Soňra burun diýlen galadan aşyp
Gel Dürli, her dürli döwran süreli.
Türkmen poeziýasy. Şygyrýet älemi. Gözbaşyny Oguz handan alyp gaýdýan milletimiz (olam ýarym mifiki şahsyýet diýýärler, kim bilýär, taryh mugallymymyz bize: "taryh diýmek gowy edip ýalan sözlemekdir" diýipdi) bu sungata ozaldan aşyk. Sowady bolmasada Magtymgulyň kitabyny düýesine çalşan millet bu (Düýesini kitaba çalşan şol adamlaň nesilleri dagy galmadymyka, ýa maňa duşanokmyka?). Proza eserlerini ýazmagam, okamagam kynraklygy üçin (poeziýa seredende) goşgy okamaklyga, ýazmaklyga has höwesegräk biz. K.Gurbannepesow, G.Ezizowyň muşdagy özüm-ä. Klassik şahyrlarymyzdan başlap 20-nji asyryň ägirtleriniň goşgularynda-da, okanyňda utandyrýan, +18-räk häsiýetli setirler gabat geläýýär.
Halypa şahyrymyzyň "Maňlaýyndan öp" goşgusyny okanyňda birbada munuň K.Gurbannepesowyň galamyndan çykandygyna ynanmak kyn. Şahyryň bu goşgusy hiç haçan çap edilmänligini hasaba alsak ol muny okyjylar köpçüligine görkezmek islemändir. Emma okyjylar köpçüligi eýýäm bu eser bilen tanyş. "Jorabyn çykarda aýagyndan öp" diýip gutarýan goşgyny okanymda halypanyň simwoly göz öňüme gelip öz-özümden utanýan.
Ýöne men barybir bir goşgy eseri ýaşlaryň terbiýesini üýtgedip bilmez (eger ol terbiýe özünde bar bolsa) diýlen düşünjäniň tarapdary. Biziň aýdym-saz sungatymyz hem özboluşly. Bagşylarymyzam käte şular ýaly goşgulardan ylhamlanyp, "üýtgeşijek" aýdymlary döredýärler.
Azat Dönmeziň "Aýlanaýyn seň adyňdan, owadan gowuja zadyňdan" diýen aýdymyny gaýtalap ýören ýaşlaryňam ýüreginde erbetlik bardyr öýdemok. Olar ýöne köp diňlän aýdymynyň sözlerini gaýtalaýarlar.
Bizde aýdym-saz sungaty iki bölege bölünýär. Birinjisi milli medeniýetimize ýugrulan, köplenç halypa bagşylarymyzyň aýdymlary aýdylýan, kliplerinde milli egin-eşikler, asylly gyzlar, utanjaň ýigitler suratlandyrylan telewideniýede görkezilýän aýdymlar.
Ikinjisi "gara bazar" üçin döredilýän aýdymlar. Ýewropaça geýinen oglan-gyzlar, "break dance" we ş.m. döwrebap tanslary ýerine ýetirilýän, dodagy boteks gyzlar, "bagşyjanyňam" : "Baý bow, baý bow, ol gyzyň ýörän bolşuny" (dowamam bar, olam şeýle sözler bilen dowam edýär. bellik: bu aýdymy ýöne mysal hökmünde getirdim, bular ýaly aýdymlar bizde tüweleme "hytaýyň sany" ýaly).
Telewideniýede näçe diňleseňem ýadatmaýan "Aýna gyz" ýaňlanyp dur, ýapyk şou biznes tarapdan bolsa "bedenim täretli däl, kellämem nakylly däl" diýen aýdym sözleri eşidilýär. Göz öňüme haýsy tarapa agjagyny bilmän duran ýaşlar gelýär.
Ikiýüzliler köpeldi diýip zeýrenýäs. Belki şular ýaly ikidürliliklerdir bizi ikiýüzli edýän.

16комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.