BMG baýdagy

Bu bolsa Birleşen Miller Guramasynyň baýdagy
7 лайков 267 просмотров
17комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ahmet
08 янв 2023, 22:12
Demirgazyk polýusyň depesinden alnan suratmy dost?
Şeýdip iç ýakan sorag bereýin-le :D
#B.S
Автор 08 янв 2023, 22:14
Vekil_City,
Hä agzyma gowy söz geldi, diýmäýin. Şo derejede içýakgyç adam bolor ekenow ??????. Dost ol demirgazyk polyusyn ustunden alnan surat däl. Ol tekiz ýerçileň kartasam däl. Gaýtam togalak ýeriň Azimutal proýeksiasynda çekilen kartasy!
Ahmet
08 янв 2023, 22:14
Khanture:
Ýok Vekil_City, dg polýus ýeriň merkezi. Eta lowuşka — diýsene :D

Dost degişýändirin, öýkelediki kok :D
#B.S
Автор 08 янв 2023, 22:15
Vekil_City,
Eger ol DG polýusyň depesinden alnan surat bolanda ekwatordan gunortasy gorunmezdi.
Ahmet
08 янв 2023, 22:22
Khanture
Vekil_City,
Eger ol DG polýusyň depesinden alnan surat bolanda ekwatordan gunortasy gorunmezdi.

Eý waý, şu wagt aýdaňsoň seretdim welin, Täze Zelandiýa çenli görünip dur. Awstraliýa, G.O Amerikanyň Braziliýadan aşagy, Afrikanyňam ekwator çyzygyndan aşagy hem bar. Her karta her hili-laý?
Ahmet
08 янв 2023, 22:22
Khanture
Vekil_City,
Eger ol DG polýusyň depesinden alnan surat bolanda ekwatordan gunortasy gorunmezdi.

Eý waý, şu wagt aýdaňsoň seretdim welin, Täze Zelandiýa çenli görünip dur. Awstraliýa, G.O Amerikanyň Braziliýadan aşagy, Afrikanyňam ekwator çyzygyndan aşagy hem bar. Her karta her hili-laý?
#B.S
Автор 08 янв 2023, 22:26
Vekil_City,
Ýeri togolak diyip alsak hic bir karta dogry dal. Sebabi togalak yer yuzuni tekizlige proyeksiya etmek mumkin dal ka yeri ulaltmaly ka yeri kiceltmeli. Internetde map projections diyip gozledip suratlara seretsen kartalary proyeksiya etmegin durli dumen gornushleri cykya. Eger bir kartany takyk diyip aljak bolsan dine Globusy alyp bilersin. Globusdan dasharky ahli tekizlikdaki kartalar ýalňyşdyr. Has dogrusy 3D togalak globusy 2D tekizlik karta gecirmek yalňyş!
Ahmet
08 янв 2023, 22:29
Khanture,
Onda ähli mekdeplerdäki asylgy duran dünýä kartalary ölçegleri (ýurtlaryň tutýan territoriýalary) boýunça ýalňyş-da?! Ýagny, takyk karta däl-dä?
#B.S
Автор 08 янв 2023, 22:33
Vekil_City,
Howwa muny mekdepde öwredenoklar ýöne ýokary okuwda Kartografiýa dersinde öwredilýär. Temaň ady: Kartalaryň proýeksiýalary ?
Ahmet
08 янв 2023, 23:00
Khanture
Vekil_City,
Howwa muny mekdepde öwredenoklar ýöne ýokary okuwda Kartografiýa dersinde öwredilýär. Temaň ady: Kartalaryň proýeksiýalary ?

Bäh, bize-de öwretseler bolmaýamyka ýaňky kartografiýa dersini :))
#B.S
Автор 08 янв 2023, 23:08
Vekil_City,
Ýalňyşmaýan bolsam Çyzuw dersinde öwredilipdi. Anyk ýadymda däl.
Jeksparro
09 янв 2023, 05:49
Kartografiýada öwredilýär hawa... Baý kän kartalar çyzandyryn. Mekdep okuwçy döwürlerim işim şolar ýaly zatdy...
Yusup
09 янв 2023, 07:08
Yer bishmedik sary kerpic mysalynda. Dotburc shekilli
Ahmet
09 янв 2023, 07:30
Rigel
Üýtgeşik adamlaraý siz? Özüňizem işsiz

Işsizligi nirden çykardyň? Özara söhbetdeşlik işsizlikden nyşanmy? Me dislikejagaz sowgatjyk edeýin :)
Yusup
09 янв 2023, 08:39
Kosmosa ucmaly etjek siz
#B.S
Автор 09 янв 2023, 11:14
Rigel,
???
Goklors
09 янв 2023, 22:46
Kosmosdan ýer nahili görünýär? Tegelekmi ýa Togalak? Ine men ýerden aýyň dolan wagtynda görýän ol togalak. Kosmasa men çykyp ýeri synlap göremok. Ýöne kosmosa çykan diňe NASA däl. Tegelek ýeri togalak diýip aldar ýaly. Kosmosda has ösen döwletleriň merkezi bar. Müňlerçe sputnigi aýlanyp ýör. 20a golaý ösen döwletleriň elektron kämil teleskop lary aýlanyp ýör. Olar Goklorsyň obasynda togalak aýy synlaýşy ýaly däl. Ýeriň daşyndan aýlanyp seljerip öwrenýäler. Umulykda alanymyzda dönýäde kosmosy öwrenji guramalaryň 50 mün işgäri bar diýip alalyň, olaryň köpsi aýlyga işleýen ýönekeý alym. Şol alymlar kosmas merkezinden teleskop manitoryndan tegelek ýeri görýärlermikä? "Syryňy dostuňa aýtma, dostyňam dosty bar" diýilşi ýaly bu ylymda açyk bolaýmaly ýaly. Dogurdanam şeýle. Kosmasdan ýeri synlamagy gizläp bolmaýar oňa müňlerçe adam şaýat. Ol 51-nji zona däl. Kosmosy öwrenmekde öne geden döwletler ABŞ, Orsýet, Hytaý, Fra nsiýa, Germaniýa bir çükire tüýkürip "tegelek disk şekelindäki ýere gelinin toglak diýrliň" diýişdilermikä?
Ýer edil mekdepde okuwçylara görkezilişi ýaly globus görnüşinde.

p.s Sorag belgili soraglara sitata getir jogap ber. Özem söz owadanlap diplomatik däl-de gönümel jogap.
Goklors
09 янв 2023, 22:47
"Başga gizlin materik bar, ony gizleýäler." diýşinden biläýmelä. Ona näme iňňemi.
#B.S
Автор 10 янв 2023, 00:02
Goklors,
Ýaponiýanyň kosmos öwreniş gullugy JAXA, Amerikaňky NASA, Russiýaňky ROSKOSMOS, Kanadaňky CSA, Hytaýyňky CNSA we karoçi ähli kosmos gulluklaryň emblemlerine seret, ählisinde hem başaşak V harpyna meňzeş simwol bar. Bu V harpyna meňzeş simwol başgada Masonlaryň emblemasynda bar. Masonlar bolsa dünýäni gizlin dolandyrýan açyk jemgyýet. Olar diňe tekiz ýeri gizleýäler, olar ähli dünýä syrlaryny gizleýäler. covid19 aslynda ýok, tekiz ýer, başga materikler (Atlantida, Mu) , ikinji gün, dünýäniň hakyky taryhy we şuňa meňzeşler...
#B.S
Автор 10 янв 2023, 00:13
Goklors,
Onsoňam men siziň maňa garşy ýazan köp teswirleriňizi okadym we bir zada göz ýetirdim. Siz meň tekiz ýer teoriýama düşünmek o ýerde dursun, bize mekdeplerde öwredilýän Big Bang görnüşli Togalak ýer modeli barada hiç hili bilimiňiziň ýokdygyna. Sebäbi siz özüňiziň goldamaly zadyňyza hem garşy çykan ýerleriňizi gördüm, diýmek siz Ýer togalagy hakynda hiç zat bileňizok. Ýene gelip maňa garşy çykan bolýaňyz. Bar gidiňde Astranomiýa kitabyny okaň!