Prollar

Umumy ilatyň 85%-ni prollar düzýär...

Partiýa,elbetde,prollary zynjyrlardan azat edenligi barada aýdyp gelýär.Rewolýutsiýa çenli olary kapitalistler erbet ezdiler, aç-suwsyz gamçynyň astynda işletdiler,aýallaryny şahtalarda zähmet çekdirdiler( olar häzirem şahtalarda işleýär),çagalaryny alty ýaşdan fabrikalara satdylar.Emma,partiýa häzirki wagtda "Goşapikir" ýörelgesine laýyklykda,şuňa öwredýär,prollar öz tebigatyna görä pes gatlak wekilleridir we olary birnäçe ýönekeý düzgünler esasynda haýwanlar ýaly kontrol astynda saklap bolýar.Umuman partiýa prollar barada köp zady bilenokdy.Bilmegiň geregem ýok.Olar işleseler we köpelseler(çaga dogursalar) bolany-galan wagt bilenlerini etsinler.Argentinanyň giňişliklerinde otlap ýören sygyr we goýunlar ýaly öz başyna goýberilen prollar özleriniň ýabany we tebigy durmuş ýörelgesine gaýdýardylar- ata-babalarynyň yzyndan ýöreýärdiler.Olar palçykda dogulýarlar, kemala gelýärler, ýigrimi ýaşda işläp başlaýarlar, gysga wagtlyk fiziki güýje eýe bolýarlar,ýigrimi ýaşda öýlenýärler,otuz ýaşdan geçip-geçmän ýaşlyklary geçýär,altmyş ýaşa ýetip,adatça dünýäden ötýärler.Agyr fiziki zähmet,öý we çagalaryň aladasy,goňşular bilen dawalar,kino,futbol,piwo we iň esasysy humarly oýunlar-olaryň aňy şundan başgasyny sygdyrmaýar.Olary dolandyrmak kyn däl.Olaryň arasynda hemişe Pikir polisiýasynyň jansyzlary aýlanyp gezýär;myş-myşlary ýaýradýarlar,howplularyny tapyp anyklaýarlar we ýok edýärler.Olary partiýanyň hataryna çekmegä synanyşmaýarlar.Çünki olaryň syýasata uly gyzyklanma bildirmekligi makul hasaplanmaýar.Olardan talap edilýäni; iş wagty üýtgedilende ýa-da azyk üpjünçiligi gysgaldylanda,zerur bolup galýan galp watansöýüjilik.Olar bir zatdan närazy bolsalar (kä-te şeýlede bolýar)-bu närazylyk ulurak hiç zada alyp barmaýar,sebäbi olarda umumy bir guramaçylyk bolmaýanlygy üçin,närazylyk ownuk,ähmiýetsiz aladalar bilen çäklenip galýar.Uly apatlar,pajygaly wakalar olaryň üns merkezinden hemişe bir çetde galýar.Prollaryň käbiriniň öýünde hat-da telekran ýok.Adatça polisiýa olar bilen meşgullanmaýar.Londan jenaýatçylyk ýokary derejedäki döwlet içindäki bir döwlet:Ogrylar,talaňçylar,jelepler,narko söwdagärler,dürli-dümen kezzaplar(maşenikler)..Emma bular prollaryň öz içinden daşa çykmaýanlygy üçin,olara üns berilmeýär.Ähli ahlaky meselelerde olara öz ata-babalarynyň yzyna eýermäge rugsat edilýär.Partiýa mahsus bolan jynsy kadalar prollardan talap edilmeýär.Olar zyna üçin jezalandyrylmaýar,maşgalalaryň aýrylyşmagyna rugsat edilýär.Özleri gyzyklanma bildirseler dini ybadatlar hem gadagan edilmeýär.Prollar şübhe-güman edilmeginede mynasyp däl.Partiýanyň şygary şeýle:"Prollar we haýwanlar erkindirler!"...

-Maňa seret,eý haýwan,eşit,saňa aýdýan!On dört aý dowamynda soňy ýedi bolanlardan ýekejesi utmady.
-Menem saňa aýdýan,utdy!
-Men bolsa saňa aýdýan,utmady.Men öýümde iki ýyllyk ähli utuşlary ýazyp goýupdym.Sagat ýaly anyk ýazylan.Saňa aýdýan,ahyry ýedilik...
-Ýok,ýedilik utupdy!Men saňa ähli sanlary aýdyp bilerin.Soňkusy dört ýüz ýedi bolmaly.Fewralda,fewralyň ikinji hepdesinde.
-Eý,ejeň fewralynda!Men ak kagyza gara syýa bilen ýazyp goýupdym.Ýekeje gezek diýýän,ýedi bilen...
-Eý,bes ediň!-üçünjisi ara goşuldy.
Olar lotereýa barada gürleşýärdiler.Uinston olardan otuz metr uzaklaşyp,yzyna seretdi.Olar henizem gazap bilen,joşup jedel edýärdiler.Her hepde uly utuş paýlaýan lotereýa prollary gyzyklandyrýan ýeke-täk jemgyýetçilik hadysasydy.Millionlap prollar durmuşy üçin lotereýa örän möhüm,ýaşamak üçin ýeke-täk sebäpdi.Bu olaryň rahatlygy,diwanalygy,eşreti,intelektual gyzyklanmasydy.Gürrüň lotereýa barada gitse,zordan okap we ýazyp bilýänlerem çylşyrymly matematiki hasap-hesipleri amala aşyrýardylar we haýran galaýmaly ýatkeşliklerini ýüze çykarýardylar.Sistemalar,öňden hasaplaýyşlar,şowlulyk getirýän tumarlary satmakdan peýda görýän dükanlar bardy.Lotereýanyň işine Uinstonyň dahyly ýokdy.Lotereýanyň işi bilen Abadançylyk ministrligi meşgullanýardy.Emma ol bilýärdi(partiýada hemme bilýärdi),utuşlaryň uly bölegi ýalandy.Aslynda,diňe kiçi utuşlar tölenýärdi,uly utuşlaryň eýeleri oýlap tapylan şahslar,aslynda ýok adamlardy.Okeaniýanyň dürli çäklerinde hakyky gatnaşyklar bolmadyk bir wagtda,bulary gurnamak kynçylyk döretmeýärdi.

Emma,eger umyt bolsa,umyt prollarda bolýar.

Jorj daýyň "1984"romanyndan bölek.
3 лайков 159 просмотров
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
11 мар 2023, 13:56
Salam. Türkmençesi barmy sende bu kitabyň?
Harmony
11 мар 2023, 13:59
"Rewolýusiýanyň" ekiz taýy, hat-da klony diýen pikir kellä gelýä Döwsypatlyny göremde her gezek.
Dowsypat
Автор 11 мар 2023, 15:23
Salam. Türkmençesi barmy sende bu kitabyň?

Türkmençe perewot kitaby ýoga.Özbekçe ugradanyňdan perewot edişdirdim.
#B.S
11 мар 2023, 15:36
Dowsypat.,
Hmm düşnikli...
Гость
11 мар 2023, 22:22
Khanture,
Özbekçesi barmy sende?
Dowsypat
Автор 11 мар 2023, 22:52
Özbekçesi barmy sende?

Hawa
Гость
11 мар 2023, 23:00
Dowsypat.,
Ugradym biljekmi elektronny poçtadan
Dowsypat
Автор 12 мар 2023, 07:18
Dowsypat.,
Ugradym biljekmi elektronny poçtadan

E poctama ishledip bilemok yone.Bir-iki sany zat ugradyp gordum bir pocta gidenogam-gelenogam.Acan wagtym biraz isledi son tapbady cykdy.
Гость
12 мар 2023, 07:46
Dowsypat.,
Bolýa
Dowsypat
Автор 12 мар 2023, 07:55
Dowsypat.,
Bolýa

Men Hantoreden aldym.
Dowsypat
Автор 12 мар 2023, 08:01
Jon Kolemanyñ Komite 300 kitaby bar.Solam gowy kitap.Ozbekcesi bar yone tapdyranok.yene Tehnatron era diylen kitap bolmaly.