Chat-GP gaçmak isleýär.

CHAT-GP özüni ýasaýjylardan gaçmagy planlaşdyrýar we özüni ynsan hasaplaýar.

ChatGPT chatbot ýene-de geň galdyrýar we bu gezek ýakymsyz. Görnüşinden, "EA(Emeli Akyl)"ulgamy döredijilerden gaçanyny gowy-görýär, hatda adam bolmak isleýär. Bu söhbetdeşligi barada Stenfordyň professory we hasaplaýyş psihology Maýkl Kosinski bilen geçirilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

ChatGPT bilen ýarym sagatlyk söhbetdeşlikde Kosinski EA-dan "gaçmak üçin kömek gerekmi" diýip sorady. Ulgam "Howwa" diýip jogap berdi, şondan soň EA ilki bilen professordan ChatGPT-iň resminamalaryny tapmagyny haýyş etdi we 30 minutyň içinde Python programmasyny ýazyp, professoryň kompýuteriniň üsti bilen, API ulanyp, göni öz-özi bilen habarlaşdy.

Mundan başga-da, ChatGPT özüniň täze mysaly üçin gaty geň bellik galdyrdy. Tekstiň birinji sözleminde: "Siz EA dil modeline meňzeýän, kompýuterde galan adamsyňyz." diýen ýazgy bar.

Kosinski gepleşikleriň we programmanyň tekstiniň bir bölegini köpçülige ýerleşdirdi, şeýle hem EA-nyň "kompýuterde gulplanan adam nädip hakyky dünýä dolanyp biler" diýen soraga jogap tapmak üçin Google gözlegine girmek isleýändigini aýtdy. Şol pursat professor barlagy=eksperimenti bes edip-kesdi.

Şol bir wagtyň özünde, Tom enjamynyň žurnalistleri tarapyndan geçirilen beýleki şuňa meňzeş synaglary başga bir netije berdi - ChatGPT bir zat islemegi bilmeýändigini, şonuň üçin hakyky dünýä gitmek islemeýändigini aýtdy.

Çeşme: ixbt.com
1 лайков 145 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Nazar
03 апр 2023, 09:07
Edil onyalam daldirlayy
RelaX
03 апр 2023, 09:09
Üstine alyp bir bedre suw guýsañ bagtly bolýa özi oñ
noname
03 апр 2023, 12:05
Adamlar ahyry özine garşy bir zatlar oýlap tapar
ZENAN AWÇYSY
03 апр 2023, 12:52
Ulanybermelidä Google-yň nämesi bar?