59 gol geçiren klub futboldan ömürlik daşlaşdyryldy
Günorta Afrika Respublikasynda futbol äleminde görlüp-eşidilmek waka boldy. Ikinji liga çykmak üçin göreş alyp barýan “Matiýasi” futbol kluby öz meýdançasynda “Nsami Maýti Börds” topary 59-1 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda 59 goluň 41-sini myhman toparyň oýunçylary öz derwezesinden geçirdi.
“Matiýasi” toparynyň “ABC Motsepe Ligasyna”, ýagny 2-nji liga çykmagy üçin taryhy netije gereklidi. 3-nji orunda barýan topar 18 gol aratapawudy bilen ýeňiş gazanmalydy. Ýöne olaryň “Nsami Maýti Börds” topary bilen geçiren duşuşygy olara gereginden hem artykrak hasap bilen tamamlandy.
Ýurduň degişli edaralary, futbol synçylary bu duşuşyk barada iş gozgadylar. Duşuşykda galplyga ýol berlendigi, toparlaryň dil düwşendigi ýüze çykaryldy we iki klub hem ýatyryldy. Başgaça aýdylanda, iki klub mundan soň hiç hili futbol duşuşygyny geçirmez, iki topar ömürlik futboldan çetleşdirildi.
Şol bir wagtyň özünde “Matiýasi” bilen utugy deň bolan “Şiwulani Denjeros Taýgers” kluby bilen “Kototo Häppi Boýs” toparynyň arasynda-da galplyk ýüze çykaryldy. Duşuşyk 33-1 hasabynda Şiwulani toparynyň peýdasyna tamamlandy. Bu duşuşykda 7 goly “Kototo” toparynyň oýunçylary öz derwezesinden girizdi. Netijede, bu iki klub hem ömürlik futboldan daşlaşdyryldy.
Zaman Türkmenistan gazeti.

12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.