Gorkut ata

Gorkut ata Oguz türkmenleriniň akyldary bolupdyr. Ol türkmenleriň gaýa taýpasyndan bolupdyr. Ol VI asyryň ahyrlarynda VII asyryň başlarynda ýaşap geçipdir.
Türkmenlerde paýhasly, ylymly-bilimli il maslahatçylaryna "ata" diýmek däbi bardyr. Gorkut ata akylly, ynsanperwer, pähim paýhasly kişi bolupdyr. Oňa türkmenler uly hormat goýupdyr. Mydama ondan maslahat sorapdyrlar. Ondan ak pata alypdyrlar.
Gorkut ata Muhammet pygamberiň döwürdeşi bolupdyr. Ol yslamy ilkinji bolup kabul edipdir we Mekde-Medinä gidip haj-parzlaryny ýerine ýetiripdir. Soňra gelip yslamy wagyz edipdir, şeýlelik bilen türkmenler köpçülikleýin yslama geçipdir. Gorkut ata kitaby türkmenleriň iň gymmatly edebi çeşmesidir. Onda türkmenleriň edermenligi we gahrymanlygy aňladylypdyr. Başgada nesihat beriji pähimli sözler, nakyllar, atalar sözi ýerleşdirilipdir. Onda:
- Ogul atanyň iki gözüniň biridir.
- Ogul atadan görelde almasa saçak ýazmak.
- Gyz eneden görelde almasa öwüt almaz.

Ýaly nakyllar bolupdyr. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasynyň ýanyndaky şahsyýetleriň ýanynda Gorkut atanyňam heýkeli bar we ol meýdança bezeg berip dur.
2 лайков 897 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Kerbaba
02 окт 2022, 16:42
Горкут ата дине туркменлере дегишли дал.Шу материкде яшаян ахли турки халклара дегишли шахсыет. Азербайжанлара барып совет хокумети беркарар эдилени бари мекдеплерде эдебиятдан Горкут ата барада сапак берлип йор.
Öwreniji
02 окт 2022, 17:02
Gorkut ata dini kabul eden hökümünde Türkleriñ getirýän mysaly, ol wagtla gaýa taýpasy bolmandyr, Oguzhanyñ döwürdeşi diýsegem ýerlikli bolsa gerek, Oguzhan Hunlardan bölünip aýrylyp gaýdanynda Terki man diýip at berýärler, ýagny Gara hanyñ ogly Möte han (Oguzhan) garşy çykanda meniñ ýurdumy terk et diýip aydanynda özüniñ yzyna düşen halkyñ hemmesine terkiler, torkiler, turkiler şeydip turkler we turkmenleriñ gelip çykyşy emele gelipdir, Gorkut ata bolsa, şol döwrüñ derwüşi akyldary bolup, ähli Hun halkynda adygan ýaşok
Alfonse
02 окт 2022, 18:16
Kwadrat kelläniň aýtýany dogry. Opşi şuny aýdaýyn bu ýazgylar meniň dilimden çykan ýazgy däl ýagny diňe okan (okuw taryh kitaplaryny başdan aýak okap ýörün) zatlarymy ýazýaryn. Elimden çykan uly analiz ýazgylar bar olary paýlaşamok paka. Gorkut ata mifik gahryman edil Oguz han ýaly. Gorkut ata barada "Gorkut ata" (Dede Korkut) dessanynda, Oguz han barada "Oguznama" dessanynda beýan edilýär.
Alfonse
02 окт 2022, 18:26
Remezan,
Oguz han hunlardan aýrylanok. Oguzlaryň düýbi Göktürklere (552-745) daýanýar. Ikinji Göktürk döwleti döwründe, gündogar Göktürkde Dokuz Oguzlar bolan. Hersi bir taýpa. Yslam çeşmelerinde olara "Guz" diýilýär. Başgada Dokuz Uýgur taýpalary bolan. Olaryň hemmesi Göktürklere bagly ilki. Oguz adam tembol Orhon ýazgylarynda ilkinji gezek gabat gelýär. Ýöne aýtmaklaryna görä biz günbatar Göktürk döwletine bagly "On Oklar"-dan gelip çykypdyrys. Dokuz Oguzlaryň soňy barada anyk maglumat bolmasada Uýgurlar bilen garyşyp gidendigi aýdylýar. On Oklar hem özlerine Oguz diýýärdiler. Olar Seýhun we Jeýhun derýalarynyň töwereklerine gelýärler Günbatar Göktürk ýykylandan soň. Türk-i iman sözi bolsa XI asyrlarda ýagny Oguz Ýabgu federasiýasy gurlandan soň we arap-türk söweşlerinden soňra emele gelýär tak olam bir çaklama ýagny Türkmanend diýen bar Tercümandan (terjimeçi) gelip çykandygyny aýdýanlar bar düşündirişi köp.
Alfonse
02 окт 2022, 18:32
Remezan,
Tak kakasynyň Gara handygy hem soň dörän bir terim ilki ýagny Uýgurlara degişli ilkinji ceşmelerinde kakasynyň ady Aý han (kagan) yslamdan soňky döwürdäki çeşmelerinde Gara han diýilýär.
Öwreniji
02 окт 2022, 20:28
Hytaýlylaryñ Ilki Gara hataýly dp at berýäler we soņ Hunlaryñ Garahanyñ ýolbaşçylygynda dp başga bir maglumatda aýdylýar, Mote han dp ilkinji hunlaryñ baştutany we ondan soñ yzygiderli hanlar bolup hytaýy heläk edýär, Hytaýyñ arhiw kone yazgylaryndan Öz atlandyryşy bar, ýagny biziñ bilýän Oguzhanymyzyñ ady ýok, ol öz halkynyñ arasynda aýdylypdyr, Gökoguzlar, Ak oguzlar.(Eftalitler) Içoguz, daş oguz hersine bir at bn goyulupdyr, umuman turki döwletleriniñ dil uytgemelerine seredeniñde, şol dilleriñ ähli ulanyş dilleri türkmende bar, Uýgur, Çuwaş şaman (Samani) cukca ýakut, tatar, mogol bularyñ ahlisi gara hytaylylar nesli, olardan Samanitler soñ tire taypa bolunşik dörap Türkiler Seljuklardan soñ türkmenler gelip çykýar, hawa soñam her kim özüçe bir taryha goşant goşýarlar, şeýdip garyşyp gitýär
Alfonse
02 окт 2022, 20:44
Remezan,
Olar ýaly zat ýok gaty ýalňyş maglumatlar öwrenipsiň. Möte han däl Mete diýseň oňaýly bolar. Mete han Hunlaryň hany ýagny ilkinji gezek türkleri bir ara jemläp döwlet derejesine ýetiren şahsyýet. Oguz hanyň ady aýdyşym ýaly "Oguznama" dessanynda geçýär ýagny halklaryň adynyňam ýagny oguz adynyňam gelip çykyşy barada dürli maglumatlar bar. Meselem birinde Oguz sözi "Öküz" sözi bilen baglanyşdyrylýar. Ýada öňki türkçede köplik goşulmasy bilen "Z" goşulmasynyň goşulmagy bilen Ok+z, ýagny oklar manysynda. Oklaram ol döwür taýpalar (boýlar) manysynda ulanylýardy. Başgada birtopar düşündirişi bar.
Oguz hanyňam aslynda Mete handygy aýdylýar. Yslamdan soň ony Zülkarneýne, Makedonski, meňzedenler boldy. Oguzlar halk arasynda diýilýärdi diýip nireden okadyň. Eftalylaryňam ak oguz däl ak hunlar. Başgada eftalylara hionitler, kidarlylar, abdallar diýilýärdi. We öňki türkçede türkmeniňkä meňzeş däldi meselem sözleriniň soňunda "yorlar, ediyor, miş" ýaly goşulmalar bardy türklerem şuwagt yapiyormuş, kalkiyorlar şeklinde gürleýärler.