Özümçe ýoklar...
Giç ýagşy agzalar. Size ähli älem gowulyklaryny arzuwlap, mowzuga başlamakçy.
Arada (-Massimus, sen arada diýen sözi köp ulanýan ýaly göwnüme, seň arada diýeniň haçan bolýa, ilki şony düşünşelile, soň gürrüň beräýersiň bu wakany. Ýogsada, şu wakalar hakykatdanam seň bilen bolup geçdimi, ýa bizi sada görüp basyp ýatyrmyň? Indikide şular ýaly zat ýazjak bolsaň şaýatlaryň bilen bile ýaz ýa-da konferensiýa gurnalan güni olaram süýräp getir, anyklap soraly muny, bolanyna görä.
-Aý aýal dogan, arada sözüni anyk senesi (çislosy) doly ýadyma düşmese ýa-da muny çintgäp ýazmagy möhüm hasaplamadyk ýerlemde ulanaýýan.
-Aý maň-a bildirýän ýeri ýok, seň ýazanlaryňy okajak diýip ölüp ýatamok, ýöne köp ýerde aýaga çolaşansoň gözüme iläýýäň) işdeşim bilen Gyzylarbada (Serdara) iş sapara gitmeli bolduk. Ir bilen Aşgabat stansiýasynda otludan düşüp ýoldaşym bilen bizi garşy alan dostumyň öýüne bardyk.
Dostum bizi Aşgabatlylara mahsus bolmadyk güler ýüzlülik bilen garşy aldy. Gelinem pylanynyň gyzy, olam normalnyý adamlaň uklaýan wagty turup bize çaý bermeli bolanam bolsa gaşyny çytmady (Alla ondan razy bolsun, @Hemedany, şu sözi dirilere aýtmak mümkinmi? Ýa-da başga şular ýaly gowuja söz tapyp ber, diňe sag bolsun diýmek bärden gaýdýar oňa. Şäherde garyndaşlarym köp, ýöne hijisinde olar ýaly myhmansöýerlik ýok. Özüň sylag göterýän dälsiň diýýäňmi, o-da mümkin).
Ýol ýadawlygyny biraz çykaryp Bäherdene ugradyk. Ondan aňrygam Gyzylarbada gitmeli. Bäherdene bardyk sag-aman. Gyzylarbada çenli bir maşyna mündük.
-Ýene bir adam alsam ugrajak diýdi şofýor, bizem iki sany.
Ahyryn geldi bir adam, maýyplar arabasynda, ýaşy 60-lar töweregi, nurana adam, jigitleriňki ýaly özüne gelişýän murtam bar. Arabasyny ýygnap bagaža saldy-da maşyndan ýapyşyp zordan mündi şofýoryň ýanyna, düşüp kömek etjek bolsamam göwnemedi.
Şofýoram sözüne mäkäm ekeni göni münüp ugrajak boldy, ýöne ýaňky ýaşuly:
-Ýene bir adam alaý, biraz garaşaýarys, çagalaryň çöregini kem etme diýdi.
Soňam aýdan sözüne utanýan ýaly yzyna öwrülip bize ýüzlendi:
-Siz howlugýan-a dälsiňiz inilem, şofýora garaşaýaly diýdimem welin.
-Aý ýok gaty bir howlukmajam däl diýdim.
Ýöne ýanymdaky ýoldaşym 45 ýaşlaryndaky adam ýüzüni Messi kubogy alandaky meň ýüzüm ýaly edip, bäş deşigini bir ýere getirip:
-Biz-ä gaty howlukmaçdyk diýdi (howlugyp bize gujak açyp oturanam ýokdy, ýöne barmalymy barmalydyk).
Şonda şol ýaşuly şeýle bir utandy.
Garaşylýan dördünjimizem uzak garaşdyrman geldi. Ýaşuly gaty dilewar adam ekeni, ýolda şofýor bilen gürrüňleşip gitdi. Meňem oň bilen gürleşesim gelýärdi. Ýöne ýanymdaky "howlukmaç" eýýäm dilimi gysga edipdi, gürlemäge utandym dogrusy. Bu ýaşuly Börmede galýan ekeni. Şofýor bilen gürleşende Börmeden içerik 1-2 km ýaly girmeli ekeni. Börmäň deňine ýetende maşyny saklady.
-Men şu taýda düşäýeýin.
-Ýok ýaşuly Sizi gürleşişimiz ýaly içerik girip diýen ýeriňizde düşürerin.
-Ýok jigim, bu myhmanlar howlukmaç ekeni, olary ýoldan goýmaly, meň obamam hanha görünip dur.
Ýoldaşym:
-Aý sag bol ýaşuly, howada erbet däl, howlukmany baryberersiň, bizi bir ýoldan goýma diýdi.
-Ýok ýaşuly, howlugýan ýerimiz ýok, şofýor Sizi arkaýyn gürleşen ýeriňize düşürsin, çagamyz aglap diýdim.
Ýöne gaty birsözli, kejir ýaşuly ekeni. Şofýor ikimiziň şunça ýalbaranymyzada seretmän Börmäň deňinde maşyny saklatdy.
Maşyn ýuwaşlyk bilen ýöräp ugrady, men bolsa yzyma gaňrylyp maýyplar oturgyjynda uly ýoldan howlukman aşak inip barýan şol merdana ýaşulyny synladym.
Biz ýoldaşym bilen barjak ýerimize barýançak gürleşmedik. Agşamrak ikiçäk galanda bolsa:
-Özümçe bar, ýok diýip (Özümizçe bar, ýoklar, eýsem olar kimler, aýagy maýyplarmy, ýa-da aňy maýyplar, biziň gol astymyzdaky işgärlermi, garşyňdakyň özüňçe bar ýoklugyny nädip kesgitläp bolýar, ýöne bir zady bilýän, ýanymdaky ýoldaşym täzeden dogulsada şol adam ýaly mert, bir sözli, gaýratly bolup bilmejegini) bu gün meň tarapymy almadyň, ol kim, men kim, beýdip il gözüne özüňi gowy görkezip bilmersiň.
-Agam, howwa, ol kim, sen kim, sen ol ýaşulyň aýak yzyçada ýok. Gaty gördi. Öteräk geçenimi bilýän, ýöne her gezek Börmäň deňinden geçende şol ýaşulyny ýatlaýan we özümizçe bar, ýoklar barada pikir edýän...

9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.