"Ýuwentusa" 15 utuklyk jeza
“Serie A”-nyň iň öňdebaryjy kluby “Ýuwentusa” ýene bir ýola uly jerime salyndy. 2006-njy ýylda aşaky liga düşürilen “Ýuwentus” toparynyň maliýe babatda galplyga ýol bereni üçin 15 utugy aýryldy. Şunlukda, “Goja Sinýoranyň” utugy 37-den 22-ä düşürildi. Topar bolsa 3-nji ýerden 10-njy orna düşdi.
Waka nähili başlapdy? 2021-nji ýylyň maý aýynda Turiniň Baş prokuraturasy klubuň 2019-2021-nji ýyllar aralygyndaky 2 möwsüm boýunça maliýe hasabatlaryny seljerýär. Şonda toparyň Turindäki, Milandaky Rimdäki ofisleri barlagdan geçirilýär. Hatda Dibala, Aleks Sandro, Bernardeski ýaly futbolçylar hem maglumat bermek üçin prokuratura tarapyndan çagyrylýar. Netijede, klubuň käbir oýunçylaryň transferinde, aýlyk haklarynda, nähak girdejiler, artyk ýa-da kem görkezilen hasaplar ýaly maliýe boýunça birnäçe galplyk ýüze çykaryldy. Topar jerime almazlyk üçin ýa-da mümkin boldugyça iň az jerimäni almak üçin geçen ýylyň noýabr aýynda klubuň ýolbaşçy düzümi wezipelerini hem taşlady. Janluka Ferraro klubuň täze prezidenti boldy. Ýöne şonda-da klub jerime almakdan sypyp bilmedi. Klubuň 15 utugy aýryldy. Şeýle-de, klubuň degişli ýolbaşçylaryndan Fabio Paratiçi 2,5, ozalky prezidenti Andrea Anýelli 2, Maurizio Arriwabene 2, Federiko Kerubini 1 ýyl 4 aý, Pawel Nedwed 8 aý aýlyk hak almakdan mahrum edildi. UEFA hem dekabr aýynda klub barada maliýe fair-play hem-de lisensiýa babatda bidüzgünçilikler sebäpli iş gozgady. UEFA-nyň kluba jerime berip-bermejekdigi barada häzirlikçe anyk zat ýok.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.