Üýtgeşik gün (On ýedi ýaşyň oýlary)

Bu gün...
Gün öňküden juda üýtgeşik dogdy,
Gaýtadan dörän deý terlendi älem.
Bir üýtgeşik syry duýdurýan ýaly,
Baglaram ygşyldap, ses etdi näler.

Gelnaljysy geljek ulugyz kimin,
Bezenipdir tylla sary ýaýlalar.
Haýsy ýan garasam, albaý bulaýlap,
Gara gözler garap duran ýaly-la.

Bulutlaň çetinden ýylgyryp Günüň,
Kämahal göwünlik bererne bakman,
Kä garaldyň, käte açyldyň weli,
Ýa senem bir zatlar aňdyňmy, Asman?!

Adamlar, bir pursat işiňiz goýup,
Tebil tapan bu Zemine syn ediň!
Öň gussadan solan ýapraklaň bu gün
Umyt bolup ülpüldeýşi nämeden?!

...Özgeripdir dünýä, gözelleşipdir,
Bir gijede ýaşarypdyr görnetin.
Sözlesene, dünýäm, bu üýtgeşik gün
Oýnumyka gülüp gelen on ýediň?!

Kakamyrat Rejebow
17.11.2003
4 лайков 122 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
picasso
08 мар 2023, 21:07
Sözlesene, dünýäm, bu üýtgeşik gün
Oýnumyka gülüp gelen on ýediň?!

oyumyka bolmaly yaly
Karkara
Автор 08 мар 2023, 23:23
picasso
Sözlesene, dünýäm, bu üýtgeşik gün
Oýnumyka gülüp gelen on ýediň?!

oyumyka bolmaly yaly

Ýok awtoryňky dogry
picasso
09 мар 2023, 13:41
Wi dogry hawwo doly okamandyrn