Bir gelin gördüm ajap, inçe bili bir gujak...

Gelin diýmek bir maşgalaň sütüni, bir ýigidiň ýoldaşy, bir mähriban ene. Şoň üçinem goşgularda köplenç gyzlaryň gözelligi, näzikligi, asyllylygy taryplanýar. Gelinler bolsa adatda eje, wepaly ýanýoldaş hökmünde öwülýär. Bu hiç ýerde ýazylmadyk türkmençilikde bellenilen çäkmikä diýýärin. Ýöne bu elmydama şeýlemidi?
Biziň hemme ýerde görelde hökmünde görkezýän klassik şahyrlarymyzda-da gelinleriň gözelligi bilen birlikde olaryň kaddy-kamaty, göze ýakymly fiziki gurluşyny magtaýan goşgulary ýeterlik duş gelýär. "Yşk mülkiniň şasy" Mollanepesde-de, "Molla" Keminede-de kişiň maşgalasyna gözügidijilik duýulýan setirler bar. Hat-da klasymyzdaky okuwa pes ýetişikli (ikilikçi) oglanlaram beýik şahyrymyz Keminäniň 1 goşgusyny ("Mämeleriň" goşgusy) ýatdan bilýärdi. Diýmek şunça ajaýyp goşgularynyň içinden diňe şony saýlap ýatlan bolsa, olaň özünde bir ýetmezçilik bardyr diýmegiňiz mümkin. Siz mamla diýeli. Aslynda erbet zatlara çalt ýykgyn etmek bu adamzadyň naturasynda bar. Mundan gelip çykýar, kişiň maşgalasyna açgözlük bilen seretmegiň özi biz üçin klassika.
Söýüp okaýan şahyrym Kerim Gurbannepesowyň goşgularynda-da iliň gelinleri barada öwgüli sözler az däl. Ýöne intellekti aşa ýokary bolan ussadymyz bu işi örän inçelik bilen ýerine ýetirýär. Ol geljekde nesilleriň dillerinde dessan bolup öwreniljegini bilmedik klassik şahyrlarymyz ýaly "Golumy salyp ýakaňdan" diýenok. Ol muny "Ýagşyny wasp etmek şahyra adat" diýen ýaly mylaýym sözler bilen beýan edýär.
Çagalyk döwrümde obamyzda tutulýan ähli toýlarda 1 aýdym 10 ýyllap dagy moda bolandyr. Sözleri şeýleräk:
Bir gelin gördüm ajap,
Inçe bili bir gujak,
Ýöne onuň ýary bar,
Söz aýtsam muny duýjak.
Ýary diýilýän onuň äri bolmaly ýalňyşmasam. Diýmek, äri duýmasa, gelinem "ajap" bolsa onda pursady elden bermeli däl. Ýöne bizde barybir namys barada gürrüň edilende galan zatlar bir gyra zyňylýar. Ömürboýy sogap, din-diýanat diýip ylgasada namys-ar orta düşse "Arym köýenden imanym köýsün" diýýän millet bu.
Bir obadaşym bar. Bizden 10 ýaş dagy ulurak. Namysjaň oglan. Ýöne näme üçindir, aýalynyň geýnişine umuman üns berenok. Aýalam "sowremennyý", öte dar geýinýär, köýnek geýeni, geýmedigi bir ýaňkyň. Obamyzdan ýene bir "heleýbazrak" biri ýaňky geline "söz aýdypdyr". Turupdyr bir galmagal. Bulam muny ärine aýdypdyr. Garaz, ýaňky söz aýdan-a döwük-ýenjik bölümine, uranam polisiýa bölümine 15 gün dynç alyşa ugradylypdyr. Bu ýerde günäkär ýaňky söz aýdan diýip pikir edýärsiňiz. Ýöne meniň pikirimçe bu ýerde üçisem deň günäkär, aýal-a şolar ýaly "wyzywaýuşiý" geýineni üçin, ärjanam wagtynda muňa garşylyk bildirmedigi üçin.
Soňky döwür gyz-gelinleriň arasynda giň köýnek geýinmek moda bolan ýaly. Şuny kim çykaranam bolsa 2 dünýäsi abat bolsun.
Ýigitlerimizi namysdan, gelin-gyzlarymyzy haýadan aýyrmasyn...
15 лайков 630 просмотров
43комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Kleopatra
13 авг 2022, 11:47
M-11.
Kleopatra
M-11.
Kleopatra,
Köýnek babatynda diýdim

Giñ geyibem etjegini edip yorler.Azgyn adam giñ koynegiň icinde-de eder poh ishini

Barybir etjegini etýän bolsa eýlesini beýlesini çykaryp göze ilginç bir geýinmesin

Her kishi vkusyna gora geyya.Ozuňe erk edip bilyan bolsan seretme ilin eylesi beylesi bln na ishin
M-11.
Kleopatra,
Goýber ýakamy dogan. Bar özüň ýalylar bilen oýna

Sen yaly agzynyň gulpyny aldyranyň yakasyna degiryan elime źal...
Aýsere
13 авг 2022, 11:48
Anil Kapur
Adamy hic hacan geyyan eshigine seredip baha berman

Akylly gyz gelinler ýelmesdirip geýmez
Kleopatra
13 авг 2022, 11:50
Bulam bir mollaly aytgynyň ujundan bardy.Kopchulikde "Akyllysyramak gerek dal" meniň agama yok beyle mahabata bakyp seni torume alar yaly
Yusup
13 авг 2022, 11:54
Kici wagtymyz iki oglan urushsa bu senin ejen buda sen ejen diyip yerechyzardylar. Kim birinji tuykurse "Sen menin ejeme tuykurdin" diyip turardy urush. Gapdalda seredip duranlar "Galan heley" diyip onkuden beter gijjelardiler.

Gyzlar azyrak urushyn. Ertirede goyun azajygyny)
Aýsere
13 авг 2022, 11:57
Anil Kapur
Adamy hic hacan geyyan eshigine seredip baha berman

Sen şeýdäý.Geýinmegiñ medeniýetini bilmeýän süpüljiräp ýören ysnat bn ykjam geýinýänleri deň göremizok biz
Yusup
13 авг 2022, 11:57
Bir gezek bir gyz astanowkada gurleship dur "Oglana seretdirmek un dal ozum un ozume seredyan" diyip telefonda anyrka gurrun berya. Menden bashga yene astanowkadakylan hemmesi seretdi. Diymek ozune seretdirmek un ozi bahana. Duranlary seretdirdi. Oz ozuni dine aynanyn onunde seredip bilya
Aýsere
13 авг 2022, 11:58
Kimiň şerraýdygy ýazýan teswirlerindenem belli
Kleopatra
13 авг 2022, 12:01
Anil Kapur
Bir gezek bir gyz astanowkada gurleship dur "Oglana seretdirmek un dal ozum un ozume seredyan" diyip telefonda anyrka gurrun berya. Menden bashga yene astanowkadakylan hemmesi seretdi. Diymek ozune seretdirmek un ozi bahana. Duranlary seretdirdi. Oz ozuni dine aynanyn onunde seredip bilya

Sheyle gyzy gorseň resga oyune alyp gaytdy goyun bakdyr))
Kleopatra
13 авг 2022, 12:02
M-11.
Kimiň şerraýdygy ýazýan teswirlerindenem belli

Ylalashyon apa rast aytyon))
Yusup
13 авг 2022, 12:02
M-11.,

Nace yazgarsanam owsegem goyduryp bolonok sholary. Shonun un dine ozunka berkje bolup geziberyan))
Yusup
13 авг 2022, 12:04
Kleopatra,

Goyun yoga bashka zat bakdyraymasan ona)
Serdar
13 авг 2022, 12:13
Kleopatra,
Saçyndançek sowesh
Gauzen
13 авг 2022, 12:21
DonMaxx
sasedkam bar tatarka prosto jana ?kume yaly)))

eaeae
Victus
13 авг 2022, 12:47
Like+++
Yüreksiz
13 авг 2022, 13:16
Baý bowww bulary siz aýdyp sözüňizi nerwiňizi zaýalap otyrsyňyzaý. Aýdanyň nä haýry.
ssaparay
13 авг 2022, 14:29
Men tikinçi. Eýýäm näçe ýyl bäri giň köýnek geýmek moda bolup gelýär. Şu wagta çenli gaty köp gelin-gyza köýnek tikdim. Şolaryň hijisem "Köýnegim dar bolsun" diýip aýdanok. "Giň, ýakasy ýapyk, ýeňi uzyn bolsun" diýip sargap gidýärler. Giňden giň köýnek geýmek gün günden moda öwrülip barýar. Ýöne näme üçindir henizem gelin-gyzlaryň "Pylan oglan yolda pylan diydi ýa-da pylan oglan gözüni aýyrman seretdi" diýen sözlerini eşidýärin. Diýmek diňe köýnege bagly zat däl bu. Bu meseläniň çözgüdi diňe gyzlarda ýa olaryň eşiginde dälmikä diýýän. Oglanlaram iliň naçar maşgalasyna gabat gelende keseräk sowulsa kem bolmaz. Bu meselede her iki tarapyňam özüne gelişjek hereketi etse gowy bolar.
Victus
13 авг 2022, 14:32
ssaparay,
Diyyan oglanlan islenende bamy
Pyyada
13 авг 2022, 14:56
Dasgary yutdaky gyzlan guni özbekler bilen tajiklere galyp basglapdyr