Sada söýgim...
Men söýüpdim obaň sada gyzyny,
Sada arzuwlarma taý bolar diýip,
Ýekelikde, ýalňyzlykda azaşan,
Düşnüksiz dünýäme aý bolar diýip.
Uzakdan eşdilmez sypaýy sesi,
Ak ýüze bezegdir päliniň pesi,
Pukara külbämiň mährem eýesi,
Ykbalyma berlen paý bolar diýip.
Sag başymyň amanlygy dilegi,
Wah, şu gowşak goşgularym geregi,
Ertekini söýýän näzik ýüregi,
Maňa ýaşamaga jaý bolar diýip.
Kalbymyň dar kapasada urnuşyn,
Wah nädeýin, şeýleräk meň gurluşym,
Onuň bilen bile geçen durmuşym,
Puldan däl, mähirden baý bolar diýip.
Gadyrlasyn ojagmyň nan-duzuny,
Dowam etsin meň neslimiň yzyny,
Men söýýärin obaň sada gyzyny,
Sada arzuwlarma taý bolar diýip.
Maksat Esenow.
Sada arzuwlarma taý bolar diýip,
Ýekelikde, ýalňyzlykda azaşan,
Düşnüksiz dünýäme aý bolar diýip.
Uzakdan eşdilmez sypaýy sesi,
Ak ýüze bezegdir päliniň pesi,
Pukara külbämiň mährem eýesi,
Ykbalyma berlen paý bolar diýip.
Sag başymyň amanlygy dilegi,
Wah, şu gowşak goşgularym geregi,
Ertekini söýýän näzik ýüregi,
Maňa ýaşamaga jaý bolar diýip.
Kalbymyň dar kapasada urnuşyn,
Wah nädeýin, şeýleräk meň gurluşym,
Onuň bilen bile geçen durmuşym,
Puldan däl, mähirden baý bolar diýip.
Gadyrlasyn ojagmyň nan-duzuny,
Dowam etsin meň neslimiň yzyny,
Men söýýärin obaň sada gyzyny,
Sada arzuwlarma taý bolar diýip.
Maksat Esenow.
16комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.