Zbignew Bžezinskiý:SSSR-i Owganystan duzagyna düşüren adam.
SSSR Owganystana girmezinden ozal,ABŞ bireýýamdan Owganystan boýunça birnäçe geosyýasy planlaryny düzüp bolupdy.Sowetler Owganystana goşun girizmezinden ozal Eýran ilçihanasyndan "Gizlin" ýazuwy astynda maglumat tapylýar.Bu maglumatda ABŞ tiz wagtdan Owganystana öz goşunlaryny girizjekdigi aýdylýardy.
Bu bilgeşleýin edilen işdi!Maglumat sowet ýolbaşçylarynyň eline düşen badyna,olar SSSR serhetleriniň gapdalynda ABŞ-yň täsiriniň güýçlenmeginden howatyrlanyp ,Owganystana goşun girizmeli diýen netijä gelýärler.Soňunam özüňiz bilýäňiz!
Zbignew Bžezinskiý fransuz žurnalistine beren interwiýusynda bu işi özüniň edendigini boýun alýar.Ol:"Bu gizlin plan gaty ajaýyp bolupdyijede, Sowet birleşigi Owganystan duzagyna düşdi"- diýýär.Žurnalist oňa:"Siz geljekgi terrorçylary goldanyňyza ökünmeýäňizmi?"-diýende,ol "nämeden öküneýin?Dünýä taryhy nukdaýnazaryndan SSSR-iň dargamagy möhümmi ýa-da Talibanlar?!"-diýip jogap berýär.
"Ukraýinasyz Rossiýa Ýewroaziýa imperiýasy bolmagyny bes edýär.Ukraýinasyz Rossiýa henizem imperatorlyk derejesi üçin göreşip biler,emma ol soňy bilen esasan Aziýanyň imperator döwletine öwrüler we uly ähtimallyk bilen ösüp barýan Orta Aziýa döwletleri bilen ejizleýji problemalara çolaşyp galar,eger bu amala aşsa,ol öz güýjüni ýitirendigine ahmyr etmeli bolar".
Bu sözler ABŞ prezidenti Jimmi Karteriň milli howpsuzlyk meseleleri boýunça maslahatçy wezipesinde işlän Zbignew Bžezinskiýniň 1997-nji ýylda çapdan çykan "Beýik şahmat tagtasy" kitabyndan bir bölekdi.
Zbignew Bžezinskiýniň "Beýik şahmat tagtasy" kitabyndan bölek.
Amerika üçin nähili geostrategik ýagdaýlaryň ýüze çykmagy açyk-aýdyň görünip durandyr.Amerikanyň gaty uzakda bolmagy onuň Ýewroaziýada üstün bolmagyna ýol bermeýär.Emma ol hetdan aşa gudratly,şonuň üçin bu sebitdäki hadysalara goşulmazdan tomaşaçy bolubam galmaz.
Sebitiň ähli döwletleri Amerikanyň gatnaşygyna özleriniň ýaşap galmagy üçin zerur hadysa hökmünde garaýarlar.Russiýa hetden aşa ejiz-ol sebitde (Orta Aziýada) ozalky ýaly imperiýa hökmünde üstünligini dikeltmäge ejizlik edýär.
Ýa-da onuň içinde hereket edýän beýleki güýçleri sebitden çykaryp goýbermäge-de güýji ýetmeýär.Emma ol örän ýakynda ýerleşen we ejiz bolsada,heniz ýeterlik güýje eýe.Şonun üçin oňa üns bermezlikligiň alajy ýok.
Türkiýe we Eýran täsir geçirmek üçin ýeterlik güýje eýe,emma olaryň özleriniň ejizlikleri sebäpli,sebitde bir wagtyň özünde hem demirgazykdan bolýan howplary,hem sebitiň içki garşlyklaryny tertibe salmagyň hötdesinden gelip bilmeýärler.
Hytaý örän güýçli,şonuň üçin Russiýa bilen Orta Aziýa döwletleri ondan gorkup durýar,ýöne muňa garamazdan,onuň bu ýerde barlygy we ykdysady işjeňligi Orta Aziýa döwletleriniň dünýä meýdanyna ýenede giňiräk göwrümde çykmaklaryna bolan ymtylyşlaryny amala aşyrmaga kömek edýär.
Mundan diňe bir netije gelip çykýar.Amerikanyň birinji derejeli bähbidi şuňa ündeýär,ol (Orta Aziýada) mälim bir ýagdaýy ýüze çykarmaga kömek etmeli.Bu ýagdaý şeýle bolmaly,onda hiç bir döwlet geoplatik çägi öz gözegçiligine doly alyp bilmesin,dünýä jemgyýetçiligi bolsa bu ýerde arkaýyn,hiç hili päsgelçiliklersiz maliýe we ykdysady iş alyp barmak mümkünçiligine eýe bolsun.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.