Iki oýunda 187 gol geçirildi

Iki oýunda 187 gol geçirildi
2022-07-06
Afrika yklymyndan futbol baradaky täsin habarlar gelmegini dowam edýär. Mundan sähelçe wagt ozal Günorta Afrikada käbir klublaryň galplyga ýol berendigi zerarly şol toparlar ömürlik futboldan çetleşdirilipdi. Ýene-de şoňa meňzeş habarlaryň biri Sierra Leoneden gelip gowuşdy. Bu gezekki hasaplar futbolyň taryhynda görlüp-eşidilmedik netijeler bolup, öňki uly hasaply ýeňişler bu hasaplaryň ýanynda deňizde damja deýin galýar. Ýurduň dowam edýän 1-nji ligasynda geçen ýekşenbe güni oýnalan 2 duşuşykda 187 gol geçirildi. Basketbol oýnuna dönen bu duşuşyklarda “Kahunla Reýnjers” öz meýdançasynda “Lumbebu Ýunaýtedi” 95-0, “Gulf FK” bolsa “Kokima Lebanony” 91-1 hasabynda ýeňdi. Iň köp gol geçiren toparyň ýokary liga, ýagny “Super Lige”çykarýan bu iki duşuşygyň 1-nji ýarymlary degişlilikde 2-0 we 7-1 hasaplar bilen tamamlandy. “Kahunla Reýnjersiň” “Lumbebu Ýunaýtedi” 95-0 ýeňen duşuşygy ýurduň taryhyndaky iň uly hasaply ýeňiş hökmünde bellense-de, federasiýa tarapyndan 2 oýnuň netijesi hem şübheli ýagdaýlar sebäpli hasaba alynmady. Häzirki wagtda derňewler ýokary depginde dowam edip, galplyk ýüze çykarylan ýagdaýynda jogapkärlere agyr jerimeleriň salynjakdygyny federasiýanyň başlygy Tomas Deddi Bruma aýtdy.
Zaman gazeti.
1 лайков 222 просмотров
20комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ahmet
Автор 08 июл 2022, 08:19
Nä bu gazet okyjylaň nerwisini barlap görýärmi ýa bu aýdylanlar hakykatmy?! Wiý, google-ni göreýin, onda näme diýýärkä:)
#динара.
08 июл 2022, 08:21
Sered-ä bulara namee
Ahmet
Автор 08 июл 2022, 08:24
Miss_minnosh,
Teswirde surat nädip goýulýanyny öwretsene jora
Ahmet
Автор 08 июл 2022, 08:24
Miss_minnosh,
Wiý, ilki salam, ertiriň добрый olsun:)
#динара.
08 июл 2022, 08:43
Blogy zayalamaýyn diýdim.Teswirleri men pozdum(:
Gauzen
08 июл 2022, 08:44
Miss_minnosh
Blogy zayalamaýyn diýdim.Teswirleri men pozdum(:

Oňarypsyň.
#динара.
08 июл 2022, 08:47
Gauzen
Miss_minnosh
Blogy zayalamaýyn diýdim.Teswirleri men pozdum(:

Oňarypsyň.

Серёзнысырамасана #диен гепиме ешидип горупдина Мухаммет?
Ahmet
Автор 08 июл 2022, 08:47
Miss_minnosh
Blogy zayalamaýyn diýdim.Teswirleri men pozdum(:

Haýsy teswrleri pozduň?
Ahmet
Автор 08 июл 2022, 08:48
Miss_minnosh,
Serawno goýup bilmedimä. O diýýän funksiýalaryň ýok eken:(
Ahmet
Автор 08 июл 2022, 08:49
Miss_minnosh,
Ýöne şonda-da öwredeniňe thank you very much :)
#динара.
08 июл 2022, 08:51
Ahmedik_97
Miss_minnosh,
Ýöne şonda-da öwredeniňe thank you very much :)

Не за что.Элимден гелян комек болса комек эдерин хокман
Gauzen
08 июл 2022, 08:51
Miss_minnosh
Gauzen
Miss_minnosh
Blogy zayalamaýyn diýdim.Teswirleri men pozdum(:

Oňarypsyň.

Серёзнысырамасана #диен гепиме ешидип горупдина Мухаммет?

Bolýa ?
#динара.
08 июл 2022, 08:57
Indem öýkelejekmi menden Elvin?)Gauzen,
Gauzen
08 июл 2022, 09:01
Miss_minnosh
Indem öýkelejekmi menden Elvin?)Gauzen,

Давно atuw
#динара.
08 июл 2022, 09:03
Gauzen
Miss_minnosh
Indem öýkelejekmi menden Elvin?)Gauzen,

Давно atuw

Прости тогда eeey
Serdar
08 июл 2022, 09:12
187 gol geçirdi kerpiç bilen dikilen warotanadan köçe futbolçysy Ç.Rowsen7 diyersin oytdim.
Gauzen
08 июл 2022, 09:16
Miss_minnosh
Gauzen
Miss_minnosh
Indem öýkelejekmi menden Elvin?)Gauzen,

Давно atuw

Прости тогда eeey

Ладно bolyaa
Bentner
08 июл 2022, 09:42
Zborny France bn zborny Turkmenistan oynasada beyle şýot bolmazdy
Tablo gowy ishlemeyan bolmasyn cilimkesh
Perman Izakow
08 июл 2022, 14:21
Bendtner,
Saytyn agzalaryndan zborny duzip Fransyan zbornysyndan o hasap bn utulmajagymyza gozim yetya.Oyunyn yarsyny simulyasya edip gecireris yone o hasap bilena utulmajak bolmarys.
Gauzen
08 июл 2022, 15:54
PROLIGA
Bendtner,
Saytyn agzalaryndan zborny duzip Fransyan zbornysyndan o hasap bn utulmajagymyza gozim yetya.Oyunyn yarsyny simulyasya edip gecireris yone o hasap bilena utulmajak bolmarys.

Oň ýaly uly meýdançada ylgabam bilmeýäň. Warataryň Kurtua bolmasa 100-0 labam utulýas.