GELIN-GAÝYNATA GÜRRÜÑINDEN...
Öz ejem ýaly gaýynenem we çagalygymda ýitiren kakamyñ deregine goýup gowy görýän gaýynatam bilen oñşugym oñat. Gaýynatam Din işleri ministrliginde işlän pensioner. Hapyzlygyny jemagatlaryñ birinde gutarypdyr. Arap dilini suwara bilýär. Dini bilimlerdenem bilişi hiç neneñ däl. Emma şonda-da öwrenmäge, bilmäge bolan höwesini goýbolsun etmän, üç çagasynyñam ylym adamsy bolmagyny isläpdir. Köplenç pikirlerimiz biri-birine garşy gelýär, käte gahary gelse-de sabyr edip soñuna çenli diñlemegi başarýar. Gazelles sypdyrman okaýar, üstünden ençeme ýyl geçip giden gazet makalalaryny-da ýekän-ýekän sanap bilýär. Aýratynam, Ýewropany görensoñ, ýurdumyzdaky bolup geçýänleriñ üstünden Akif mysaly gynanyp oturýar.
Düýn baýram mynasybetli görme-görüşlikde gürrüñimiz aýlanyp-dolanyp ýene yslama geldi. Gürrüñimiz dört çaryýarlardy. Ebu Bekir, Omar, Aly hakdaky hekaýatlar ony "Sagadat asyry" kesgitlemesiniñ üstünden äkitdi, ol gynanç bilen "gyzym, biz yslama eýerip ýaşamzok" diýdi. Men oña:
- Atam, size bir sowal berip bilerinmi? - diýdim. - Dört çaryýarlaryñ üçüsi, käbirleriniñ pikiriçe Ebu Bekirem - dördüsi-de öldürilipdir. Olary kim öldürdi - şol döwrüñ adamlary. Eýse, pygamberi gören adamlara biz näme diýýäris? Sahaba. Sahabalar hakda pygamberimiziñ (s.a.w) aýdandygy rowaýat edilýän bir sözü-de ýatladaýyn: "Olar asmanyñ ýyldyzlary ýalydyr, haýsysynyñ yzyndan gitseñizem, hakykaty taparsyñyz". Bu sözüñ üstünde, heý, oýlandyñyzmy, atam? "Asmanyñ ýyldyzlary" diýlen sahabalar nädip häkimiýet dawasyna düşdüler? Hezreti Osmanyñ (r.a) döwründe nepotizm (garyndaşparazlyk we ş.m. ýakynlyga seredip wezipä bellemek -t.b.) ýetjek derejesine ýetýär. Bulam-bujarlyklar diýseñ bir ýana. Hezreti Pygamberimiziñ (s.a.w) giýewi Hezreti Aly (r.a) we onuñ çagalary, ýagny pygamberiñ agtyklary şehit edilýär. Dowam edeýinmi: Syffynda, Jemelde, Kerbelada biri-birine garşy söweşenler kimlerdi? Iki tarapam musulman dälmidi? Tragiki wakalar bilen doly bu döwre kim "Sagadat asyry" ("Asrı Saadet") kesgitlemesini goýupdyr? Heý, derñeme mätäçligi duýmadyñyzmy? Has yza saralymy: heniz pygamberimizi (s.a.w) jaýlamankalar Sakifede gelnen kararlaryñ bäşisi-de Kuranyñ prinsiplerine ters dälmidi? Eýsem, "asmandaky ýyldyzlar" nädip düýp prinsipleri ünsden düşürdiler?
Söýgüli gaýynatamyñ gözleri doldy.
- Ganly hadysalar bilen dilimizi kirletmäli, hökman bardyr bir hikmeti. Alla nämäni myrat edipdir, biz bilemzok - diýdi.
Mundan soñ menem sözümi dowam etdirip:
- Seret, atajanym, yslamyñ pygamberleri-de mukaddesleşdirmeýän, hatda pygamberleriñ hatalaryndan mysallar berýän halyna, Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) aradan çykan badyna belli-belli adamlaryñ mukaddesleşdirilmäge başlanmagynyñ ýa-da şunuñ bilen baglanyşykly birtopar rowaýatlaryñ döredilmeginiñ üstünde aýratyn durup geçmek gerek. Şu günki günem görşümiz ýaly, pygamberimiziñ özüne edilmegini islemedik bir topar zady ýa bir partiýanyñ başlygyna, ýa-da bir jemagatyñ kethudasyna edilýär. Hezreti Pygamberimiziñ (s.a.w) "Menem siziñ ýaly adam" sözüne birjigem üns berýän ýok. Käbirleriniñ aýdýan sözleri Kuranyñ öñünde getirilýär. Professor Ahmet Akbulutyñ "Sahabanyñ häkimiýet dawasy" ("Sahabenin İktidar Kavgası”) kitaby şu döwri iñ gowy suratlandyrýan işlerdendir. Häzirki gün başymyzdan geçirýän kynçylyklarymyzyñ, din diýip öwredilýän gaty köp zadyñ baş realistik şertlerde derñelmezliginden bolup bilmezmi? Biziñ bilen bir wagtda ýaşap, hatda birmeñzeş gurşawdakylaryñ (sahabalar muña mysal) edýän işlerine seredenimizde çapraz hereketleri görýän bolsak, onda oturyp oýlanmak lazym. "Musulman şahslar iş başyna gelse, ýurt şeýdip öser, şeýdip adalat bolar, iş oñarýan bilen oñarmaýanyñ tapawudy seljeriler, haksyzlyk bolmaz" gipotezasy çökdi. Örän açyk-aýdyñ ýagdaýda orta şu çykdy: kişi ahlakly bolsa dinini ahlakly ýaşaýar, ahlaksyz bolsa ahlaksyzlygyna dini (jemagatyny, tarykatyny) mümkinçilik meýdany edýär. Ýöne iñ gynandyryjy tarapy, muny molla kasymlara düşündirmek kyn - diýdim.
Togsan ýaşly gaýynatamyñ ah çekişi ýüregimu jyzlatdy. Bilýän, men onuñ agyryly ýarasyna basypdym. Ömrüni Kurana bagyş eden adam. Içiniñ awusyny "Safahatdan" better okap ýeñletdi, her duşan adamyna yslamyñ ahlak dinidigini düşündirip gezdi. Bu adam jemagat terbiýesi bilen ýetişen biri, ol añyndan geçirýän pikirlerini derñeýän mysaly çuñ oýa batdy. Ine, danalyk diýýänim şu. Ine, ferasat (giñ añlama ukyby) şu. Ol ujypsyzja aýlygy bilen birnäçe ýyllap üç çagasyny okadyp, pensiýa çykandan soñ şükranalykda ýaşamaga çytraşýan bu adam meniñ dünýäde gören hakyky musulman şahsyýetlerimden... Men bizi hezil edip diñläp oturan gaýynenemiñ ýüzüne äñetdim. Enejanym... Adamym ýogalansoñ, bagyr awusy bilen çöken bu iki ajaýyp ynsan biri-birlerine direg bolup, çäksiz çydamlylyk bilen gynançlaryny ýaşaýarlar. Maña-da güýç berýärler.
Baýram gününde biraz ýaramajak boldum. Emma bu iki dana ynsan ýene maña melhem boldular. Saglyk we huzur içinde ýeneki baýramlarda didarlaşalyñ, mähribanlar!
Чешме: китапчы

5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.