Gowja maslahat

Millet näme üçin köp kitap okaýaňyz?! Okamaň kitaplary. Olary ýyrtyň, ýakyň, hajathanalara ulanyp boljagyny hajathanalara ulanyň galanyny gyşda peç ýakmak, tamdyr tutaşdyrmak üçin ulanyň. Sebäbi o kitaplary ýasamak üçin giden tokaýlardaky agaçlar çapylýar. Sizem okaberseňiz ýene kitap ýasamak üçin ýene gör näçe tokaýlar ýok bolar, agaçlardan kitap üçin kagyzlary ýasarlar. Şeýdibem tebigatdaky kislorod azalar. Onsaň klimat üýtgär. Klimat üýtgesede adamyň başyna nähili howplaryň geljegi belli däl. Hemem hajathana ulanan kitaplaryňyz üçin 2 esse peýda bar. Sebäbi öndürilýän hajathana kagyzlary ekenom bolýar we öndürýän fabrikleriň önümçiligi hem azalar, şeýdibem ýene agaçlar belli bir derejede goragly saklanyp kislorod öndürerler.
Hä birem Garaşsyzlygyň altyn däneleri, şahyrlar, döredijiler, ylham gelse kagyz ýazmaň, daşa oýup ýazyň. Asyrlar geçsede pozulmaz. Sebäbi gör ana Magtymgulynyň birnäçe kitaplary ýitipdir, ýakypdyrlar. Siziňki bolsa müň ýyllyklaryň taryhy tapyndylary ýaly ýene era geçensoňam ýere gömülen bütin şäher we şäheriň däne ýalyjak zatlarynyň tapylyşy ýaly siziňkem tapylar we şol eralara çenli saklanar
5 лайков 411 просмотров
32комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
24 мар 2023, 10:32
Iki elläp, dört aýaklap...
Retro
Retro
24 мар 2023, 10:35
Köp wagtyňyzy sosialda geçiriň. Sosiallaşyň. Swilizasiýadan yzda galmaň. Dünýäniň her ýerinden habarly boluň. Pikirleriňizi ýazyň aşagyna. Awtoritet gazanyň. Realdan uzaklaşyň, mediada siz köp ýerlerden habarly bolarsyňyz.
#B.S
24 мар 2023, 10:37
Retro,
Şeýtanam saňa seredip "bäää" diýse, geçilerem "määä" diýse gerekdir!
Retro
Retro
24 мар 2023, 10:38
Ýaşaňyzda isleýşiňizçe ýaşaň. Hiç kimiň gepini çekmäň. Biri bir zat diýse armanly galmaň. Hökman 2 esse edip gaýtargy beriň. Siz bu dünýä 1 gezek gelýäňiz. Näme isleseň almany başar başarmasaň bildirmän ogurla, aldap al ýöne bildirmede isleýän zadyňy gazan. Garaz isleýşiňçe ýaşada. Sen näme my toplumyň täsirinde ýaşar ýaly, toplum saňa görä bolsun....
Retro
Retro
24 мар 2023, 10:41
Başarsaňyz adamlary gorkuzyň. Sizden gorksunlar.
#B.S
24 мар 2023, 10:43
Retro
Başarsaňyz adamlary gorkuzyň. Sizden gorksunlar.

Senden gorkýalarmy osoň?
Retro
Retro
24 мар 2023, 10:45
Indi menem biri sary köýnek geýse "sen şu köýnekde has owadan görünýäň, köýnek seni däl sen köýnegi bezeýäň" diýjek. Çişik gyz görsem "çişik" diýmän "sen süňkiň iri, sen şu durşuňa has owadan" diýjek.
Retro
Retro
24 мар 2023, 10:46
Khanture,
Men özüm barada aýdamok, maslahat berýän. Şahsy soragada jogap ýok
Retro
Retro
24 мар 2023, 10:48
Häzirlikçe şular. Şulary ýerne ýetirip başaryň, galanlaryny soň aýdaryn. Motiwasýa berer duraryn biynjalyk bolmaň :)
#B.S
24 мар 2023, 10:49
Retro,
Men gyzyklandymda şu maslahat berýän zatlaňmy edýäňmi dip, boledaý. Käbirlerä maslahat berýä. Ýöne özleri şoň köçesinede seredenoklar...
#B.S
24 мар 2023, 10:52
Retro,
Mennede bady şular ýaly, edil şularýala däl ýöne häsiýeti şular ýaly motiwasiýalar... No açmadymda...
Retro
Retro
24 мар 2023, 10:55
Khanture,
Soňky abzasy täze goşdum kellä geldide sizden gizlemäýin diýdim. Seret ana size "garaşsyzlygyň altyn dänelerem diýdim. Begeniň menden öwgüli sözler eşideniňize.
.
24 мар 2023, 12:33
Haýsy gowy adamlarka şu Retroñ teswirlerine layk basýan.
#B.S
24 мар 2023, 12:43
Menzil
Haýsy gowy adamlarka şu Retroñ teswirlerine layk basýan.

Мен элбетде
.
24 мар 2023, 12:47
Khanture
Menzil
Haýsy gowy adamlarka şu Retroñ teswirlerine layk basýan.

Мен элбетде

Birinjiñ sendigiñi bildimläý. Antimotiwasiýa diýseñ sen bara. Yone iki sany laýk bar-a.
#B.S
24 мар 2023, 12:51
Menzil,
Оны билмедим
.
24 мар 2023, 13:04
Khanture,
Senem rus srifite gecipsiñäy tüweleme.
#B.S
24 мар 2023, 13:27
Menzil,
Ай руслар блн язышмалы боля арасында.
Goklors
24 мар 2023, 18:18
Heniz plastik paketler çykmanka negözel kitaplar digit dolanyp ýene edilip ýok edildi. şoňa ýüregim gyýylýar.
Goklors
24 мар 2023, 18:19
çigit*
Goklors
24 мар 2023, 18:22
temany doly okamadym welin okuwçylar ýagny çagalarymyz kagyz okuw kitaplarny okap bilim almasynmy? kagyz
Öwreniji
24 мар 2023, 19:01
Şuwagt ýazgylaryñy okap, Islenen Etrabynyñ Islenen Geñeşliginiñ, Islenen köçesinden geçip barýan Bir däliniñ öz samramasy ýaly gördüm. Dimitri Komorow ýaponýa baranda Seniñ ýaly Tebigaty söýýäniñ ýanyna bardy. Adalaryñ birinde ýeke özi ýaşap ýören. Eşiksiz. Nämememiş Tebigy ýagdaý şeýle.(bolsada parahor ekeni, iýip içgi konserea zat miwe eltse derrew razy boldy) Senem şonuñ ýaly gaty içgin adamlardan
Retro
Retro
24 мар 2023, 23:06
Menzil
Haýsy gowy adamlarka şu Retroñ teswirlerine layk basýan.

Menzil,
Sen bloga düşünmänsiň....
Retro
Retro
24 мар 2023, 23:07
Goklors
Heniz plastik paketler çykmanka negözel kitaplar digit dolanyp ýene edilip ýok edildi. şoňa ýüregim gyýylýar.

Goklors,
Kelläňi tut bäri sypalaýyn. Ine gowy maslahat. Peýdalanyň
Retro
Retro
24 мар 2023, 23:07
Goklors
temany doly okamadym welin okuwçylar ýagny çagalarymyz kagyz okuw kitaplarny okap bilim almasynmy? kagyz

Goklors,
Blä düşünmersiňizlaý siz bu bloga
Retro
Retro
24 мар 2023, 23:09
Remezan
Şuwagt ýazgylaryñy okap, Islenen Etrabynyñ Islenen Geñeşliginiñ, Islenen köçesinden geçip barýan Bir däliniñ öz samramasy ýaly gördüm. Dimitri Komorow ýaponýa baranda Seniñ ýaly Tebigaty söýýäniñ ýanyna bardy. Adalaryñ birinde ýeke özi ýaşap ýören. Eşiksiz. Nämememiş Tebigy ýagdaý şeýle.(bolsada parahor ekeni, iýip içgi konserea zat miwe eltse derrew razy boldy) Senem şonuñ ýaly gaty içgin adamlardan

Remezan,
Senem düşünmänsiň bu bloga.
Retro
Retro
24 мар 2023, 23:09
Ohow adamlar bu blog ýaňsylama. Başyňyz aýlanmasy galman geçjek siziň....
RelaX
25 мар 2023, 01:14
Gowy pikir bumaga zawotlara peyda getirelin agaclar capylmaz yaly
Edepli Gödek
25 мар 2023, 03:48
Men düşündim bu bloga ☝️.
Düşünenim üçin dislike basýan. Düşünmedik bolamda like basjakdym?
Awtor neme diýjek bolýalaý men hemmäňizdenem köp okaýan diýjek bolýa.
Гость
25 мар 2023, 07:41
))))


Nememi, ooo elektronny kitaplary okasak bo:rmy?