Harkowly Alina... (ýatlama)

2012-nji ýylda, Harkowyň Agrar uniwersitetinde okaýardym... Orta Aziýadan talyplar köpdi, aýratynam biz Türkmenler köpdük.

Gürrüňi uzaga çekdirmän, şu ýerde bir kiçijik ýatlamajygy aýdyp berjek bolýan.

Alina atly dolmuş aýal (asly Belorusiýaly) mollymymyz bardy. Taryhdan okadýar. Bu daýzaňam jyny diňe bizde, diňe Tm talyplaryna azar berýär, köseýär. Iň içinde-de maňa beýlekilere görä köp deginýärdi. Bahana tapdygy, sorag berýär, ýykjak bolýar, sapaga salmajak bolýar..

Özi hem birwagtky Sowet Soýuzyň partiýasyna gulluk edip geçen zenan maşgala. Şonuň üçin öz özünden düşnükli bolýar, Orta Aziýalylara näme üçin pes göz bilen seredýäni. Men anygyny bilemok. Özümçe şeýle pikir edýän.

Bir günem auditoriýada adatdaky ýaly ýene meni turuzyp, sorag berdi:
- Näme üçin orta asyrlarda Rim esgerleriniň gylyçlarynyň ujy göni, tekiz bolupdyr? Näme üçin şol döwürdäki musulmanlaryň gylyçlarynyň ujy aýlow şekilinde (Hezreti Alynyňky ýaly) bolupdyr? diýdi.

Ozalam şu daýza jynyma düşip ýörensoň, hakyky jogaby bilsemem, duzlap galaýyn diýip, şeýle diýdim:
- Rimliler, gylyjy göni sokýalar we yzyna çekip çykarýalar... Musulmanalar hem gylyjyny sokýalar, ýöne yzyna çekenlerinde, adamyň bir böwregini ýa bagryny ýa-da ýüregini yzyna çekip alýalar, diýdim...

Auditoriýa dym-dyrsdy. Alina daýzaň ýüzi agralyp gitdi. Bir agyz "otur" diýdi. Ynanmarsyňyz, tää şol smestri gutarýançam maňa ýekeje soragam bermedi, men tarapa seretmedem soňra..))
Indiki smestirde ol bizi okatmady.

Aslynda hakyky jogap şeýledi: Musulmanlaryň şol wagtky gylyçlarynyň uçlary egri bolmagy, duşmany öldürmek üçin däl-de, diňe kesip ýaralamak üçin, şeýle ulanylýar. Bu bir wagtyň özünde güýç we wagt tygşytlaýar.
Eger gylyjyň ujy göni bolanlygynda, duşmana sokan mahalyň, yzyna çekip çykarmak birbada kyn bolýar, indiki topuljak duşmandan goranyp bilmezligiň mümkin.


Diýjek bolýanym, şol döwürde-de we häzirem Alina we şoňa meňzeş pikirdäki Sowet Soýuza gulluk eden adamlar entägem bizi basmaçy, kellekeser hasap edýärler. Alina daýzaň auditoriýada doňup galmagynyň sebäbi şol aslynda...
6 лайков 208 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Nazar
26 фев 2023, 21:46
Bah shu dowurde gidip okap bolarmyka shol yerlerde ya ol yerlerde ya derek galmadymyka ol Kiyew Harkow Lyugansk Doneskden :)
Suleyman
Автор 26 фев 2023, 22:00
FanB
Bah shu dowurde gidip okap bolarmyka shol yerlerde ya ol yerlerde ya derek galmadymyka ol Kiyew Harkow Lyugansk Doneskden :)


Haraba öwrüldä indi otaýlary...
Yusupahmet93
27 фев 2023, 13:24
Shahyr Gara Seyiuliyew medeniyet ministrika ,, Edebiyat we sunjat" gazyetini acmaga rugsat almak ucin Moskwa barypdyr. Shonda SSSR mtdeniyet ministri oña:
,, Edebiyatly, sungatly bolar yañy siz basmacilarda ol zatlar nam ishlesin." diyip, shahyryñ ustungen gulupdir. Her nicik-de bolsa, rugsat beripdir.
Yusupahmet93
27 фев 2023, 13:25
***Seÿiuliÿew
Yusupahmet93
27 фев 2023, 13:26
***bolar ŷaly
Гость
27 фев 2023, 17:40
Propogandaň güýji
Dowsypat
27 фев 2023, 17:53
Gural hakyky ussadyñ elinde gural,beylekileriñ elinde ol adaty bir demir bòlegi.
Dowsypat
27 фев 2023, 17:59
Orta asyrlaryñ iñ gowy yaragy ok-yay.Gylyclasanda adatca fiziki arykmaclygy bolan adam yenis gazanyar.Ok-yay atanda bir ejiz oglan 4 palwany urup bilyar.