.......3

Bir adam orsýede işlemäge gidip gelip,goňşularynyň ýanynda öwünýärmişin:
-Orsýet,Türkiýe,Dubaý,Fransiýa,Italiýanyň hemme ýerlerinde boldum.Hezil edip aýlanyp geldim.
Goňşularyndan biri:
-Onda sen geografiýanam gowy bilýänsiň?!
-Ýok,men entek geografiýa gitmedim,ýöne o ýere-de barmagy planlaşdyrýan!


Ýaşmakly gelinden maska dakmaklygy talap edipdirler.
Gelin:
-Ýaşmak bilen maskanyň hiç hili tapawudy ýoga.
+Dogrudyr,ýöne siz ýaşmagy her 2 sagatdan çalşaňyzokda.
Gelin:
-Şol maskanam her 2 sagatdan çalşyp oturan adam ýok.


Anakondanyň uzynlygy kellesinden guýrugyna çenli 10 metr,guýrugyndan kellesine çenli 7 metr çykýarmyşyn.
Hepdäniň günleri hem şeýle.
Duşenbeden şenbä çenli 6 gün,şenbeden duşenbä çenli 2 gün.


Poýuz kupesinde iki adam barýar.Olaryň biri ker,ikinjisi bolsa sakgyç çeýneýär.Şonda birinji ikinjä seredip:
-Şepe,aýdýan zatlaryňyzdan peýda ýok.Men baryp ýatan ker-diýýärmişin.


Ependi bir ýere märekä baranda,bosagada köwşüni çykaryp,goltugyna gysdyryp öýe girip barýan mahaly,öý eýesi oňa:
-Ependi,köwşüňizi bosagda goýup gitseňizem bolardy!
Ependi:
-Ýok,meniň köwşümiň bir erbet gylygy bar.Kim "ýör" diýse,aýagyna ilteşip gidiberýär.

Jorajan,adamlara-da haýran galýanda.Düýn bir egin-eşik magazinine baryp,geýim çalşylýan ýerine girsem,diwarda bir deşik bar.Deşikden jyklap seretsem,bir garry adam paket satyp otyr.Haýran galýanda,indi şol garryny deşikden synlamak kime gerek bolduka?!


Iki däli kino görüp otyrlar.Biri ikinjisine:
-Jedel ederismi,oglan özüni köprüden suwa taşlar.
-Jedel etmeli bolsa ederis.Ol özüni suwa taşlamaz.
Jedel edipdirler.Oglan özüni suwa taşlapdyr.Ikinji däli birinji dälä pul uzadypdyr.Birinji däli:
-Ýok,puluň gerek däl.Men bu kinony öňem görüpdim.
Ikinji däli:
-Menem görüpdim.Ýöne,bu tüntaw ikinji gezegem özüni suwa taşlar diýip oýlamandym.


Bir oglan öýlenipdir.Toýde hemmä palow ýetipdir,oglana ýetman galypdyr.
Toý gutarandan soň,oglan daşarda öýkeläp oturanmyşyn.Oglanyn ýanyna dädesi gelip:
-Oglum,bärde näme işleýän?!Gelniň ýanyna gir ahyryn.
-Ýok,girjek däl.
-Näme üçin girjek däl?!
-Han-ha,palow iýenler giribersin!
7 лайков 152 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Perman Izakow
16 янв 2023, 00:56
Poýuz kupesinde iki adam barýar.Olaryň biri ker,ikinjisi bolsa sakgyç çeýneýär.Şonda birinji ikinjä seredip:
-Şepe,aýdýan zatlaryňyzdan peýda ýok.Men baryp ýatan ker-diýýärmişin.

???