BATYRGAÝ HEREKET EDIŇ!
Ol iň gowy ýol "batyrgaý bolmak" diýdi.Mundan gowy ýoly bilmänim üçin,men hem oňa goşulýan.
Robert Frost
Bir ýyla golaý wagt dowamynda general Uliss Grant ýurduň esasy derýasy Missisipä golaýrak konfederatlar üçin möhüm strategik ähmiýete eýe bolan, Wiksburg şäherini zabt etmäge synanyşdy.Ol gönüden-göni hüjüm edip gördi,arkadan aýlanyp hüjüm etdi.Derýanyň ugruny üýtgetmek üçin, kanal gazmaga birnäçe aý wagtyny sarp etdi.Suwuň ýokary akymy bilen bentler gurdurup,şähere suw daşan çäkler arkaly, gaýykda ýüzüp barmaga-da synanyşdy,emma bularyň hiç biri netije bermedi.Bu wagt-da bolsa,metbugatçylar ony tankyt etmek bilen başagaýdylar.
Aýlaryň yzyndan aýlar geçsede,hiç hili netije bolmady.Hat-da,Linkoln onuň ýerine başga generaly ugratdy.Täze general goşuny öz eline almaga taýýardy,ýöne Grant gazetlerdäki bolgusyz gürrüňlere üns bermedi.Goşuny täze generala tapşyrmakdan ýüz öwürüp,hereketlerini dowam etdirdi.
Ol konfederatlaryň goragynyň bir ejiz nokadynyň bardygyna ynanýardy.Ol elbetde,ony tapmaga we gerek bolsa,özi şol ejiz nokady döretmäge taýýardy.Onuň soňky herketleri ähli harby taktik düzgünlerine ters geldi.Ol gaýyklaryny derýa tarapdan şäheriň giriş bölegini goraýan artileriýa bateriýalarynyň öňünden alyp geçmäge synanyşdy.Bu örän howply bolup,derýanyň aşakgy akymy bilen barýan gaýyklar yzyna gaýdyp bilmezlikleri mümkündi.
Gijeki bolan agyr söweş we ýangyna garamazdan ähli gaýyklalar ýitgilersiz diýen ýaly duşmanyň deňinden geçip bildiler.Birnäçe günden soň Grant otuz mil aşagyrakdan derýany geçip,Hard Times(Agyr döwür) diýlip atlandyrylýan ýere geldi.
Grantyň taktikasy uly batyrlygy talap edýärdi.Onuň meýilnamasy, iýmitiň uly bölegini taşlap,goşuny derýanyň aşakgy akymy boýunça hereketlendirip,ýolda duş gelen ähli şäherleri yzgiderlikde boýun egdirip gitmekden ybaratdy.
Şu ýagdaýda olar Wiksburga ýetip barýançalar duşman Grantyň asla boýun egmejekdigine düşünip ýetmelidi ijede,duşmanyň söweşjeň ruhy synmalydy.Granty saklap bolanokdy.Onuň ýeňişi beýik bolmasa-da,ýöne ol töwekgellik we özüne bolan ynamy bilen,yzgider ýeňiş gazanyp barýardy.
Eger bir päsgelçiligi ýeňip geçmek isleseňiz,edil şuny özüňize we beýlekilere subut etmeli.Bizi kynçylyklar ýa-da gep-gürrüňler saklap bilenok.Biz garşymyzda duran ähli diwarlary ýumurup taşlaýançak, hereketimizi dowam etdireris.Bize garşy çykmak peýdasyz.
Wiksburkda Grant iki zada düşündi:1.Töwekgellik we boýun egmezlik ýolbaşçy üçin iň möhüm häsiýet.2.Ähli usullary synap görenden soň,kä wagt täze usullary hem ulanmaly bolýar.Duşmandan alynan ok-ýarag we iýmitler bilen esgerleri üpjün etmek, Demirgazyk güýçleri tarapyndan ozal ulanyp görülmedik usuldy.Şeýle bolsa-da,bu usul Günortany ätiýaçlyklaryndan mahrum etmäge we olaryň garşylyk ruhuny syndyrmaga ýeterlik boldy.
Özüne bolan ynamy bilen Grant,diňe bir ýagdaýdan çykalga tapmady,netijesiz ýollardan ýöräp,bütinleý täze,ahyr-soňy barybir ýeňişe alyp barýan ýoly tapdy.
Grant wakasy bu düzgüniň mysaly däl.Bu edil şol düzgüniň subutnamasysyr.Täzelikler ine şeýle keşp edilýär.
Raýan Holideýiň "Päsgelçilik-bu ýol" atly bestseller kitabyndan bölek.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.