Endikmi ýa işsizlik?
Sähelçe boş wagtym bolsa telefony alýanda saýtlara aýlanyp başlaýan. Şu mende endik bolupdurmy ýa halys boş wagtym känmi bilemok. Ony diýsem uzak gün işe güýmenip gije ýarymdan geçensoň ýerime geçsem-de ýene uklamazymdan öň hökman girip görýärin. Ýadawlykdan ýaňa gözlerim süzülip okaýan zatlarym beýnime ýetmän galýan wagtlaram bolýar. Uzak ýola ýolagçy bolsam ýanymda oturan bilen söhbetdeş bolanymdan, bir zada uzagrak nobata durmaly bolanymda töweregimdäkileň gep-gybatyna goşulanymdanam ýene şu saýtlara girenim has gowy ýaly bolup dur. Okaýanam, gyzykly zatlaram köp, bilmeýän zatlarmy öwrenýänem, käbir zatlary sooooň işe güýmenip ýören wagtym ýadyma düşüp ýylgyrýanam, käteler däli ýaly ýekeje özüm sesli gülenimem duýman galýaryn. Käbir halan goşgularmy, hekaýalarmy ejemede okap berýän. Ýöne näme üçin şeýlekäm? Ýa töweregimdäkiler bilen umumy dil tapyşyp bilmeýän garasöýmez birimikäm? Oturup oturup şu soraga jogap berip bilemok.
33комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.