DOGANA ÝÜZLENME

Göwnüňe getirme "gelmeýär" diýip,
Ýollar ýiter öýdüp göwne getirme.
Bu bolup ýörşümi geňleýär diýip,
Gazaply darama gowşak setirme.

Köňülde orun ýok namut küýlere,
Ir-giç jebisleşer pytran tireler.
Bir ýüp bolsa gowşaklygy güýlere,
Bir Gün dogar.
Olar hökman direler.

Eger, maý bolsady turar-galara,
Biraz ýatyşardy ,belki, derdim meň.
Ýekän-ýekän baryp duralgalara,
Doganlyk ýollaryn berkiderdim men.

Ýodalara bitip gidipdir ot-çöp,
Soňky gülle bolup atylarmysyñ?!
Menem hötjet.
Gitjek.
Ýene-de gitjek
Gözlegine ýiten atalarmyzyň.

Eger, dogup dursa şu çogly Güneş,
Täze gözleglere atarar bizi.
Gykylyk, galmagal, agzala söweş
Tapdan düşüripdi atalarmyzy.

Kör-köpük galmandy gural alara,
Ençeme asyrlap bergi berdim men.
Çat açýança al atymy ykjadyp,
Aýlanyp, öwrülip duralgalara,
Doganlyk ýollaryn berkiderin men

Sungat GURBANGELDIYEW
1 лайков 70 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Elif
Автор 26 июн 2023, 16:41
Üstümde Asmanyñ Bereketi Dur…


Üstümde asmanyñ bereketi dur,

Şükür bilen geçip barýar gün-aýym.

Bir gyrada hyýal ýaly del sudur

Gözün süzüp, gaşyn kakar şelaýyn.

Bazary sowlansoñ ýalan hödüriñ,

Azgyn siller hanasyna çekildi.

Emaý bilen aýryp büdür-südürin,

Añymda heýkel deý ýondum şekilñi.

Munuñ üçin göge elim açmaryn,

Ikibaşdan, haýyr etmez dogalar.

Garañkyny wada beren saçlaryñ

Ogurlyk aýdym deý ýadymda galar.

Kaýdan-kaýan barýanymy unudamda,

Pikirlem bulanyp, gagşanda süññüm.

Uludan dem alyp, gözüm ýumdum-da,

Göçme hyýallaryñ läbigne çümdüm.

Deñzi holtumuna tartar tüweleý,

Dagyñ bir bölegi gaýdar opurlyp.

Haçana çen dowam eder şüweleñ

Her bakyşyñ bolup durka ogurlyk?!

Goý, bu bolsun erkek kimin gaçdygym

Üç eşege bergim bolsun dört eşik.

Ir-u giç karolyñ ýalañaçlygyn

Bir gün ile ýaýar myrtar ördejik.

Şonda, hatda, ýigrenjimem dözmerin,

Jogaplaryn tapman geçsin sowallar!

Tümlüge çagyrýan gara gözleriñ

Ogurlyk aýdym deý ýadymda galar.


06:43
24.03.2020

Sungat GURBANGELDIYEW