Adamdan öň - 2
Adamdan öň haýsy nesilleriň ýaşap geçendigi hakynda gyzykly pikirler döredigiçe täze-täze düşünjeler emele gelýär. Makalamyň geçen sanlarynda Adamdan öň kimleriň ýaşandygy hakynda gürrüň gozgapdym. (http://biz.islenen.ru/43-adamdan-o.html)
Bu makalada hem şol tema degişli gyzykly maglumatlar goşular.
Adamzatdan öňki döwürlerde 6-7 sany nesilleriň ýaşap geçendigi hakda terslin-dogryn maglumatlary bilen aklyňy gorjalaýarlar. Ýöne ine tötänleýin bir kitapda şular dogrusynda maglumat edindim.
Aşgabadyň Milli Golýazmalar institutynda Rahmanberdi Godarow, Muhammet Kasym Hindişa Astrabadynyň Ybraýymyň Gülşeni (''Taryhy Perişde'') atly eserini parsçadan terjime edip ýetiripdir. Şol kitapda şeýle maglumatlar bar: ''Hindileriň nogsanly düşünjelerine, ynamlaryna
görä, bu aýlanyp duran dürli öwüşginli dünýäniň
aýlawy dört döwürdir: Birinjisi: Set ýuk, ikinjisi: Terta ýuk, üçünjisi: Duwapyr ýuk, dördünjisi: Kelibuk. Heran-haçan Kelibuk döwri gutarsa, ýaňadan ýene-de Set ýuk döwri gelýär we Kelibukda gutarýar. Şu ölçege laýyklykda, jahanyň ahwaly hemişe şu görnüşde bolup,
başlangyçdan we soňlanmadan hiç bir alamat, nyşan ýokdur. Ygtybarly kitaplaryň birinde şeýle maglumat nazarymyza ildi:
Bir adam «Arşdan aşakdakylar we ýerden
ýokardakylar barada menden soraň» diýen sözüň eýesinden: (ýagny şony diýen Hezreti Aly diýlip göz öňüne tutulýar)
– Eý, möminleriň emiri, Adam atadan üç müň ýyl öň kim bolupdyr – diýip soraýar. Ol:
– Adam – diýip, jogap berýär. Bu sorag-jogap üç gezek gaýtalanandan soň, ol şahs
dymyp, başyny aşak salýar. Welileriň penakär şasy mübärek dili bilen:
– Eger «Adamdan öň kim bolupdy» diýip, üç müň gezek soran bolsaň-da, Adam diýip, jogap bererdim – diýýär. Hut şu gürrüňden hem älemiň gojaman-könedigine göz ýetirip bolýar hem-de hindileriň garaýyşlaryny hakyky toslama hasaplap bolmaýar.
Öňki brahmanlaryň (hindileriň iň gadymy dinine uýýanlar) käbirleriniň sözünden älemiň
ahyrsoňunda soňlanýandygyny we magşar (direlme) gününiň hakdygyny bilse bolýar. Emma olaryň alymlarydyr bilimdarlary olaryň bu sözlerine şeýle ýorgut
berýärler: ''Hemme ýagdaýda Set ýugyň müddeti bir million ýedi ýüz ýigrimi sekiz müň ýyldyr. Bu döwürde jahandakylar ýagşylykda hem dogrulykda bolup, han-beglerdir garamaýaklar, ululardyr pesler, garyplardyr
baýlar dogruçyllyk we dogrulyk ýörelgelerinden, Allanyň razylygyndan çykmaýarlar. Bu döwürde her adamyň tebigy ömri ýüz müň ýaşdyr.
Beýik hem Belent Alla päkdir. Bu nähili söz we bu nähili ömür?!
Kim köne jahanda ýagşy atdan başga zat tapdy,
Hereket hem aramlygyň özenini kim tapdy.
Bu örtügli tilsim hakda oýlanmak ýalňyşlykdyr,
Jahanyň başyn kim gördi, soňlanyşyn kim tapdy.
Terta ýuk döwrüniň dowamlylygy bir million iki
ýüz togsan alty müň ýyl bolup, bu döwürde adamlaryň üç bölegi Allanyň razylygyna görä bolup, olaryň adatça ömürleri on müň ýyldyr. Üçünji döwür, ýagny Duwapyr ýuk döwri sekiz ýüz altmyş dört müň ýyl dowam edip, bu röwşen zamanada jahandakylar dogruçyl we ýagşy amally bolýarlar. Her adamyň ortaça tebigy ömri müň ýyl bolupdyr. Adam atanyň, Nuh alaýhyssalamyň we şolar ýalylaryň müň ýa-da müňe golaý ýaşandyklaryny hindiler hem kabul edýärler, hem-de: «Olar Duwapyr
ýuk döwrüniň ahyrlarynda ýaşandyklary üçin ömürleri şol mukdarda bolupdyr» diýýärler. Kelibuk döwrüniň, ýagny dördünji döwrüň
dowamlylygy dört ýüz otuz iki müň ýyl bolup, bu döwürde älemdäkileriniň üç bölegi ýalançylyk we nädürslik bilen bolar. Bu döwürde adaty ömür ýüz ýyldyr. Her döwrüň günleriniň düzgün-tertibi şeýledir: Haçanda Kelibukyň mukdary (günleri) dolsa, Duwapyr ýuk döwrüniň (günleriniň) iki essesi hasaplanýar we Duwapyr ýugyň mukdary dolsa, onda ol Terta ýuk döwrüne degişli bolar, haçanda Terta ýuk döwrüniň eýýamy dolsa, onda ol Set ýuk döwrüne degişlidir. Hindileriň hasabyna görä häzir, ýagny Muhammet
pygamberimiziň göç eden gününden bir müň on bäş ýyl geçen wagty Kelibuk döwründen dört müň alty ýüz segsen dört ýyl geçipdir.
Älemiň köneligi geň,
Ynsanyň täzeligi geň.
* * *
Bu gadymy älemiň başlangyjy görnenok,
Bu köne sahypadan bir söz göze ilenok.
Jahanyň çar künjüne aýlansam-da hernäçe,
Hiç bu çarhy pelegiň baş-aýagy bilnenok.
Hindileriň aýtmaklaryna görä, Haktagala ilki bäş elementi ýaradypdyr. Dördüsi şol meşhur elementler, bäşinjisi hem Akas. Soňra dürli gapma-garşylykly rowaýatlara görä, Brahma
atlandyrylýan bilim asylly, ýalňyz esasly bir şahsy ýokluk äleminden barlyk
älemine getirip, ony ýaradylyşy döretmäge serişde we Älemi ýaratmaga esas edýär. Akas elementi diýmekden göz öňünde tutulýan zat, hindileriň garamaýak ilatynyň aýtmaklaryna görä asmandyr. Emma olaryň aýratyn alymlary ony ret edip, şeýle pikir ýöredýärler: Hint akyldarlary asmanyň asmanlyk barlygyna
ynanmaýarlar. Ol görünýän zat howadyr. Bu görünýän ýyldyzlar bolsa öňki beýik şahsyýetleriň mukaddes durklary (ruhlary) bolup, olar özleriniň jismany ryýazatlary we ruhy ybadatlary arkaly nurana heýkel we ruhany peýker bolup, ylahy ahlaklar bilen ahlaklanyp, Allanyň soňsuz, çäklenmeýän sypatlaryna
meňzeş sypatlara eýe bolup, beýik hem belent
gatlaklarda seýr edip, öz isleglerine laýyklykda,
ýokarky älemde uçup ýörler. Olaryň içinden kämil derejelere ýetenleri uly ýyldyzlara öwrülip, bu aşaky äleme hergiz gaýdyp gelmeýärler. Emma olaryň içinden kämilligiň pes derejesine ýetenler öz ýagdaýlaryna görä belentlik we serwerlik asmanyna çykyp, ýene-de aşaky äleme gaýdyp gelýärler. Diýmek, Akas elementiniň olaryň uly göwrümli kitaplarynda beýan edilişine görä, başga manysy bar
eken. Islän adam şol kitaplara ýüz tutup bilerler....''
Men bolsa kitapdan özüme gerekli şu maglumatlary alyp galdym. Onuň galan bölegi gadymy Hindi rajalary (şalary) hakynda gidýär. Ony dowam etdirsek hem temadan daşlarys.
Hindileriň gadymy ynançlaryna degişli bu maglumatlar örän gyzyklydyr. Onsoňam Gadymy Hindiler hiç hili Nuh pygamberiň ýa-da gadymy döwürde şeýle Tupanyň bolmandygy hakynda aýdýandyklary täsindir...
@Jeksparro

6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.