Sada yigidiñ söygüsi

Sada yigidiñ söygüsi


Hekaýa)
Söýgi hakynda söz açylanda ýa-da bu jadyly duýgy hakynda pikirlere berlenimde, talyplyk döwrümdäki wakalar edil düýn bolan ýaly göz öňümde janlanýar. Olary ýatlamak, gör, nähili ýakymly...
Bile okaýan talyplarymyzyň doglan günlerinde ählimiz diýen ýaly jemlenişýärdik. Gezekli-gezegine doglan güni bellenilýän ýoldaşymyza ýagşy-ýagşy arzuwlarymyzy aýdyp, sowgatlarymyzy gowşurýardyk. Ana, şondan soňam oturylyşygymyzyň iň gyzykly ýeri başlanýardy, ýagny talyp oglan-gyzlaryň hersi özlerini gyzyklandyrýan sowallary orta atýardylar. Biri: «Bagt nämekä?» diýip sorasa, ýene biri: «Ynsan üçin iň gowy sowgat näme?» diýen sowaly berýärdi. Her kim hem öz düşünişine görä, sowallara jogap gaýtarýardy. Aramyzda diýseň ýygra, ýuwaş, sada ýigitleriň biri bardy. Onuň asman ýaly arassa, asuda günlerdäki deňiz kimin parahat, owadan gözleri bardy. Ol elmydama şol bir sowaly orta atýardy: «Söýgi nämekä?». Oglanlaryň dilewarraklarynyň biri bir sapar oňa ýüzlenip:
— Sada ýigit, sada ýigit,
Düşäýdiňmi oda, ýigit?
Gyzlara seretseň, söýgä,
Düşünersiň bada, ýigit —
diýen goşgy setirlerini aýdyp, oglan-gyzlary gyzyl-gyran gülüşdiripdi. Ol bolsa şondan soň çym gyzyl bolupdy-da, geplemän oturyberipdi. Meniň oňa, näme üçindir, elmydama nebsim agyrardy.
Şeýde-şeýde, günler-aýlar geçip durdy. Ynha, bir günem ýene-de bir talyp ýoldaşymyzyň doglan gününe ýygnanyşdyk. Edil öňküler ýaly gyzykly sowallar orta atylyp başlandy. Sada ýigit bolsa sesini çykarman dymyp otyrdy. Menem nebsagyryjylyk bilen oňa seredýärdim. Şol pursatda joralarymyň biri:
— A gyz, seni gyzyklandyrýan sowal ýokmy? — diýip, maňa ýüzlendi welin, ähli oglan-gyzlaryň nazary maňa tarap gönükdi. Men dogumlandym-da:
— Sowalym-a ýok, ýöne käbir sowala jogabym bar — diýdim. Olaryň ählisiniň gyzyklanmasy artdy. Otaga-da ümsümlik aralaşdy. Men bolsa sada ýigide tarap assyrynlyk bilen bakdym-da, täze döreden şygrymy joşgun bilen okap başladym:
Söýgi näme? Duýgularyň beýgimi?
Söýgi, belki, şatlykdyr ýa gaýgymy?
Ýa-da ýürekdäki näzik duýgumy?
Uzak pikirlendim, jogap tapmadym.
Söýgi ýigdiň gyza wepasyndamy?
Ýa durmuşda görýän sapasyndamy?
Belki, köp goýberýän hatasyndamy?
Uzak pikirlendim, jogap tapmadym.
Ýa-da ýer ýokmuka ýürekde yşka?
Ýok, ýok, ýürek mydam çyn söýgä teşne.
Belki-de, şahyryň diýişi ýaly:
«Söýgi bir başgadyr, jogap bir başga».
Goşgymy okap bolanymdan, oglan-gyzlar agzybirlik bilen çapak çaldylar. Oglanlaryň biri bolsa gözlerini güldürip:
— Hä, sada ýigit, ahyry jogabyňy aldyňmy? — diýip, talyp ýoldaşymyzy gižželedi. Sada ýigit bolsa bu gezek asla utanjyramady-da, «Sag bol» diýýän terzde maňa tarap baş atdy...
Ondan soň esli wagt geçdi. Herimiz göwün söýen kärimizi ele alyp, öýli-öýümize dolandyk. Öý-işikli, çaga-çugaly bolduk. Talyplyk deň-duşlarymyz bilen kätelerine habarlaşýardyk. Bir günem çagalarymy alyp, ak mermer şäherimiz Aşgabada gezelenje gitdim. Biri-birinden kaşaň binalary, owadan seýilgähleri, suw çüwdürimlerini... synlamak ýakymly täsirleri galdyrýardy. Paýtagtymyzyň gözel ýerleriniň biri bolan «Ylham» seýilgähine ýöriteläp bardym. Sebäbi ol ýerde meniň uly sarpa goýýan, her bir setirini sünnäläp okaýan şahyrlarymyň heýkelleri bardy. Meşhur şahyrymyz Kerim Gurbannepesowyň heýkelini synlap, onuň ýazan şygyrlaryny aňymda aýlap durkam, «Salam» diýen tanyş sese tisginip gidenimi özümem duýman galypdyryn. Seretsem, şo-ol talyp ýoldaşymyz — sada ýigit ýylgyryp dur. Talyplyk dünýäme dolanan ýaly bolup, onuň bilen mähirli salamlaşdym. Daş keşbi biraz üýtgänem bolsa, onuň asman ýaly arassa, umman kimin parahat gözleriniň welin şol öňküligidi. Diýseň-diýmeseň, özi-de birneme dogumlanypdyram.
Saglyk-amanlyk soraşanymyzdan soň, ol gülümjiredi-de:
— Dogrudanam, seniň şo-ol okap beren goşgyňda Kerim aganyň belläp geçişi ýaly, söýgi bir başga, jogabam bir başga eken. Söýginiň jogabyny durmuşdan aldym. Asyl, söýgi bir daragt eken, onuň datly-datly miwelerem bar eken. Daragtyň miwelerine bolan söýgini bolsa, asla, hiç zat bilen deňeşdirer ýaly däl eken — diýip, öz dilinde bir zatlar gürläp, ejesine düşündirjek bolýan üç-dört ýaşlyja oglunyň başyny sypalady. Men bolsa olara bagtyýar nazarymy dikip durşuma: «Dogrudanam, biz köp zady durmuşdan öwrenýäris. Durmuşdan beýik mugallym ýok» diýip içimi gepletdim hem-de guwanyp bakýan gözlerimi olardan wagty bilen aýryp bilmedim
0 лайков 208 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.