SUBHANALLA

Başym seždä goýup edeýin togap,
Kem etme parzymy Ýa SubhanAlla.
Şer işden daşlykda edeýin sogap,
Kem etme imanym Ýa SubhnAlla.

Güýç, kuwwat ber ejizleýän halymda,
Medet berdiñ her bir çeken ahymda,
Elim gysyp nuruñ sylan çagymda,
Kem etme dilegim Ýa SubhanAlla

Sežde kylyp, derdim gider başymdan,
Islemerin baýyñ haram aşyndan,
Nesip edip Käbäñ bosagasyndan,
Kylsam namazymy Ýa SubhanAlla.

Awtory: Jemşit Hajymämmedow
1 лайков 96 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Esma
21 мар 2023, 12:33
Gowy goşgy. Berekella!
Aksary
22 мар 2023, 00:25
Başym seždä goýup edeýin togap,
Kem etme parzymy Ýa SubhanAlla.

Parzyñ kemter edilmegine ynsan balasynyñ özi gunäkär........ Möçber bar diysem ýalñyşaryn.
Garaz galamyña gayrat
Poems
Автор 22 мар 2023, 00:27
Aksary.,
Goshgylan barmy duzen ? Gorayin halypam onda gaty gowy yazyana menzeyan
Aksary
22 мар 2023, 00:51
1.Goşgy düzülmeyar,ýazylýar.
2.size halypalyk eder derejede kellede materilym yok we siz menden tälim alañyzok.diymek onda kim kimiñ elinde okasa-ha şol ŞÄGIRT okadanam HALYPA
Aksary
22 мар 2023, 21:45
Gaýtargy berip ýörmän 1nji topbakdaky 4nji setiriñ harp ýalñyşlygyny düzet