Türkiýäniň häkimiýetleri ýertitremäniň güýjüni 500 atom bombasynyň partlamasy bilen deňeşdirdiler

Türkiýäniň günorta-gündogarynda bolup geçen ýertitreme 500 ýadro bombasynyň ýarylmagyna deňdir diýip, Türkiýäniň Adatdan daşary ýagdaýlar edarasynyň (AFAD) howplary azaltmak boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Orhan Tatar žurnalistlere aýtdy diýip, Anadolu habar berýär. Muny rbc.ru ýetirýär.

“Birinji ýertitremäniň dowamylylygy 65 sekunt bolup, weýran ediji täsire eýedi. Ikinji ýertitreme bolsa 45 sekuntyň içinde weýran ediji täsiri ýetirdi. Sebit iki minut töweregi güýçli titredi. 7,7 bal ululykdaky ýertitremäniň netijesinde çykan energiýa 500 atom bombasynyň energiýasyna deňdir” – diýip, Tatar belledi.

7,7 we 7,6 bal ululykdaky ýertitremeler 6-njy fewrala geçilýän gije Türkiýe bilen Siriýanyň serhediniň golaýynda bolup geçdi, onuň yzyndan hem birnäçe gowşak sarsgynlar hasaba alyndy. Soňky maglumatlara görä, Türkiýedäki ýertitremäniň pidalarynyň sany 20 müňden gowrak, zyýan çekenleriň sany bolsa 80 müňden gowrakdyr. 6,5 müňe golaý bina ýumruldy. Siriýada hem adam pidalarynyň sany 3 müňden geçýär.
5 лайков 102 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýsere
12 фев 2023, 20:21
2 minudyñ içinde gör näçe adamyñ ömri soñlandy