Menem aglap gordum erkek halyma...

Menem aglap gördüm erkek halyma,
Utanjy, haýany unudyp bir dem,
Ýok, beýle hallara düşmelem däldim,
Emma ejizledi ýagyrlan gerden.

Aglasañ derdiñem ýeñleýän eken,
Bir pursatjyk unutýarsyñ geçeni,
Pikir etdim, çünki zenan maşgala,
Şonuñ üçin köp aglaýan ekeni.

Bogazyñ gysanda ajy ýaşlaryñ,
Damjalarny ogurdymyz ýuwutýar,
Ýagny, köp erkekler ýalan dünýäniñ,
Gaýgysyn, gussasyn şeýdip unutýar.

Ho-ol ara, kalbymyñ ornuny tapman,
Ejizligi dost tutunyp ýanyma,
Hiç kime görünmän gizlinje ýerde,
Menem aglap gördüm erkek halyma.

Baýram BEJIDOW
6 лайков 92 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Yusupahmet93
01 мар 2023, 12:29
Gowy goşgy
Ahmet
01 мар 2023, 12:32
*Owurdymyz
Yusupahmet93
01 мар 2023, 13:03
Yone, kabir harplaryñ yerini calyshmaly.
,, Bir pursatlyk unutyarsyñ geceni" setirindaki unutyarsyñ dal de, ,, unudyarsyñ" bolmaly.
,, Sheydip unutyar" dal,,, Sheydip unudyar" bolmaly.
Yusupahmet93
01 мар 2023, 13:04
Bular yonekeyje bellikler. Tehniki yalñyshlyklar yaly.