Endikmi ýa işsizlik?

Sähelçe boş wagtym bolsa telefony alýanda saýtlara aýlanyp başlaýan. Şu mende endik bolupdurmy ýa halys boş wagtym känmi bilemok. Ony diýsem uzak gün işe güýmenip gije ýarymdan geçensoň ýerime geçsem-de ýene uklamazymdan öň hökman girip görýärin. Ýadawlykdan ýaňa gözlerim süzülip okaýan zatlarym beýnime ýetmän galýan wagtlaram bolýar. Uzak ýola ýolagçy bolsam ýanymda oturan bilen söhbetdeş bolanymdan, bir zada uzagrak nobata durmaly bolanymda töweregimdäkileň gep-gybatyna goşulanymdanam ýene şu saýtlara girenim has gowy ýaly bolup dur. Okaýanam, gyzykly zatlaram köp, bilmeýän zatlarmy öwrenýänem, käbir zatlary sooooň işe güýmenip ýören wagtym ýadyma düşüp ýylgyrýanam, käteler däli ýaly ýekeje özüm sesli gülenimem duýman galýaryn. Käbir halan goşgularmy, hekaýalarmy ejemede okap berýän. Ýöne näme üçin şeýlekäm? Ýa töweregimdäkiler bilen umumy dil tapyşyp bilmeýän garasöýmez birimikäm? Oturup oturup şu soraga jogap berip bilemok.
10 лайков 421 просмотров
33комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Güljemal
Автор 14 авг 2022, 11:57
@Elif. Türkmen saytlardan menem şu ikisinde. Orguvakti.com, nazarca.com ýene Google-dan örümleri, nahar, salat, piçonny öwretýän zatlary gözletýän. Tagamlar.com bardy olam ýapyldy ýa mende açanok.
Güljemal
Автор 14 авг 2022, 11:59
Örümleri öwretýän türkmen dilinde ýekeje-de maglumata gabat gelip görmedim. Rus dilinde türk dilinde gaty köp.
LIDER
14 авг 2022, 12:12
Dertdeşm kinza
LIDER
14 авг 2022, 12:13
Sen yeke dal kiwi
Güljemal
Автор 14 авг 2022, 12:19
@Lider. Biz tanyşmy?
Perishde
14 авг 2022, 12:19
Meň üçinä şu ýagdaý gowy. Bir zat öwrensek, özümize peýda. Gep edip boş oturanyňdan.
noname
14 авг 2022, 12:27
Prastoy telefona gec
Victus
14 авг 2022, 12:39
Aslynda bu bir kesel. Ady yadyma dusenok
Güljemal
Автор 14 авг 2022, 12:41
@danger. Geçip gördüm. Onnada kitapça ýetip gaýtýan başga zada ýaramasada.
Güljemal
Автор 14 авг 2022, 12:43
@Victus. Bolup biler.
Aýnur
14 авг 2022, 13:24
Menem edil siz ýaly günde azyndan 1 gezek girmesem içimi it ýyrtýar :))
Aelita
14 авг 2022, 14:01
Dynç alyşyñ bir görnüşi.
menembiri
14 авг 2022, 15:33
Bižem şeýleräk...
Nazar
14 авг 2022, 17:50
Endik bolaymasa.
Bizem shon yaly. Uzak gun isden sonam gelip giryas
ýüreksözi
14 авг 2022, 18:28
menem şeýle öýüm myhmandan çogp duranam bolsa sitelere bolmanda girip görýän hiç zat okamasamam agşama okamana gowja bloklary belleýän dogrymy aýtsam başgalar bn gepleşip ýanrap otyranymdan bir zatlar okanymy kem göremok hemem kakam hemişe diýýä "Kän geplän kän ýalnyşar" şoň ün geplemän okanyň ýene gowmyka diýýän menä)
Güljemal
Автор 14 авг 2022, 19:09
"Haçan görseñ telefona dañylyp otyrsyñ. Näme bar şonyñda" diýip iňirdeýäler-dä :(
#B.S
14 авг 2022, 19:13
Meniň internetsiz sekundym bir barmyka?
Güljemal
Автор 14 авг 2022, 19:15
@khanture. Sekuntmy? :-?
#динара.
14 авг 2022, 19:54
@Kahnture
Ur diýsek óldürdiñiz)))
parca■
14 авг 2022, 20:53
Saytlar hakda aytsam, tagamlar.cim mende-de açylanok
turkmenkitchen.com sayty bardyr.
Aelita
14 авг 2022, 20:59
ýüreksözi,
Bagyşlañ, soñ okamak isleýän bloglaryñy saýlap bolýarmy saýtda? "Закладки" ýaly.
Ependi
14 авг 2022, 21:02
Bular ýaly saýtlary ýadyňdan çykar. Hiç haçanam ynamdar däl, bir adamyň şahsyýetine degişli, umuman islese ýapar, islese işleder.

Bir zady maslahat bereýin, kelläňe näme pikir, ideýa gelse, ýada birzat hakda höwesjeň bolsaň, ýada birzat hakynda kösenýän bolsaň, umuman hemme zat içinde aýtmakçy bolýanym. Aşakda ýazjak:

Google gözleg etmäni başar, bolany. Iň bolmanda, parnik ekýän bolsam pomidor üçin ilden maslahat soramok. Ýörite poisk berýän, gözleýän, tapýan, türkmençä terjime edýän, zametkama oklaýan, gerek wagtam öwrenýän. Bu saýtlary özüňe uly dereje bilme, diýjek. Saňa uly kömegi diňe "gözleg" tapyp berer. Iň bolmanda ýönekeý mysal bereýin: "kerpiç guýjak, stanok gerek" diýde ýaz, köp zatlary öwrenersiň. Bärde saňa peýda ýok, diňe özüňi aldamak.
ýüreksözi
14 авг 2022, 21:24
Aelita,
ýok men özüm bloknoda bellap goýýana atlaryny
ýüreksözi
14 авг 2022, 21:26
Ependi,
menä bärde edebiýada degişli zatlary okamana gelýän köp bloklarda öwrenmäne zat kän ýöne sizin diýýäniňizem dogry bolup biler
Aksary
14 авг 2022, 21:44
[quote=Elif]saýtlara aýlanyp başlaýan.

Mundan, kitapcydan bashga name saytlar bar? Bilgirje'de bardy.
Kyssahan.blog
Biznes reklama
Hekaya.clan.su
Aksary
14 авг 2022, 21:45
[quote=Aksary][quote=Elif]saýtlara aýlanyp başlaýan.

Mundan, kitapcydan bashga name saytlar bar? Bilgirje'de bardy.
Kyssahan.blog
Biznes reklama
Hekaya.clan.su[/quote]
Ylym.com
Güljemal
Автор 14 авг 2022, 21:49
@Ependi. Menem şeýle özümi gyzyklandyrýandyr zatlary diñe Google-dan tapýan olaram rus ýa türk dilinde.
Güljemal
Автор 14 авг 2022, 21:50
*gyzyklandyrýan
Vagrant
14 авг 2022, 22:58
Menem şeyle, muňa intrnede baglanmak diyilya, adamlaryň ruhyňy çökeriji sözlerini eşdeniňden şörde birzat okap owrenip wagtyňy geçireniň gowy yone yeke kem yeri gozüňe(zrenyaňa) zyyan:(
Vagrant
14 авг 2022, 23:04
Yone şugünler iş başagaylygy bln int girmämi öňkilerden azrak çäklendirdim, bul hem ullakan plyus meň üçin :)