Obama: Özge planetalylaryň bardygy subut edilse ''Täze dinler'' ýüze çykyp biler''

OBAMA: "ÖZGE PLANETALYLARYÑ BARDYGY SUBUT EDILSE "TÄZE DINLER" ÝÜZE ÇYKYP BILER"

"Bu meniñ syýasatymy hiç bir ýagdaýda üýtgedip bilmez. Çünki meniñ bütin syýasatym kosmosyñ ortasynda ýüzüp ýören şu kiçijik nokadyñ üstündäki kinniwanja organizmlerdigimiz hakyndaky hakykata esaslanýar".

ABŞ-nyñ öñki Prezidenti Barak Obama sişenbe güni "The New York Times" gazetine beren interwýusynda kosmosdaky ýaşaýşa degişli subutnamalaryñ global jemgyýeti düýbünden üýtgedip biljekdigini aýtdy.
"The Ezra Klein Show"-da Ezra Kleýniñ sowallaryna jogap beren ABŞ-nyñ 44-nji prezidentine özge planetalylaryñ biziñ ýer şarymyzy öwrenýändiginiñ alymlar tarapyndan tassyklanandygy, emma bu syrly jandarlar bilen aragatnaşyk açybiljek ýoluñ heniz tapylmandygy aýdyldy.
Öz esasy syýasy garaýşynyñ üýtgemejegini aýdan Obama dünýä derejesinde birnäçe kişiniñ öz düşünjesine garşy gitjegini bilýändigini aýdyp, birnäçe täze çekişmäniñ ýüze çykjakdygyny çak etdi.
Öñki prezident şeýle diýdi:
- Bu täsin. Munuñ özi menin syýasatymy hiç bir ýagdaýda üýtgedip bilmez. Çünki meniñ bütin syýasatym kosmosyñ ortasynda ýüzüp ýören şu kiçijik nokadyñ üstündäki kinniwanja organizmlerdigimiz hakyndaky hakykata esaslanýar.
Emma gürrüñsiz, özümizi goramak üçin ýaraglanşyga has köp pul harçlamak meseleleri babatda jedeller dörär. Täze dinler orta çykar. Kim bilýär, niçiksi jedellere gireris. Biz biri-birimize garşy argumentler oýlap tapmaga ökde ahyryn.
Obamanyñ çykyşy ABŞ-nyñ Goranmak ministrliginiñ çap edilmegine garaşylan anyklanmadyk uçýan närseler (gapbarçanaklar) we amerikan harby personalynyñ gatnaşan, ýöne mälim edilmedik hadysalaryñ jikme-jik beýan edilen, "gizlin" belgisi goýulmadyk habarnamasynyñ öñüsyrasy boldy.
Öñki amerikan pilotlary geçen birnäçe aýda şuña meñzeş birtopar hadysany jikme-jik gürrüñ berse, käbirleri gören-eşdenlerini maý aýynda "CBS News"-iñ "60 Minutes" gepleşiginde köpçüligiñ dykgatyna ýetiripdi.
Geçen aý gündelik brifingde habarnamanyñ çap edilmegine degip geçen Ak tamyñ metbugat sekretary Jen Psaki mälim ediljek maglumatlaryñ Döwlet Kontrrazwedka gullugynyñ direktoryna baglydygyny aýdypdy.
Psaki "Döwlet Kontrrazwedka gullugynyñ ofisindäki toparymyz, elbetde, bu habarnamanyñ üstünde aktiw iş alyp barýar. Anyklanan ýa-da anyklanmadyk haýsydyr bir howa ulagy tarapyndan asman giñişligimiziñ basylyp alynmagy baradaky habarlara iññän eserdeñ seredýäris we her birini öwrenýäris" diýipdi.

Jon BOUDEN.

02.06.2021 ý.

Çeşme: kitapçy
7 лайков 214 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
28 сен 2022, 09:11
mbah
Ayjahan
28 сен 2022, 10:58
Ýene-de din meselesimi?! Bu ýerde ýene urş boljak öýdýän..
Brock
28 сен 2022, 11:06
Täze dinler (yslamdan soň) ikisini bilýän. Ol ikisinden soňam ýene dörän bolmagy we oňa eýerijileriň sanynyň gaty az bolmagy ahmal
#B.S
28 сен 2022, 11:48
Brock,
Howwa Bahai we Babylykdan başgada köp din bar ondan soňam eýerijileri az sanly satanizm, pastafarianizm, neopaganizm, saýntologiýa, raelizm, new age, neobuddizm, hrislam, antik astranawtlar ynanjy...
Brock
28 сен 2022, 11:56
Khanture,
Hawa ylalasyan. Her hili ynanc bolsada jemgyyete, jemagata ters gelmeyan bolsa gowy.
Brock
28 сен 2022, 11:59
Khanture,
Şu pastafarainizm gülkünjiräk
Brock
28 сен 2022, 12:00
Khanture,
Satanizm baradada kitap bar. Vol.1, vol.2 diýip vol.6 -a çenli. Okasym gelýä welin ählisem tölegli eken. Harsinin nace tomlugyna bilemok. Yone ginisleyin beýan barmyka diýýän
#B.S
28 сен 2022, 12:09
Brock,
Mende satanizmiň öz kitaby bar türkçe Ayetler, Isa, Gerçekler diýip..m
#B.S
28 сен 2022, 12:11
Brock
Khanture,
Şu pastafarainizm gülkünjiräk

Aslynda bu din däl ateis.tleriň oýlap tapan zady
menembiri
28 сен 2022, 12:33
Khanture
Brock
Khanture,
Şu pastafarainizm gülkünjiräk

Aslynda bu din däl leriň oýlap tapan zady

Kimlerin!???
Brock
28 сен 2022, 13:07
Khanture
Brock,
Mende satanizmiň öz kitaby bar türkçe Ayetler, Isa, Gerçekler diýip..m

Poctadan ugraday
Brock
28 сен 2022, 13:08
Khanture
Brock,
Mende satanizmiň öz kitaby bar türkçe Ayetler, Isa, Gerçekler diýip..m

Poctadan ugraday
Muhammedov H
29 сен 2022, 10:54
Hmm bah gaty gowy tazelik! Yone dünýä ýurtlarynyň ahlisinde her hili gizlin zatlar bar. Olar hiç kime ashgar edilmeyar, syrly saklanylýar. Kim bilyar belki Inoplanetalylaryn ozidir, enjamlaryny adamlar hick kime bildirman shuwagt hem owrenyan bolmaklary mümkin. Ms un denizin ¼ hem owrenilmedi. Meksika kenarlaryndan tapylan suwperi jesedinin yzy bomba habar bolmada. Belki ony öwrenip kan zat bilendir, mumkin olaryn yashayan yerini hem tapandyrlar. Yone kabir yurtlar munun yaly zatlary oz bahbidi uchin syr saklayarlar. Bu menin pikrik.