligine ýesir düşüpdir. Munuň özi türkmen zenanynyň başdan geçiräýjek ahwalaty. Sebäbi zenan, umumanam, duýgynyň adamy bolýar.
Şähribossanyň juda owadan şahyrana dünýäsi bar. Onda kä şatlykly, kä gamly, käte-de gaty hasratly wakalaram bolup dur. Şoňa garamazdan, zenan kalby söýgi, Watana, ygrara, ahlaga wepalylygyna galýar.
Diýip «Ýaş şahyryň goşgujyklary»
Nesimi dek soýupdyrlar dabanyň.
Eýýup kysmy gemripdirler teniňi,
Ne günlere düşdüň, mahy-tabanym!..
«Şygyr şahyryň perzendidir» diýen pähimden ajaýyp obraz döredilipdir. Ol şygryň teni, dabany, gany bar, ol janly organizm. Munuň özi obraz döretmegiň, janlandyrmanyň ajaýyp nusgasydyr. Obraz döredişiň şeýle täri Şähribossanda kän gabat gelýär. Bu-da onuň zenan talantynyň aýratynlyklarynyň biri bolsa gerek.
NOBATGULY. Ýöne Şähribossan soňky döwürde klassyky forma tas bütinleý geçdi. Meniň şol forma garaýşymy sen bilýärsiň, Osman. Edebi tär hökmünde ol möwritini ötürdi, indi ol tär arkaly täze duýgulary bermek örän kyn, hatda mümkinem däl. Şonuň üçinem, meniň pikirimçe, ýaş şahyr täze formanyň täze mümkinçiliklerini açmak ýoly bilen gitse, has köp utuş gazanarmyka diýip pikir edýärin.
■ Kese söhbet
OSMAN ÖDE. Hormatly okyjy, men şu ýerde söhbetimizi kesip, Nobatguly bilen bagly bolup geçen anekdot şekilli birnäçe wakalary gürrüň berjek. Nobatguly ony kitap çykanda bilip galar. Nobatgulynyň ýazýan zatlaryny okan okyjy ony gam-gussa çekip ýören tragik şahsyýetdir öýdüp göz öňüne getirýändir. Ol şeýle, emma, onuň bilen otursaň-tursaň, tirkeşseň alaýaz. Kyn pursatlarda-da bir gülki tapaýýar. Şolaryň käbirini gürrüň bereýin.
* * *
Bir ýola Nobatguly bir ýazyjy dostunyňka barýar. Görse, «Tiz kömek» çagyrylyp ber-başagaýlykmyş. Lukmanlar ýazyjynyň aýagy döwlen aýalyny zemmere salyp äkitjek bolup durmuş. Nobatguly ýazyjydan näme bolanyny soraýar.
– Wah, ýaňy ýanbaşdan aýagy döwüldi...
Nobatguly bolsa hiç zat bolmadyk ýaly dostuna käýýäp başlapdyr:
– Men saňa aýtmadymmy, aýalyňy depäňe mündürme diýip, wah, ir-u-giç içip ony ýykjagyňy bilýädim – diýipdir.
* * *
Ol «Nahalstroý» diýlen ýerde şahyr Atamyrat Atabaýew bilen köp ýyl duldegşir goňşy bolup ýaşaýar. Nobatguly her gezek baranda Atamyrada:
– Atamyrat, seret, hol potologyň ýanynda pejiň turbasy eräpdir, täzele ony – diýip, iki-üç gezek aýdypdyr. Atamyrat bolsa äwmän:
– Aý, üns berme, basym gyş çykar – diýýärmiş.
Bir günem Atamyradyň gykylygy gelýärmiş. Nobatgulam ylgap barýar, görse, peç turbasynyň erän ýerinden petige kemsiz ot düşüpdir, öý ala tüsse. Atamyrat aljyrap solýarka bilen ýanýan pejinem pola agdarypdyr. Çym-gyzyl bolan pejiň içindäki solýarka-da pola dökülip, jaý gidip barýarmyş. Ýer doňak, grantda bolsa suw ýok. Bagry bilen gatap galan. Atamyrat halys ugruny ýitirip:
– Jaý gitdi, näm ederis? – diýip, oňa sala salýar.
– Üns berme! Basym tomus geler – diýip, Nobatguly jogap beripdir.
* * *
Bir gezek «Türkmenistan kommunisti» žurnalynyň redaksiýasynda Ata Yklymow, men, Nobatguly dagymyz otyrkak, biri geldi. Şahyram, bizem geleni halamzokdyk. Ýaňky gelen:
– Päheý, halys itim çykdy, öldüm-ow! – diýip, halymsyrap, oturgyja özüni goýberdi.
– Sen ony güjükkä çykaryp goýberen bolsaň, beýle heläk bolmazdyň – diýip, şahyr onuň içi güjüklidigini gülki bilen ýelmäp goýberdi.
* * *
Bir gyzyň doglan günüdi. Şoňa bir Roza atly gyz gutlamaga gelipdir. Ozal ony Nobat ikimiz bir gezek görüpdik. Iýildi, içildi, tansa çykyldy, emma, ol gyz tans etmedi. Ol biçäräniň bilinden aşagy, uýat ýeri gyzgyn suwa ýanypdyr. Ony bilen her kim «Bolmandyr-ow!», «Habardarrak bolmaly ekeniň» diýip, gynanç bildirip oňdy. Ýüzläp, keýpini düzlän Nobatguly bolsa:
– Keýgim, ýanyk diýen zada men beletdirin. Baý-bow! Hudaý hatda duşmanyňa-da görkezmäwersin. Ýürek näme, şolam ýananda çydap bolanok. Beden ýansa-ha asyl hem çydap bolmaz. Ne oturyp bilersiň, ne ýatyp...
Uýalyp oturan gyz oňa:
– Sag boluň, joramam şeýle gynanmady...
– Keýgim, şol ýananja ýeriňi bir görkez, meniň gynanşymy onsoň görersiň!..
* * *
...Bir gezek Nobatguly bir şahyra arak içirjek bolýar, işiň ahyrynda. Men oňa:
– Ol içip öýüne barmaga gorkýar – diýdim.
– Akmak! Züwwetdin! Sendenem bir şahyr bormy!? Öýüňde içmäge gorksaň, başga gep! Içeňsoň ol-a heleýiň ýanynamyş, ýolbarsyň kapasasyna-da girip bolýandyr, gorkma! – diýdi.
* * *
Bir gezek Nobatgula bir ýazyjy obadaşy:
– Nobat, içmäňi azalt! Ynha, men-ä içmänem roman ýazyp ýörün – diýdi.
– Seniň şol romanyň-a men içmän ýazman hem bilerdim...
* * *
Bir gezek içiniň garasy ýüzüne çykyp giden ýazyjyny oňa görkezip:
– Munuň içi dagy näteňetkä? – diýdim.
Nobatguly:
– Çöwrülen negre jort atsa gerek – diýip, ol jogap berdi.
29.05.1993 ý.
Nobatguly REJEBOW, Osman ÖDE

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.