Bir gelin gördüm ajap, inçe bili bir gujak...

Gelin diýmek bir maşgalaň sütüni, bir ýigidiň ýoldaşy, bir mähriban ene. Şoň üçinem goşgularda köplenç gyzlaryň gözelligi, näzikligi, asyllylygy taryplanýar. Gelinler bolsa adatda eje, wepaly ýanýoldaş hökmünde öwülýär. Bu hiç ýerde ýazylmadyk türkmençilikde bellenilen çäkmikä diýýärin. Ýöne bu elmydama şeýlemidi?
Biziň hemme ýerde görelde hökmünde görkezýän klassik şahyrlarymyzda-da gelinleriň gözelligi bilen birlikde olaryň kaddy-kamaty, göze ýakymly fiziki gurluşyny magtaýan goşgulary ýeterlik duş gelýär. "Yşk mülkiniň şasy" Mollanepesde-de, "Molla" Keminede-de kişiň maşgalasyna gözügidijilik duýulýan setirler bar. Hat-da klasymyzdaky okuwa pes ýetişikli (ikilikçi) oglanlaram beýik şahyrymyz Keminäniň 1 goşgusyny ("Mämeleriň" goşgusy) ýatdan bilýärdi. Diýmek şunça ajaýyp goşgularynyň içinden diňe şony saýlap ýatlan bolsa, olaň özünde bir ýetmezçilik bardyr diýmegiňiz mümkin. Siz mamla diýeli. Aslynda erbet zatlara çalt ýykgyn etmek bu adamzadyň naturasynda bar. Mundan gelip çykýar, kişiň maşgalasyna açgözlük bilen seretmegiň özi biz üçin klassika.
Söýüp okaýan şahyrym Kerim Gurbannepesowyň goşgularynda-da iliň gelinleri barada öwgüli sözler az däl. Ýöne intellekti aşa ýokary bolan ussadymyz bu işi örän inçelik bilen ýerine ýetirýär. Ol geljekde nesilleriň dillerinde dessan bolup öwreniljegini bilmedik klassik şahyrlarymyz ýaly "Golumy salyp ýakaňdan" diýenok. Ol muny "Ýagşyny wasp etmek şahyra adat" diýen ýaly mylaýym sözler bilen beýan edýär.
Çagalyk döwrümde obamyzda tutulýan ähli toýlarda 1 aýdym 10 ýyllap dagy moda bolandyr. Sözleri şeýleräk:
Bir gelin gördüm ajap,
Inçe bili bir gujak,
Ýöne onuň ýary bar,
Söz aýtsam muny duýjak.
Ýary diýilýän onuň äri bolmaly ýalňyşmasam. Diýmek, äri duýmasa, gelinem "ajap" bolsa onda pursady elden bermeli däl. Ýöne bizde barybir namys barada gürrüň edilende galan zatlar bir gyra zyňylýar. Ömürboýy sogap, din-diýanat diýip ylgasada namys-ar orta düşse "Arym köýenden imanym köýsün" diýýän millet bu.
Bir obadaşym bar. Bizden 10 ýaş dagy ulurak. Namysjaň oglan. Ýöne näme üçindir, aýalynyň geýnişine umuman üns berenok. Aýalam "sowremennyý", öte dar geýinýär, köýnek geýeni, geýmedigi bir ýaňkyň. Obamyzdan ýene bir "heleýbazrak" biri ýaňky geline "söz aýdypdyr". Turupdyr bir galmagal. Bulam muny ärine aýdypdyr. Garaz, ýaňky söz aýdan-a döwük-ýenjik bölümine, uranam polisiýa bölümine 15 gün dynç alyşa ugradylypdyr. Bu ýerde günäkär ýaňky söz aýdan diýip pikir edýärsiňiz. Ýöne meniň pikirimçe bu ýerde üçisem deň günäkär, aýal-a şolar ýaly "wyzywaýuşiý" geýineni üçin, ärjanam wagtynda muňa garşylyk bildirmedigi üçin.
Soňky döwür gyz-gelinleriň arasynda giň köýnek geýinmek moda bolan ýaly. Şuny kim çykaranam bolsa 2 dünýäsi abat bolsun.
Ýigitlerimizi namysdan, gelin-gyzlarymyzy haýadan aýyrmasyn...
15 лайков 630 просмотров
43комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
12 авг 2022, 16:17
pikirlerine goshulsam bolyamy?
Aýnur
12 авг 2022, 16:26
Gaty dogry pikir brawo ýazanyňyza sag boluň!
arzyhal123
12 авг 2022, 17:05
Hemme diyenleriñem dogry
No name
12 авг 2022, 18:20
Soňky döwür gyz-gelinleriň arasynda giň köýnek geýinmek moda bolan ýaly. Şuny kim çykaranam bolsa 2 dünýäsi abat bolsun :)
Saksofonist
Автор 12 авг 2022, 18:34
Soho,
Bolýar
Saksofonist
Автор 12 авг 2022, 18:35
Mona Songz,
Sizem sag boluň
Saksofonist
Автор 12 авг 2022, 18:35
arzyhal123,
Minnetdar
Kleopatra
12 авг 2022, 20:40
Owal bashda Allah ozuňe bersin name berse-de.Utanch-hayadan,ynsapdan-wyzdandan,ar-namysdan dashlashdyrmasyn.Edýäs edýas ozumiz edyas.Hemme po*y iyyan ozumiz.Dine ozumiz gunakar
Aýsere
12 авг 2022, 21:27
Giň köýnek moda bolsa-da häzirem dar geýýänler bar. Zenanlarymyza akyl paýhas berewersin
Kleopatra
12 авг 2022, 21:44
M-11.
Giň köýnek moda bolsa-da häzirem dar geýýänler bar. Zenanlarymyza akyl paýhas berewersin

+Erkeklerede= herkim deň ayak basya hickim-hickimden otri gidenok.Deňhayukdan gunakar jemgyyet, Gorelde bolyanam yerine yetiryanem hoplayanam alkyshlayanam ozumiz.Yektuk akylly bashly bar,bolayanda-da bir pozguc garany basmana guyji yetmez.
Milana
12 авг 2022, 21:52
Aydasym gelyan zatlarym kop, wagt yok. Bir aytjak zadym makalany yazanyn ellerine saglyk. Dogry pikiri orta atypdyr. Ozumem wagtynda orslasyp son okunenlerin biri. Hic yurdunka menzemeyan owadan milliliklermizin gorki gormegi bir basga.
Su babatda aydymcy zenan Zuleyha Kakayewanyn tagallasy uludyr. Sony oykunibem milliliklerimize yykgyn edyan yaslarymyz kopeldi.
Izma
12 авг 2022, 21:58
M-11.,
"Sebäbi özüm-dä derek ýok" diýdiň şutaýda.
Kleopatra
12 авг 2022, 22:03
Milana
Aydasym gelyan zatlarym kop, wagt yok. Bir aytjak zadym makalany yazanyn ellerine saglyk. Dogry pikiri orta atypdyr. Ozumem wagtynda orslasyp son okunenlerin biri. Hic yurdunka menzemeyan owadan milliliklermizin gorki gormegi bir basga.
Su babatda aydymcy zenan Zuleyha Kakayewanyn tagallasy uludyr. Sony oykunibem milliliklerimize yykgyn edyan yaslarymyz kopeldi.

Ay o bendede źir yygnajak bolup eden hokgajygynyň moda boljagny na bilsin)
arzyhal123
12 авг 2022, 22:43
Zenanlarada erkeklere akyl huşy bolyrakdan berewersin yokardaky
DonMaxx
13 авг 2022, 03:50
sasedkam bar tatarka prosto jana ?kume yaly)))
Aýsere
13 авг 2022, 05:36
iKONic,
Şeýle many çykaran bolsaň sen kelläñde derek ýok
Aýsere
13 авг 2022, 08:10
Kleopatra,
Köýnek babatynda diýdim
Yusup
13 авг 2022, 08:29
Her kim oz ayalyna eye chyksa bular yaly zat bolmaz
Izma
13 авг 2022, 09:38
M-11.,
Gazyp alyp tapar ýaly üýtgeşik çuň many ýok otaýda.
Kleopatra
13 авг 2022, 10:25
M-11.
Kleopatra,
Köýnek babatynda diýdim

Giñ geyibem etjegini edip yorler.Azgyn adam giñ koynegiň icinde-de eder poh ishini
Kleopatra
13 авг 2022, 10:28
M-11.
Kleopatra,
Köýnek babatynda diýdim

Ya-da "Giň koynek geysem akylly men" diyyanlerdenmi senem nosowlan))
Serdar
13 авг 2022, 10:30
Ýalyklylara seredemok. Gyzlaram özünden görsün neto ýagdaýa düşüp galynsa.
Yusup
13 авг 2022, 10:32
Adamy hic hacan geyyan eshigine seredip baha berman
Yusup
13 авг 2022, 10:35
Her dar geynene soz aydylanok. Soz aytdyrmagyn yoluny gelinlerin ozleri me sana bolya. Koplenc awtobusda koplenc yolda. Edep hayasyny gidiren gelinlere soz aydaymaly. Mysal un kopchulikde yol boyy telefonda gurleshse chigit chigitlap otyrsa gozlerine seretse. Seretmeginem wagty bar bir gezek gozun kaklyshar zol zol kaklyshmagy mumkin dal.
Kleopatra
13 авг 2022, 10:41
Anil Kapur
Adamy hic hacan geyyan eshigine seredip baha berman

Chishik plyus pikirlerne goshulyen
Yusup
13 авг 2022, 10:44
Kleopatra,

Horragam bolya bize plyusyn)
Aýsere
13 авг 2022, 11:40
Kleopatra
M-11.
Kleopatra,
Köýnek babatynda diýdim

Giñ geyibem etjegini edip yorler.Azgyn adam giñ koynegiň icinde-de eder poh ishini

Barybir etjegini etýän bolsa eýlesini beýlesini çykaryp göze ilginç bir geýinmesin
Aýsere
13 авг 2022, 11:43
Kleopatra,
Goýber ýakamy dogan. Bar özüň ýalylar bilen oýna
Kleopatra
13 авг 2022, 11:44
M-11.
Kleopatra,
Goýber ýakamy dogan. Bar özüň ýalylar bilen oýna

Sen yaly sherraýyň yakasyna elim yanashmasyn
Kleopatra
13 авг 2022, 11:45
M-11.
Kleopatra
M-11.
Kleopatra,
Köýnek babatynda diýdim

Giñ geyibem etjegini edip yorler.Azgyn adam giñ koynegiň icinde-de eder poh ishini

Barybir etjegini etýän bolsa eýlesini beýlesini çykaryp göze ilginç bir geýinmesin

Her kishi vkusyna gora geyya.Ozuňe erk edip bilyan bolsan seretme ilin eylesi beylesi bln na ishin