Dostuma
Dostuma
Däli deňziň garşysyna gaýykly,
Ýör, gideli,
tijen dostum,
kürekle.
Ýaýdanmaly, şowsuzlyk nä aýypmy?
Beýik işe hyjuw barka ýürekde.
Çagalykda at edindik hyşany,
Ýigit çykyp, dosta serbe-ser gezdik.
Dostdan galan ýadygärlik nyşany,
Bir husydyň baýlygyna bermezdik.
Seret, ümür basan kenara seret,
Soň ýatlap ýörmäge göwnüň küýsände
Äkit, bir hepdelik azyga derek
Mähribanyň suratyny kisäňde.
Çola kenar — dolanmajak geçmişdir,
Tupana döş gerip, äkider ýelken.
Ykbal bagty, gör, nirede seçmişdir,
Bir ajap, ýagty gün duşarys, belkem!
Gije. Bag içinde
Gije. Bag içinde, durun täk özüm.
Bakyp dolan Aýyň tegelegine.
Janly-jemende ýok.
Alla ýaranym,
Agaçlar daşyma egele, ine.
Olaryň sulbasy adama meňzeş,
Çar ýanda baş egip, durlar söre-söm.
Olaram yzymdan galmajak ýaly,
Eger öňe ýa-da yza ýöresem.
Azaşmak gorkusy ýok ýüregimde,
Men ýitip giderden kiçidir dünýä.
Emma häzir diň salamda böwrüme,
Ýörän ýolum kötel bolup görünýä.
Agaçlaram pyşyrdady gulagma,
Indi ýoluň hatar, uçut gaýadyr.
Bu dünýäni oýun sanyp, biperwaý,
Ne özüňi, ne özgäni aýadyň.
Soň bir gün şatlygyň armana ýazyp,
Otly tagan bolup, boýnuňdan iler.
Ýanaşyk bolansoň arzuwdyr arman,
Muňa başga zat däl, durmuş diýerler.
Meniň şehit bolan dostlarma meňzäp,
Sedasyz agaçlar durlar söre-söm.
Olaram yzyma düşerler hökman,
Häzir nesip çeken taýa ýöresem.
Çary ÝEGENMYRADOW.
Däli deňziň garşysyna gaýykly,
Ýör, gideli,
tijen dostum,
kürekle.
Ýaýdanmaly, şowsuzlyk nä aýypmy?
Beýik işe hyjuw barka ýürekde.
Çagalykda at edindik hyşany,
Ýigit çykyp, dosta serbe-ser gezdik.
Dostdan galan ýadygärlik nyşany,
Bir husydyň baýlygyna bermezdik.
Seret, ümür basan kenara seret,
Soň ýatlap ýörmäge göwnüň küýsände
Äkit, bir hepdelik azyga derek
Mähribanyň suratyny kisäňde.
Çola kenar — dolanmajak geçmişdir,
Tupana döş gerip, äkider ýelken.
Ykbal bagty, gör, nirede seçmişdir,
Bir ajap, ýagty gün duşarys, belkem!
Gije. Bag içinde
Gije. Bag içinde, durun täk özüm.
Bakyp dolan Aýyň tegelegine.
Janly-jemende ýok.
Alla ýaranym,
Agaçlar daşyma egele, ine.
Olaryň sulbasy adama meňzeş,
Çar ýanda baş egip, durlar söre-söm.
Olaram yzymdan galmajak ýaly,
Eger öňe ýa-da yza ýöresem.
Azaşmak gorkusy ýok ýüregimde,
Men ýitip giderden kiçidir dünýä.
Emma häzir diň salamda böwrüme,
Ýörän ýolum kötel bolup görünýä.
Agaçlaram pyşyrdady gulagma,
Indi ýoluň hatar, uçut gaýadyr.
Bu dünýäni oýun sanyp, biperwaý,
Ne özüňi, ne özgäni aýadyň.
Soň bir gün şatlygyň armana ýazyp,
Otly tagan bolup, boýnuňdan iler.
Ýanaşyk bolansoň arzuwdyr arman,
Muňa başga zat däl, durmuş diýerler.
Meniň şehit bolan dostlarma meňzäp,
Sedasyz agaçlar durlar söre-söm.
Olaram yzyma düşerler hökman,
Häzir nesip çeken taýa ýöresem.
Çary ÝEGENMYRADOW.
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.