BU GIJE ÝENE-DE GIÇ ÝATAÝMASAM

Ýene ylham hüýri göz gypdy maňa.
Herne indi duýgulamda taýmasam.
“Noş bolsun!” diýp, şeker sepdi kalbyma,
Bu gije ýene-de giç ýataýmasam.

Şäherli çyralaň nury goýalyp
Şöhlä ezilende ýollaryň ugry,
Işgär duýgularym düýşden oýanyp,
Gözüme göründi ylham sudury.

Armansyz ýaşaýyş bimaksat bolar,
Bu söýgi, bu hyýal hemradyr ömre.
Gün ýanyp gelende çyralar solar,
Söýgüde umyt bar –
Hemme zat öňde.

Gülümsiräp gelýär,
Janym agyrsa,
Ýylgyryşy çyrçygyma melhemdir.
Iň ýagty çyra-da jahan agarsa,
Şeker ýaly eräp gidýär kem-kemden.

Duýýan ter telwasyň ýetip gelýänni,
Agşama howlugýar ýürek işden soň.
Kofe deý gijeler ýatyp bolýarmy?!
Ir giden duýgular gelýär giçden soň.

Seýitmyrat Geldiýew
5 лайков 151 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
02 мар 2023, 13:11
Seýitmyrady Seýitmyrat eden goşgular.
Karkara
Автор 02 мар 2023, 13:12
Hawa, öňki goşgulary has gowudy.
Nowbahar
06 мар 2023, 09:15
Ir giden duýgular gelýär giden soň???
Gaty ýürege ýakyn setirler