Jorj daýyň "1984" romanyndan bölejikler.
... Russiýa Ýewropany ýuwudup goýberenden soň,ABŞ Beýik Britaniýany eýeleýär.Şeýlelikde,bu iki döwlet şekillenip bolýar.Üçünjisi,Ost-Aziýa ýene tertipsiz uruşlar bilen on ýylyny geçirip,umumy bitewilige eýe bolýar.Beýik döwletleriň arasyndaky serhet nirelerdedir berkidilen,nirelerdedir harby hereketlere görä,o ýana bu ýana süýşüp durýar.Emma, umuman alanda,tebigy geografik serhetlere dogry gelýär.Ýewroaziýa;Ýewropa we Aziýa yklymlarynyň Portugaliýadan tä Berin bogazyna çenli bolan umumy demirgazyk bölegini eýeleýär.Okeýaniýa;iki Amerikany,Atlantiki adalary,şu jähitden,Britaniýa,Awstalaziýa we Afrikanyň günorta bölegini eýeleýär.Ost-Aziýa;üçüsiniň içinde iň kiçisi we günbatar serhetleri heniz berkidilmedigidir.Ol öz içine Hytaýy we onuň günorta ýurtlaryny,Ýapon adalaryny we Manjuriýa,Mongoliýa Tibetiň uly,ýöne hemişelik bolmadyk çäklerini alýar.
-On birinji neşir-soňky neşir.Biz dili kämil görnüşe alyp geleris-bu dil saklanyp galar,sebäbi ondan başga dilde gürleşilmez.Işi tamamlanymyzdan soň, siz ýaly adamlar ony täzeden öwrenmeli bolarsyňyz.Siz,ähtimal,biziň esasy wezipämiz täze sözleri oýlap tapmak diýip pikir edýänsiňiz.Asla beýle däl.Biz her güni sözleri ýok edýäris-onlap,ýüzläp sözleri ýitirip goýberýäris.Aýtmak mümkin,diliň etini iýip süňküni ýalaňaçlaýarys.2050-nji ýyla çenli,on birinji neşire giren ýekeje-de söz könelişmez...
-Bu örän ajaýyp iş-sözleri ýitirmek.Iň köp zibil(musur),elbetde,hal we sypatlarda üýşüp galypdyr,atlarda hem bar-onlap we ýüzläp artykmaç sözler.Sinonimler we antonimlerde-de bar.Özüňiz aýdyň,bir sözüň gapma-garşysy bolan söz nämä gerek?Sözüň özünde onuň garşy manysy bar.Mysal üçin: "gowy" sözüni alyp göreliň.Eger "gowy" sözi bolsa,bize "ýaman" sözi nämä gerek? "Gowy däl" sözi ondan ýagşyrak,hat-da ýagşy,çünki ol gapma-garşylygy aňladýar, "ýaman" bolsa beýle däl.Ýa-da gowynyň oňadyrak wariýanty gerek bolsa "ajaýyp" ,"örän" we şuňa meňzeş peýdasyz sözleri ulanmakdan netije näme? "Pýus-gowy" sözde-de şeýle many bar.Ýene-de has oňadyragy gerek bolsa "Goşaplýus-gowy" sözi bar.Elbetde,biz häzirem bu şekillerden peýdalanyp başladyk,emma Täzediliň soňky wariýantynda başga sözler umuman bolmaz. Netijede ýamanlyk we ýagşylyk diňe alty söz bilen,many taýdan bir sözde jemlener...
...Täzediliň wezipesi aňyň serhedini daraltmakdygyna düşünip bileňizokmy?Ahyrsoňy,biz pikir jenaýatlaryny amala aşyrmagyň mümkünçiliklerini düýbünden ýok ederis-pikiri beýan etmek üçin sözüň özi bolmaz.Her bir düşünje ýeke-täk bir söz bilen beýan ediler,sözüň manysy berk belleniler,oňa manydaş bolan sözler ýok ediler we unudylar.On birinji neşirde biz bu maksada ýakyn geldik.Emma,bu iş bizden soň hem dowam eder.Ýyldan-ýyla sözler az we ýene az bolar,pikirlenmegiň çägi barha daralar.Elbetde,häzirem pikir jenaýaty üçin sebäp hem,aklow hem ýok.Bu içki tertip,wakalary dolandyrmak meselesidir.Emma,ahyrsoňy olarada ätiýäç galmaz.Dil doly kämilleşenden soň iş tamamlanar...Siziň hyýalyňyza gelipdimi,Uinston,2050-nji ýyla baryp,belki ondan hem öňräk,ýer ýüzünde biziň şu gürrüňimizi düşünip biljek ýekejede adam bolmaz.
...2050-nji ýylda,ähtimal,ondan hem ozal,Könedil unudylar.Ähli geçmiş edebiýatlary ýok ediler.Çoser,Şekispir,Milton,Baýron diňe Täzedil wariýantynda ýaşar,diňe bir ýaşamak bilen çäklenmän,belki düýpli gapma-garşy manysyna öwrüler.Hat-da, partiýa edebiýaty hem başgaça bolar.Şygarlar üýtgediler.Azatlyk düşünjesiniň özi ýitenden soň "Azatlyk-gullukdyr" şygary nireden bolsun?Pikiriň atmosferasy düýbünden üýtgär.Biziň bu günki düşünjämizdäki aň umuman bolmaz.Dogry ynançdaky adam pikirlemeýär-pikirlenmäge hajat bolmaýar.Hakyky ynanç-aňsyzlyk halatydyr.
Ol pikire çümdi,ozal hem bu hakda köp oýlapdy,onuň özi akyldan azan bolaýmasyn?Ähtimal,kim azçylyk bolsa,ýalňyz bolsa,şol akyldan azan bolýandyr.Haçanlardyr "Ýer Günüň daşyndan aýlanýar" diýip oýlamak dälilik hasaplanýardy.Bugün geçmişi üýtgetmek mümkin däl,diýmek dälilikdir.Ähtimal,muňa diňe ol ynanýandyr,eger bir özi şol pikirde bolsa,diýmek ol däli.Akyldan azanlygy baradaky pikir ony alada goýmaýardy.Ýamany-onuň özi ýalňyşýan bolmagy mümkindi.
...Onuň pelsepesi duýgularynyň dogrulygyny inkär etmek bilen çäklenmeýärdi,belki daşky dünýäniň barlygyny hem inkär edýärdi.Gündelik akyl-iň uly ýalňyşmakdyr.Özgeçe pikiriň üçin öldürmekleri gorkunçly däl,olaryň hak bolup çykmagy-ana şol möhümdir.Aslynda,iki ikiň dörtlügini nirden bileris?Ýa-da grawitatsiýa güýjüni nä?Geçmişi üýtgedip bolmajagyny nä?Eger geçmiş hem,daşky dünýä hem diňe biziň aňymyzda bar bolsa,aňy hem dolandyryp bolýan bolsa-onda näme bolar?

12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.