Galaşlaryma teklip

Galamdaşlarmy teklip

Salam galamdaşlar! Gowymy ýagdaýlaryňyz? Her gün işleriň daşyndan bir zatlar ýazýak bolup, bir zatlar öwrenjek bolup kelläni agyrdyp ýörsüňizmi :) Onda menem kän kelläni agyrtman esasy gürrüňe geçeýin.

Aralarda "Google play market"-de aýlanyp ýörkäp gaty gowy bir zada gözüm düşdi. Onam derrew telefonyma ýükläp aldym . Ol programmanyň ady "Poeziýa" . Bu programmada häzirki zaman türkmen şahyrlarynyň goşgylary goýulypdyr we henizem goşgy goýulşyk dowam edýär . Bu programmanyň maksady häzirki döwürde ýaşaýan ýazyjy-şahyrlaryň eserlerini bir ýere jemlemek. Ýöne bu köpümiziň bilşimiz ýaly juda kyn iş . Çünki häzirki döwürde ýaşaýan hemme şahyrlaryň goşgylaryny çöpläp çykmak mümkin däl. Şonuň üçin meniň özümä 23 sanyjak goşgylarmy ugradyp programmada goýmagyny haýyş etdim. Sebäbi esasy maksat hemme goşgylarymy goýmak dälde , özüňi azajygam bolsa ile tanatmak. Eger siz hem öz eserleriňizi şol programmada goýdurmak isleseňiz şol "Poeziýa" atly programmada , programmany döredenleriň tel nomyry bar. Menem düýn habarlaşyp goýdurjak bolýan. Ýöne bir aý töweregi garaşmaly bolar diýdi sebäbi halypa şahyrlarymyzyňam eserleriniň üstünde işleýän ekenler. Olara kemsiz düşünýän eger şol mesele boýunça kömek gerek bolsa aýdaý kömek ederin diýdim. Programmada eserleriňi goýdurmak üçin gysgaça terjimehalyňy,bir suratyňy we azajygam bolsa ýazan eserleriňi ugratmaly.

Hormatly galamdaşlar! Eger siz hem şu meselede menlik kömek gerek bolsa arkaýyn habarlaşaýyň

+ 99365228952

Ilki programmany görüň soň özüňiz karar beriň . Ýüklemek üçin aşakdaky salga giräý.

https://play.google.com/store/apps/details?id=com.izigroup.poem
2 лайков 175 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Yusup
27 мар 2023, 22:10
Oz ozuni halka tanatmaly dal. Talandyn bolsa halkyn ozi tapyp okar goshgularyny. Bardaki maksat Edebiyaty osdurmek dal ozlerini reklama edip pul ishlemek. Sho poeziyadaky shahyrlaryn kopusi Imoda druzya druzeyde ozlerini reklama edip her bendini 5 10 manada duzup yoren sahyrsumaklar
Gerceknazar
Автор 27 мар 2023, 23:05
Seksopotolog..........,
Halka tanatmasaň halk seni nädip tanasyn, onuň ýazan goşgylaryny nädip okasyn? Mysal üçin sen maňa Gerçeknazar Amannazarowyň (ýagny meniň) "Öwünme" atly goşgymy tapyp berdä. Tapyp bilmeýäň . Sebäbi ol goşgymy ile tanatmadym . Edil şonuň ýaly köpleriň heniz tanadylmadyk eserleri diňe kagyzyň ýüzünde çüýräp galdylar. Hemmeleriň pikiri özüni rekmalama edip pul işlemek däl. Hudaýa şükür gowy işim bar zadym bar . Siziň 5-10 manadyňa zar däl men . Heý sen ömrüňde goşgy ýazjak bolup kelle agyrtdyňmy ? Gowy eser döretmegiň nähili kelle agyry kyn işdigine düşünýäňmi ? Onda öz ýazan eserleriňi görkez . Bizem at dakaly.
Yusup
27 мар 2023, 23:45
Gerceknazar,

menin halka tanalmak pikirim yok. kelleagyryly zat bolsa eser doretmek agyrtma. Agyrtdynmy aytma
Perhat Sabirovv
28 мар 2023, 00:15
Bäh
Venus
28 мар 2023, 01:17
Goşgularyň gowy bolsa, özleräm idär, tapar.
Men-ä şo ýerde goşgy diýip aýdarlyk üýtgeşik üýşüp ýatan zat görmedim. Zrýa çykarypdyrlar. Iň bir janyňy ýakyjy zadam "XXI asyr şahyrlary" diýip goýupdyrlar. Haýsy kelle bilenkä?!
Aksary
28 мар 2023, 13:16
Venus23
Goşgularyň gowy bolsa, özleräm idär, tapar.
Men-ä şo ýerde goşgy diýip aýdarlyk üýtgeşik üýşüp ýatan zat görmedim. Zrýa çykarypdyrlar. Iň bir janyňy ýakyjy zadam "XXI asyr şahyrlary" diýip goýupdyrlar. Haýsy kelle bilenkä?!


Calaja diri setirler bar eken
Mümkin
28 мар 2023, 18:03
Edil şol sanawda-ha görünmek islemezdim ))