25-nji oktýabr gün tutulmasy
25-NJI OKTÝABR GÜN TUTULMASY
Ýer ýüzüniň haýsydyr bir ýerinde Günüň ýa-da Aýyň tutulandygyny metbugat we teleýaýlym arkaly görensiňiz, eşidensiňiz. Eýsem, Gün nädip tutulýarka? Bu hadysa Aýyň Ýer bilen Günüň aralygyna girmegi esasynda ýüze çykýar. Aýyň bu hereketi Ýere kölege salýar we tümlük ähli ýeri gurşap alýar. Mälim bolşy ýaly, Ýer Günüň daşyndan aýlanýar. Ýeriň hemrasy Aý hem Ýeriň daşyndan aýlanýar. Bu hereket belli aralyklardan Ýeriň haýsydyr bir ýerinde Gün ýa-da Aý tutulmak hadysasyny emele getirýär. Ýagny Gün, Aý we Ýer deň çyzygyň ugrunda ýerleşýär. Ylmyň kömegi arkaly tutulma hadysasyny birnäçe ýyl, hatda asyr öňünden anyklamak mümkin. Gün üç görnüşde tutulýar – halkaly, bölekleýin we dolulygyna. Günüň tutulan wagtyndaky şekiliniň nähili boljakdygy Aýyň, Ýeriň we Günüň hereketine bagly bolýar. Aý Ýeriň daşyndan aýlanýan mahaly ellips şekilinde bolýar we özara uzaklygy yzygiderli üýtgeýär. Tutulma wagtynda Aý Ýere ýakyn bolsa, diametri Günüňkiden has uly bolup görünýär we Günüň ýüzüni tutuşlygyna diýen ýaly örtýär.
Aý Ýerden uzakda bolsa, Güni tutuşlygyna örtüp bilmeýär, diňe içki bölegini ýapýar. Muňa halkaly Gün tutulmasy diýilýär. Aý durýan ýerine baglylykda, Günüň belli bir bölegini ýapýan bolsa, bölekleýin Gün tutulmagy diýilýär. Ýylyň dowamynda Gün tutulma hadysasy dünýäniň dürli ýerinde 2-5 gezek bolup geçýär.
Şu ýylyň 25-nji oktýabrynda gün tutulma hadysasynyň bolup geçmegine garaşylýar. Bu bolup geçjek gün tutulmasynyň görnüşi bölekleýindir. Bu tutulmanyň möhüm tarapy bolsa biziň ýurdumuzda gözegçilik etmäge mümkinçiligiň bardygy. Aşakda ýurdumyzyň esasy şäherlerinde gün tutulmasynyň başlanýan wagty, orta pursaty, gutarýan wagtlary hem-de tutulmanyň magnitudasy (ýapylma möçberi) berildi.
Balkanabat:
Başlanýar: 15:07
Orta pursat : 16:24
Soňy: 17:35
Magnituda: 70,1%
Tejen:
Başlanýar: 15:20
Orta pursat : 16:34
Soňy: 17:42
Magnituda: 69,7%
Mary:
Başlanýar: 15:21
Orta pursat : 16:35
Soňy: 17:43
Magnituda: 70,2%
Türkmenabat:
Başlanýar: 15:20
Orta pursat : 16:34
Soňy: 17:41
Magnituda: 72,2%
Daşoguz:
Başlanýar: 15:10
Orta pursat : 16:26
Soňy: 17:35
Magnituda: 74,4%
Aşgabat:
Başlanýar: 15:22
Orta pursat : 16:37
Soňy: 17:44
Magnituda: 68,8%
Howpsulzyk çäreleri. Gözlerimizi günüň ýiti şöhlesinden nädip goramaly?
NASA-nyň hünärmenlerniň berýän maslahatyna görä, gün tutulmasyny synlamak üçin aşakdaky materiallar ulanylmaly däldir:
1. Islendik görnüşli günden goraýjy äýnek
2. Film lentasy
3. Lukmançylykda ulanylýan rentgen lentasy
4. Garaldylan aýna
5. Kompakt diskler
Bu materiallarda gün tutulmany synlamak mümkin bolsada, ol gözüň görejine uly zeper ýetirip biler. NASA hünärmenleri gözümizi güniň ýiti şöhlesinden goramak üçin aşakdakylary maslahat berýär:
1. Gün tutulmasyny synlamak üçin ýörite äýnekler
2. Kebşirleýjileriň gözüni goramakda ulanýan gara aýnasy ýa-da şol aýnadan ýasalan äýnek
3. Gün filtri (solar filter)
4. Obskura kamerasy
Bellik: Gün tutulma pursatynda günüň öňüni galyň bulutlaryň örtmesi, gün tutulmasyny synlamakda päsgelçilik döredip biler.
• Gyzykly maglumatlar:
- Islendik aý we gün tutulma hadysasy 18 ýyl 10, 11 ýa-da 12 gün, 7 sagat 42 minutdan gaýtalanýar bu wagta astronomiýa ylmynda "saros" diýilýär.
- Gadymy hytaýlylar gün tutulmasynda güni äpet aždarhanyň ýuwudandygyna ynanypdyrlar we gün tutulmasynda deprek kakyp ol aždarhany kowupdyrlar.
- Induizm dininiň rowaýatlaryna görä gadym zamanlarda hindi taňrylary ölimsizlik eliksiri ,,Amrita" içip ölümsiz bolupdyrlar. Şonda Rahu atly rokşasa (ýowuz döw) hem bildirmän taňrylaryň arasyna gelipdir. Onuň gelenini aý hudaýy Çandra we Gün hudaýy Surýa baş hudaý Indra aýdypdyr. Şol wagty Rahu Amritany içip duran eken. Mohini atly hudaý (Wişnu hudaýynyň aýal awatary) çaltlyk bilen Rahunyň kelesini goparypdyr. Amrita Rahunyň bokurdagyndan bedenine geçmänsoň onuň diňe kellesi ölümsiz bolup galypdyr. Rahu öziniň äşgär edileni üçin gün bilen aýdan nägile bolup olary ýuwutjak bolýarmyş. Rahu olary ýuwutsa-da boýny kesilendigi sebäpli olar ýene erkinlige çykar eken.
- Gün tutulmasynyň yz ýany ýer titremelerine sebäp bolýandygy barada ynançlar bar. Emma astronom we geolog alymlar tarapyndan gün tutulmasynyň ýer titremelerine sebäp bolýandygy subut edilmedi.
#Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy

10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.